Türkmenistanda hapa suwlarda balyk tutmak

Türkmenistanda hapa suwlarda balyk tutmak

“Bu soňky ýyllarda hasda göze ilip başlady” diýip Kaspi deňziniň kenaryndan bolan türkmen balykçysy Derýaguly aýtdy. “Suwdaky hapa nebit tegmilleriň toplumlary balyklary zäherleýän bolmaly. Balygyň mukdary azalyp barýar, bizem olarsyz oňşup bilemizok”.

62 ýaşly Derýaguly Türkmenistanyň günbatar welaýaty Balkandan bolan balykçylaryň maşgalasyndan.

Iň gowy tutup boljak balyk bekre bolup, ol Türkmenistanyň bu böleginde meşhur iýmit. Ýöne Derýaguly tutumyň azalyp barýandygyny aýdýar. “Bir wagtlar köp bolanam bolsa, bu indi ýetmezçilik edýär” diýip ol aýtdy.

Derýagulynyň deňze çykýan porty bolan Türkmenbaşynyň ýakynyndaky deňiz bölegi, ekologlaryň aýtmagyna görä, nebiti gaýtadan işleýiş zawodynyň taşlantgylary bilen we Awaza diýlip atlandyrylýan kaşaň kurort gurluşygy bilen hapalanýar.

Türkmen hökümedi muňa üns berýäne meňzeýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow balykçylygy ösdürmek baradaky planlary aýan edininde hapalanma barada aýtmadygam bolsa, ol satylýan balygyň mukdarynyňam, hiliniňem gowulanmalydygyny aýtdy.

Garaşsyz ekspertler Türkmenistanda balyk tutmagyň kemelýändigini, aýratynam işbili, hem eti üçin gymmatly bolan bekräniň sanynyň azalýandygyny belleýärler.

Öz adynyň aýan edilmegini islemedik Aşgabatly bir ekonomistiň aýtmagyna görä, resmi statistika geçen ýyl satylýan balygyň tutulyşynyň artýandygyny aýtsada, hakykatda ol pese gaçypdyr.

“Häkimiýetler balygyň mukdarynyň kemelýändiginiň gürrüňini etmezler, ýöne onuň aladasy edilip başlandy” diýip ol aýtdy.

Ýerli synçylar özleriniň bu ýagaýy düzetmek baradaky islendik hereketi goldajakdyklaryny aýdýarlar. Ýöne bu ýerde bekräniň giň ýaýran brokonýerlik usulda tutulyşy, Kaspi nebit we gaz proýektleriniň daşky sreda täsiriniň barlanylmazlygy, hem-de nebiti tankerler bilen daşamagyň howpsyzlygy barada birnäçe uly meseleler bar.

Pese gaçyş Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan bäri dowam edip gelýäne meňzeýär. Sowet döwrüniň umumy balyk kärhanalary dargadyldy we olaryň ýerine kommersiýa edaralary, hem-de brakonýerler, geldiler.

“Söwdagärler arzan maýda torlary getirdiler... we müňlerçe işsiz adamlar tutuş balyk populýasiýasyny warwarlarça ýok edip başladylar” diýip bir ýerli pensioner gynanaç bilen aýtdy.

Balygyň ýerli şertlerde köp iýilýändigine seretmezden, şu günler täze balygy satuwda, hat-da Türkmenbalygyň dükanlarynda-da, tapmak aňsat däl. Tutulýan balyk söwdagärlere satylýar we olar ony ýerli ilatyň alyp bilmejek bahasynda bazarda ýerleýärler.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists