Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistandaky Kiber-Senzura

By
  • Türkmen adam hukuklary aktiwisti Wýaçeslaw Mamedow.(Foto: IWPR)
    Türkmen adam hukuklary aktiwisti Wýaçeslaw Mamedow.(Foto: IWPR)

 

Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sanynyň az bolmagy häkimiýetlere internet maglumat akymyna gözegçilik we kontrollyk etmegi aňsatlaşdyrýär diýip izolýasiýada saklanýan ýurt bolan Türkmenistandaky internediň howpsyzlygy boýunça ekspert aýdýar.

Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda internet akymy gaty uly we çylşyrymly bolup, hökümetler indi çylşyrymly filterleri we kiber-hüjümleri ulanmaly bolýarlar. Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedowyň aýtmagyna görä, diňe ilatyň 1,5%-i internet ulanýan ýurdy bolanTürkmenistanda bolsa senzurany saklamak üçin pes derejeli ukyplaram ýeterlik.

Hökümediň jemgyýet üçin internede ýol açanyna entek dört ýylam bolanok.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi:Türkmenistanda internet senzurasy nähili amala aşyrylýar?

Wýaçeslaw Mamedow:Türkmenistanda bu gaty ýönekeý. [Ýeke-täk] döwlet tarapyndan dolandyrylýän prowaýder bolan Türkmentelekoma gowy görülmeýän adamlaryň spisogy berilýär, hem-de olaryň içinde internet ulanýany bar bolsa onda telekom olaryň IP adreslerini Milli Howpsyzlyk Ministrligine geçirýär. Ministrlik soňra olaryň internet ulanyşyna kontrollyk edýär. Türkmentelekom bu kontrollyjgy amala aşyrmaga kömek edýär.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi:Türkmen gizlin gulluklarynyň öz kompýuter işgärleriniň derejesini ýokarlandyrýandygy barada gürrüňler bar. Bu senzuraçylary we hakerleri nirede okadýarlar?

Mamedow:Türkmenistanda IT ekspertler gaty ýetmezçilik edýär. Özi öwrenenleriň köpüsi ýurtdan gaçyp gitdiler, sebäbi beýle ukyplary bolup ony hem döwlete hyzmat etmäge ulanmasalar onda olar kyn güne düşüp bilerler.

Gizlin gulluklar hakerleri özleri taýýarlanoklar. Olar iň ukyply, başga guramalar we edaralar üçin işleýän [IT] spesialistleri işe alýarlar. Beýle spesialistleriň spisogy gizlin gulluklarda bar. Biziň çeşmelerimiziň birnäçe gezek habar bermegine görä, häkimiýetler şeýle hem spesialistleri Ukrainadan hakyna tutýarlar.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi:Informasiýany bloklamak üçin türkmen senzuraçylary nähili metodlar ulanýarlar?

Mamedow:Iň ýönekeý metodlary ulanýarlar - internet sahypalaryň IP adreslerini bloklaýarlar. Beýle internet sahypalaryň sanawy tükeniksiz - Günbatarda taýýarlanylýan ýa-da garaşsyz tazelikler sahypalarynyň hemmesi diýen ýaly, internet forumlar we sosial setler.

Şeýlelik bilen daşky dünýa bilen baglanyşyk doly kesilýär.

Türkmenistanly internet ulanyjylar bu saýtlara girmek üçin proksi serwerleri peýdalanyp bilýärler, emma olary ulansalaram internediň tizliginiň gaty pes bolmagy olara sahypalary açmaga ýol bermeýär.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Haçanda geçen tomusda Abadan şäherinde ýarag skladlary ýarylanda ol baradaky habarlar internede gaty tiz ýetdi. (Goşmaça maglumat üçin: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.) Adamlar izolýasiýadan çykmagy we daşky dünýä bilen habarlaşmagy başarýan ýaly bolup göründi. Bu uýtgeşmeleriň alamatymy?

Mamedow:Men onuň şeýle bolmagyny isleýän, ýöne hakykat ýüzünde ol ýerde hiç-hili üýtgeşiklik bolanok. Diňe mobil interneti ulanýanlaryň sany artdy diýäýmeseň.

Informasiýa elýeterliliginiň kynçylyklary Türkmenistanda her bir adama täsir edýär. Başga bir ölçegde ýaşamak, bu güýç bilen goýlan izolýasiýa hemişelik çydamak mümkin däl. Adamlar daşky dünýäden doly üzňelikde, olar tehnologiki we medeni ösüşlerden habarsyz, garaşsyz informasiýa alyp, hem-de ýurtdan giden dostlary we garyndaşlary bilen ýerlikleri habarlaşyp bilenoklar.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Haçan-da Türkmen aktiwistleri informasiýa elýeterligi baradaky meseläni halkara derejesinde gozganlarynda, olar nähili reaksiýany görýärler? Daşky basyşlar situasiýany gowulandyrmaga kömek edermi?

Mamedow:Türkmenistanda bolup geçýän zalardan halkara jemgyýetçiligi habarsyzdyr diýip pikir etmek samsyklyk bolar. Hakykatda bu situasiýa gözegçilik edilýär we ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýewropa Birleşigi we Birleşen Milletler Guramasy bu barada uly aladalanma bildirýärler, hem-de biz [emigrasiýadaky Türkmen aktiwistleri] bu meseläni Brýusseldäki martda bolan ýygnakda we Ženewada iýulda bolan ýygnakda gozgadyk.

Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistandaky situasiýa aladaly seredýär, emma häzirki wagtda [prezident Gurbanguly] Berdimuhammedowyň eden-etdiligine täsir etmäge degerli ryçaglar ýok. Belki täsir etmäge uly bir islegem ýokdyr, sebäbi adamazadyň öňünde duran global problemalar häzir gaty köp. Dünýä has pragmatiki we siniki ýere öwrülýär, şonuň üçin Türkmenistandaky problemalary çözmäge kesgitli hereketlere garaşmaga umyt az.

Interwýuny geçiren: Yuliýa Gorýaýnowa - Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň Bişkekdäki redaktory.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.