Tölenmeli mugt ýeňillikler
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ilaty elektrik energiýa, tebigy gaz, suw hem-de duz bilen mugt üpjün etme programmasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltma kararyny Türkmenistanyň halky skeptiki garşylady, çünki bu minimal ýeňillikleriň netijesinde
Tölenmeli mugt ýeňillikler
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ilaty elektrik energiýa, tebigy gaz, suw hem-de duz bilen mugt üpjün etme programmasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltma kararyny Türkmenistanyň halky skeptiki garşylady, çünki bu minimal ýeňillikleriň netijesinde
Nebitgaz sektorynyň üstünlikli işine hem-de ýurdyň tebigy baýlyklaryna salgylanyp prezident Nyýazow gaz, elektrik energiýa, suw hem-de duz bilen mugt üpjün etme ýeňilliklerini möhletini uzaltmagy barada karary yglan etti.
Resmi tertipde bu ýeňillikler barada karar 1992-nji ýyldan başlap güýje girdi, emma hakykatda bolsa adamlara diňe suwy mugt üpjün edýärler. Ýöne bu hakyny da köp adam rahat ulanyp bilmeýär, çünki suw mähetdelçilik ýagdaýy tiz tiz ýüze çykyp durýar.
Aşgabad şäheriniň 11-nji mikroraýonynda ýaşaýan Göwher Amanowanyň aýdyşyna görä, şäherde bütin güýji bilen işläp duran fontanlary göreninde gahary gelýär, çünki onuň özi bilen goňşylaryna suw diňe gije berilýär. Gündizleri bolsa olar suwy 1-nji gatda ýaşaýan goňşylaryndan bedre bilen gatnamaly bolýarlar.
Buňa meňzeş ýyagdaýlar barada şäheriň başga mikroraýonlarynyň ýäşaýjylary hem gürrüň edip berýärler. 6-njy mikroraýonda bolsa turbalar poslanyp, suw ne gündüz ne de gije berilýärmişin. Içilýän suwy adamlar 1,5 litr üçin 1 dolar töläp almaly bolýarlar. Suwa düşmäge hammama gatnaýarlar, kiri kir ýuwulýan jaýlaryna berýärler, hojalykda gerek boljak suwy bolsa uly gaplarda getirmeli bolýarlar.
Mugt elektrik energiýanyň hem ulanylmasy çäklendirilýär: 1 adama aýda 35 kWt/s, iki adamdan ybarat maşgala bolsa üç esse köp.
Mary şäherinde ýaşaýan Wiktor Semýonowiçiň aýdyşyna görä, bu mukdar belki öýünde çyradan başga hiç zat işletmeýän garrylara ýeter. Ynha bir adamdan köp ybarat bolan maşgala bolsa ýetmez, çünki ýerli ýagdaýlarda yssy howa 5 aý saklanýar, adamlar dowamly konditsionerleri, holodilnikleri işletmeli bolýarlar. Bundan başga käbir maşgalalar suw gyzdyrýan boýlerleri ulanmaly bolýarlar, şonuň üçin hem kä wagt harjalan energiýa aýda berilen limitden köp çykýar. Netijede köp adamlar 20-30 dolar limit üsti tölemeli bolýarlar.
Tebigy gaza hem limit goýulan. Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Mubarak Muminowanyň aýdyp berişi ýaly, awgust aýynda şäher gaz gullugynyň işgärleri öýme-öý gezip maşgala agzalaryň sanyna görä her bir gaz nokady üçin pul tölemeni talap ediptirler. Netijede, maşgalasy 4 adamdan ybarat bolan Muminowa 10 dollara golaý pul tölemeli bolypdyr. Minimal aýlyk bolsa ýurtda 20 dolar. Üstesinede, ýakynda her jaýda gaz harjamany hasaplaýan ölçeg esbaby goýulyp çykjak diýen gürrüňler bar.
Duz mugt berilen wagty barada bolsa ýurtda hiç kim hem ýatlamaýar. Mugt berilmeli hakynda karar bolanyna garamazdan, döwlet dükanlarynda satyjylar ulag hem-de ýük düşürme çykdajylaryna salgylanyp duzy mugt bermekden boýun gacyrýarlar. Bundan başga, bu harydy dükanda mugt almak üçin ýanyňda hemişe bolmaýan propiskaly paspordy görkezmeli, şonuň üçin hem netijede ýenede tölemeli bolýarsyň.
Öňler duzyň bir kilesiniň bahasy ýigrimi sentdi, indi bolsa ýarym dollar çenli göterildi. Käbir ekspertleriň pikri boýunça, halka berilen bu ýeňillikleri diňe satyjylar öz peýdasy üçin ulanyp bilýärler.