Türkmenistanyň geljegine pessimizm bilen seredilýär

Türkmenistanyň geljegine pessimizm bilen seredilýär

Türkmenistandaky we onuň daşyndaky türkmen synçylary, öz ýurduna halkara adam hukuklary guramalary tarapyndan berilýän pes bahanyň ýerliklidigini aýdýarlar.

Özüniň soňky ýyllyk hasabatynda, Nýu-Ýorkda ýerleşýän 'Human Rights Watch' (Hýuman Raýts Wotç) ýene-de bir gezek Türkmenistany,bu ýurduň pikir we dini azatlyklara garşy ulanýan elhenç kontrollygy üçin we adam hukuklaryny goraýjylary gysýandygy üçin,dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň toparynda goýdy. BMG-nyň adam gynamalary baradaky komiteti hem Türkmenistandaky tussaglaryň saklanylýan ýerlerinde fiziki gynamalaryň giňden ulanylmagyna uly aladalanma bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geleninde ol has liberal sistemany döretmäge taýýar ýaly bolup göründi, emma bu umytlar başa barmady.

Berdimuhammedow 12-nji fewraldaky saýlawlara utjagy gümansyz bolan kandidat hökmünde barýan wagty, Türkmenistanly gazet žurnalisti netijesi öňünden belli bolan by saýlawlar bilen hatda hiç kimiň gyzyklanmaýandygyny aýtdy.

“Bu spektakly oýnamak nämä gerek?” diýip ol sorady. “Umumy ýagdaý üýtgemän galýar.”

Niderlandlarda ýerleşýän, daşary ýurtdaky Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow saýlawlaryň ýurtda bäş ýylda näçe zadyň üýtgemän galandygyny görkezýän wajyp bellikdigini aýtdy.

“Adamlara durmuşyň dürli sferalarynda alternatiw saýlawlary bermek wajyp zat. …Bizde bar maglumatlara görä, edil Human Rights Watch-yň aýdyşy ýaly, bu ugurda hiç zat amala aşyrylmandyr” diýip ol aýtdy. “Häkimiýetleriň progres hökmünde görkezýän zatlary ýöne komediýä. Biziň bar görýän zadymyz kosmetiki üýtgeşmeler bolup, olar diňe režimi has oňadrak edip görkezmek üçin edilýär.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Frontline Updates
Support local journalists