Türkmenistanda bilimsiz galan gyzlaryň sany köpelip barýar

Türkmen gyzlaryň bilim derejisiniň peselmeginiň birnäçe sebäbi bar. Ykdysady sebäbi, ýagny ene-atalaryň çagalaryny okatmana maddy mümkinçilikleri bolmadygy üçin, hem de sotsial, ýagny maşgalalar çagalaryna traditsion terbiýe bermeklerini islandigi sebäbi.

Türkmenistanda bilimsiz galan gyzlaryň sany köpelip barýar

Türkmen gyzlaryň bilim derejisiniň peselmeginiň birnäçe sebäbi bar. Ykdysady sebäbi, ýagny ene-atalaryň çagalaryny okatmana maddy mümkinçilikleri bolmadygy üçin, hem de sotsial, ýagny maşgalalar çagalaryna traditsion terbiýe bermeklerini islandigi sebäbi.

Monday, 24 July, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Soňky 5 ýylyň içinde gyzlaryň mekdebe gatnamaýan ýagdaýlarynyň sany gaty köpeldi. UNICEF bilen UNESCO guramalaryň Türkmenistandaky geçiren soragynyň netijesinde gyzlaryň okuwa gatnaşmazlygyň problemasy hakykatda resmi statistikanyň görkezijisinden ähmiýetli bolany ýüze çykdy. Gyzlaryň okuwa gatnamagynyň derejesine bir topar faktor täsir etdi.



Ýerli ekspertler bu ýagdaýy her hili düşündürýärler. Birileri bu diňe ykdysady faktor, ýagny ilatyň maddy hal-ýagdaýy sebäp bolýar diýärler. Garyplyk bilen çagalar zähmetiniň derejesiniň ösüşi, mekdepleriň ýolbaşçylary infrastrukturany saklamak üçin girizen resmi hem-de resmi däl tölemeler – bu faktorlaryň hemmesiniň täsiri bar.



Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaşaýjysy Didar Kurbanow, gyzyny mekdebe berjekdäldiginiň sebäbini şeýle düşündirdi. Didaryň 5 çagasy bar: 2 gyzy hem-de üç ogly. Gyzlarynyň ikisi hem okuwa gatnamaýar. Didaryň aýdyşyna görä, çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün etmek üçin onuň maddy mümkinçiligi yok.



Didaryň pikri boýunça, Türkmenistanda bilim diňe resmi suratda mugt. Mekdeplerde hemişelik pul ýygnamaklyklar hiç gutarmaýar. Mekdepleriň ýolbaşçylary bu pul ýygnamaklyklary mekdebiň remondy hem-de mekdebiň daşyndaky territoriyany abadanlaşdyrmak zerurlygy bilen düşündirýärler. Didaryň aýdyşy ýaly, çagany mekdebe bermeseň gowy, çünki soňra onun her günki maddy talaplaryna puly nirden alsam ka diýip başyňy agyrtmaly bolmazsyň.



Başga ekspertleriň pikrine görä, bu ýagdaýyň diňe ykdysady däl, sotsial häsiýeti hem bar. Türkmenistan özbaşdaklygyny gazanan soň jemgyýetiň durmuşynda däp-dessurlar hem de din gymmatlyklarynyň dikedilişi bellenip geçdi. Şuňa görä, jemgyýetde aýallaryň statusy hem belli bir üýtgeşiklere duçar boldy. Indi aýal maşgala öý hojalykçy hem de ene, aýal hökmünde özleşdirýärler.



Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Jemal-ejeniň aýdyşyna görä, ol gyzyny okuwa dürli ýagdaýlar sebäbinden bermeýär. Ilki bilen, onuň aýdyşy ýaly, okuw wagty biderek sarpa etmekdir. Çünki gyzy hiç bir ýerde işlemez, 16 ýasy dolandan derew durmuşa çykararlar. Ony çagalary bilen bilelikde ýoldaşy eklär. Şonuň üçin hem ýoldaşy okasyn. Hakyky türkmen gyzyň bilmeli zatlaryny bolsa, ýagny: öý hojalygy başarmagyny, el işini oňarmagyny, çagalaryna terbiýe bermegini, ärini düşünmegini, Jemal-eje özi hem öwreder.



Ikinji bilen, Jemal-ejeniň düşündirişi ýaly, soňky döwürde bilim alan gyzlaryň gadyr-gymmaty örän pes. Gudaçylyga gelenleriň gyzyň ene-atasyna beren ilk soragy: gyzyň okadyk my okamadyk my. Bilimli gyz üçin galyňy az berýärler. Gyzyň başga ukyplylyklaryna üns berýärler: haly dokap bilýärmi, yokmy, keşdeli tahýa hem-de ýaka bejerip bilýärmi, jorap dokap bilýärmi ýokmy.



Jemal-ejeniň aýdyşyna göra, ol gyzyna diňe bagtlyk dileýär, hususy durmuşyny ýola salmagyny isleýär, bilim bolsa bunuň üçin hökman däl ekeni.



Bunuň bilen degişikli ýurtdaky şu wagtky ýagdaý sowet döwründäki ýagdaýdan tapawutlanýar. Sowet Soýuzy wagtlarynda gyzlaryň bilimliligi üstülik ýaly hasaplanýardy. Gyzlaryň ep-esli bölegi ýokary okuw jaýlaryna girýärdi.



Paýtagtyň bir mekdebiniň müdiri Toýly Meredowyň aýdyşy ýaly, şol wagtlar, gyzlaryň bilim almagy örän abraýly hasaplanýardy. Ene atalaryň köpüsi özleri gyzlarynyň universitetlere, institutlara okuwa girmeklerini talap edýärdiler. Ýokary okuw jaýalaryny gutaran soň köp gyzlar durmuşa çykmakdan işlemäge tapawut goýýardylar, kä wagtlar bolsa ikisini de başarmakda üstünlükli bolýardylar. Toýly Nazarowiçiň aýdyşyna görä, ol gutaran pedagogic institudynda toparyň ep-esli bölegini gyzlar düzýärdiler.



Gyzlaryň bugünki bilim derejesiniň ýagdaýyna din faktorlar hem täsir edýärler. Käbir dindar maşgalalarda ýetişen gyzlaryň özleri dünýewi mekdeplerde bilim almakdan boýun gaçyrýarlar. Dini düşünjeler hem de ýerli däp-dessurlar, adatlar, ene-atalaryň gyzlarynyň dünýewi mekdeplerde okamaklygyna garşy çykmagy hem ýagdaýy has erbetleşdirýärler.



Aşgabadyň bir mekdebiniň okuwçysy, dindar maşgalada ösen Aýlaryň aýtmagyna göra, ol eýam aljak bilimi nähili boljagy ýagny dünýewi mi dini mi hakynda karara geldi. Aýlaryň düşündirişi ýaly, ýalykly gezensoň oňa ýonekeý mekdebe gatnamak kyn düşýär. Deň-duşlarynyň gülmeklerinden başga, ol mugallymlardan hem hemişe gep eşidýär. Mugallymlar okuwa milli tahýalarda hem de ýörite geýimde gelmesini talyp edýärler. Ol geýim bolsa din kanunlary belleýän geýimine barabar bolmaýar.



Şonuň üçin hem Aýlar dindar mugallymynyň öýüne gatnaýar. Ol ýerde Aýlar ýaly gyzlar ýygnalýarlar, bile arabça ýazmagy öwrenýärler, mukaddes Gurhan kitabyndan suralary ýatlaýarlar. Aýlar diňe ol ýerde özüni rahat duýýar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists