Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistanda ýene bir ýolbaşçylary täzeleýiş geçirildi

By News Briefing Central Asia

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipelerinden boşatmak endik bolup giden düzgün boýunça, olary wezipä bellemek we soňra olary wezipä mynasyp däldigi ýa parahordygy, ýa-da iki sebäbede gabat gelýäni üçin aýyplap kowmak arkaly dowam edýär.

Ýanwar aýynyň 12-de, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 18 häkimi "düýpli kemçilikler" üçin işden boşatdy. Ondan iki gün öň, prezidentiň edarasynyň iş dolandyryjysy, migrasiýa gullugynyň başlygy, "Türkmenhowaýollarynyň" başlygy we balyk hojalygynyň ýolbaşçysy öz wezipelerinden boşadyldy.

Olaryň wezipelerini ýa öz kömekçileri, ýa-da beýleki döwlet işlerinden geçirilen işgärler eýelediler. Mysal üçin, prezidentiň edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine öňki wise- premýer Hojamuhammed Muhammedow bellenildi.

Öňki düzgün boýunça, täze bellenilen işgär hem uzak wagt işlemän biler. Ýolbaşçylaryň ýerini çalyşmak we däp bolşy ýaly işden boşatmak türkmen syýasy durmuşynyň bölegi hökmünde, Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň soňunda aradan çykmagy bilen onuň ýerini Berdimuhammedow eýeländen bäri hem dowam edip gelýär. Nyýzow her 6 aý töweregi wagtdan soň ýolbaşçylaryň düzümini arassalap, boşadylan ministrleri türmä basyp durýardy.

Işgärleri saýlamak öňem, häzirem, başarnyga däl-de olaryň şahsy baglanyşyklaryna, wepalylygyna, garyndaşlyk we tire-taýpa gelip çykyşyna esaslan zat. Ýöne buda işleriň dogry gitmegi üçin ýeterlik bolanok, şonuň üçinem olaryň hatarlary arassalanyp durulýar.

Nyýazow döwründe işden kowlan ýolbaşçylar köplenç ýurtdan gidýärdiler ýa-da olar göze ilmejek işlere geçýärdiler.

Berdimuhammedow hem şoňa meňzeş syýasaty dowam etdirýär we, tapawutlyrak görnüşde bolsada, öz ýakynyndakylary wagtly-wagtynda çalşyp durýar. (Goşmaça maglumat üçin: “Türkmenistanyň tireparaz lideri” http://iwpr.net/report-news/turkmenistan%E2%80%99s-clannish-leader )

2009-njy ýylda, öz göz öňünde tutan reformalaryna "düşünmegi başarmadyklary" üçin ol ministrler kabinetiň ýarysyny diýen ýaly işden boşatdy. Olaryň wezipesini eýelän täze işgärler hem soňlugyça öz gezeginde işden kowuldy.

"Öz başlygynyň wezipesini eýelän orunbasar ol wezipede köpüräk üstünlik gazanar diýip pikir etmek sadalyk bolar" diýip Aşgabatly yksadyýetçi aýtdy.

2008-nji ýylda, Berdimuhammedow professional işgärleri taýýarlamak üçin döwlet gullugy akademiýasyny açdy. Ýöne ykdysadyýetçiniň aýtmagyna görä bu okuw jaýy diňe "inisiatiwa görkezmäni başarmaýan, birmeňzeş pikirli bolan ýokardan gelen buýrugy ýerine ýetirijilerini öndürýär".

Beýleki kommentatorlar Berdimuhammedowyň öz işgärleriniň ýerlerine çalyşmagy hakykat ýüzünde iş başarýan adamlarynyň ýoklugu sebäpli diýip pikir edýärler.

"Kadrlary ýok edip durmak syýasaty professional dolandyryjylaryň doly ýok bolmagyna getirdi" diýip tejribeli döwlet işgäri aýtdy.

Ol şeýle-de orta dolandyryş derejesindäki işlere hiç-hili kwalifikasiýasyz we diňe para bermek bilen ýeten işgärlere ýygy-ýygydan gabat gelýändigini aýtdy. "Bir bölüm müdüriniň diňe sekiz ýyl mekdep bilimi bar” diýip ol aýtdy. "Ýerlikli kandidatlar ýok, şonuň üçin biz bary bilen oňuşmaly bolýarys."

"Häkimiýetlere professional başarnyklaryň ikinji plana geçirilýän işe belleýiş syýasatyndan we effektiw bolmadyk işgär saýlamakdan el çekmek gerek” diýip ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatyndan bolan synçy aýtdy.

Bütündünýä Bankynyň 2009-njy ýyldaky döwlet dolandyryşyň hili reýtingi boýunça Türkmenistan effektiw hökümet we döwlet işgärleriniň iş başarnygy boýunça spisogyň aşagyna ýakyn ýerde, diňe Demirgazyk Koreýadan, Burmadan we Eriteriýadan ýokarda ýerleşýär.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.