Türkmenistanda Yzy-üzülmeýän Baýramçylyk

Türkmenistanda Yzy-üzülmeýän Baýramçylyk

Students in Turkmen national costume wait for their turn to perform at one of the many state-organised celebrations.(Photo: IWPR)
Students in Turkmen national costume wait for their turn to perform at one of the many state-organised celebrations.(Photo: IWPR)
Concert held to mark how well things are going in Turkmenistan. The poster shows the increasingly ubiquitous President Gurbanguly Berdymuhammedov. (Photo: IWPR)
Concert held to mark how well things are going in Turkmenistan. The poster shows the increasingly ubiquitous President Gurbanguly Berdymuhammedov. (Photo: IWPR)

Merkezi Aziýa döwleti Türkmenistanda baýramçylyklaryň sany şeýle bir köp welin, bir bäýramçylyk belleýiş gutarmanka indiki başlanýan ýaly bolup görünýär. Baýramçylyklaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedow dabaraly stilde ýurda aýlanýar we her ýerde konferensiýalarydyr ýa sergileri açýar.

Mysal üçin döwlet tarapyndan dolandyrylýän gazet şu aýda geçirilmeli 49 sany festiwallaryň we köpçülikleýin çäreleriň spisogyny çap etdi. Mundan öň iýul we awgust aýlarynda 100 sany baýramçylyk belleýiş boldy.

Bu Berdimuhammedowyň daşynda gurulýän şahsyýet kultynyň bir bölegi bolup durýar. Bu ondan öňki Saparmyrat Nyýazowyň daşynda ägälik bilen gurnalan ýaranjaňlyga meňzeş bolup görünýär.

Ýurduň günbatar böleginde işleýän türkmen dili mugallymy çynlakaý muşdaga meňzeýär:

"Prezident Berdimuhammedow biziň döwrümiziň beýik döwlet işgäri we syýasatçysy. Ol birnäçe ugurlaryň professory, akademik, karate boýunça altynjy danyň eýesi, haly, türkmen atlary we derman otlar baradaky birnäçe kitabyň awtory, hem-de ol Arkadag, ýagny resmi taýdan bellenen millet baştutany" diýip mugallym aýtdy."Türkmen halkynyň öwmäge we guwanmaga mynasyp adamy bar."

Ýöne hemmeler beýle bir guwançly däl - aýratynam çärelerde begençli adamlar toplumyny döretmäge saýlanan adamlar. Döwlet işlerinde işleýänlerden başlap, studentlere we mekdep okuwçylaryna hem-de goşun gullukçylaryna çenli hemmeler bu çärelere hökman gatnaşmaly.

Mysal üçin iýul aýynda, paýtagt Aşgabatdan bolan 500 sany doktor we şepagat uýalary Balkan welaýatyndaky Mollagarada açylýan täze saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ugradyldy.

"Hökümet ilkibaşda 1 000 sany saglyk işgärini ibermegi buýurdy, ýene biz diňe onuň ýarysyny ugratmagy başardyk" diýip Aşgabatdaky gazetiň habarçysy aýtdy. "Olar halkyň saglygy barada ýadawsyz alada edýän Arkadagy wasp edýän çykyşlary diňläp, hem-de plastiki gülleri we şarlary galgadyp ol ýerde 5 sagatlap durmaly boldular.”

Paýtagtly bilim işgäri bu çäreleriň gaty ýadadýan we işden goýýan zatlardygyny aýtdy.

"Sentýabryň birinji 20 gününde meni öz işimden 13 gezek aldylar we köp sagada çekýän bu ýürege-düşgünç şadyýanlyklara gatnaşdyrdylar" diýip ol aýtdy.

Ol paýtagtyň eteginde ýerleşýän Gökdepe etrabyndaky mekdepde bilim ministrligi tarapyndan gurnalan bir çäräni beýan etdi. Ol konferensiýa "Malikguly Berdimuhammedowyň oglunyň ynsaply durmuşy - watanyň wepaly ogly" diýlip atlandyrlypdyr we başga söz bilen aýdanyňda prezidente bagyşlanypdyr.

"Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan ähli bilim wekilleri mekdebe toplanyldy we olara biziň Arkadagymyzyň kakasyny wasp edýän ähli öwgüler diňledildi" diýip ol aýtdy.

Hökümet görkezmesi ähli raýatlary "dynç güni çäreleri" diýlip atlandyrylýan wakalara gatnaşmaga çägyrýär. Ol çäreler sport ýaryşlaryndan, at çapyşyklardan, hem-de adatça Ýekşenbe güni bellenilýän energiýa işgärleriniň, haly dokmaçylaryň, suw işgärleriniň güni we ş.m professional baýramçylyklardan ybarat.

Boş wagtyny beýle çärelere bermäge mejbur edilmekden ýadan adamlar mundan gaçmak üçin bahana tapmaga ýüz urýärlar.

Aşgabatdaky poliklinikalaryň birindäki maşgala lukmany hepdäniň soňuna ýakyn keselligi barada sprawka almaga ýa býulluten açdyrmaga gelýän adamlaryň sanynyň artýandygyny beýan etdi.

"Käbir adamlar kesel bahanasy bilen birnäçe sagatlap bu çärelerde durmakdan gaçmaga synayşýarlar” diýip ol aýtdy. “Käbirleri bolsa öz ýolbaşçylaryna paradyr sowgat berip mundan dynýarlar.”

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists