Türkmenistan Täze Nusgalyk Türme Gurýär

Türkmenistan Täze Nusgalyk Türme Gurýär

Türkmenistan täze aýallar türmesini gurýar, hem-de bu türme başga türmelerde ýok bolan, jeza beriş sistemasyny gowulandyrmak çärelerini göz etmek üçin ulanylyp bilner.

Bu gurluşyk türk potratçy kompaniýasy tarapyndan demirgazyk Türkmenistanda, Daşoguzyň ýakynynda ýerleşýän, öňki aýallar türmesiniň ýakynynda gurulýar.

Täze türmede kameralar korpusy, tussaglar işlär ýaly eşik fabrigi, çagalar üçin mekdep we çagalar bagy, hem-de dükan bolar.

Eger bu gürrüňler çyn bolsa, onda täze türme Daşoguzdaky 1967-nji ýylda Sowet häkimiýeti tarapyndan gurlan häzirki aýallar türmesinden has gowy bolar.

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyz Adwokatlarynyň Assosiasiýasynyň aýtmagyna görä, türme 700 tussagy saklamak üçin niýetlenen ekeni, emma häzirki wagtda 2000-den gowrak adamy, 4 adamlyk kameralarda 12 ýa 14 adam ýerleşdirmek arkaly saklaýar.

Her 10 aýal tussagyň sekizisi neşe bilen bagly jenaýatlar üçin bu ýerde saklanylýar. Şol bir wagtda bu ýerde masgara edilen hökümet wekilleriniň garyndaşlary hem saklanylýar.

Hukuk toparlary tussaglykda saklanýanlaryň yzygiderli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini we tuberkulýozyň (inçekeseliň) türmede gülläp ösýänini aýdýarlar.

Wýaçeslaw Mamedow, Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Graždan Demokratiki Soýuzynyň lideri, täze türmäniň Türkmenistanyň türme ýagdaýy boýunça gaty erbet reputasiýasyny bejermek üçin edilýän synanyşyk bolmagy mümkindigini aýdýar.

"Görnüşine göra bu türme türkmen jeza beriş sistemasyny görkezmek üçin nusgalyk ýer bolar – bu ýerde halkara barlaglar geçirilmäge rugsat berlip bilner" diýip Mamedow aýtdy. "Daşarky dünýä üçin ýapyk bolan we adam gynamalar we rehimsizlik bilen häsiýetlendirilýän türme sistemasyndaky tertipsizlikler üçin halkara jemgyýeti häkimiýetleri köpden bäri tankytlap gelýär."

Türkmenistan islendik standart boýunça seredeniňde-de köp adamy türmede saklaýar: ilatyň her 100 000-inden 550 adam türmede. Bu san, mysal üçin, Gyrgyzystandakydan iki esse ýokary.

Anonim ýagdaýda biz bilen gürrüň eden Türkmenistandaky polisiýa ofiseri şeýle diýdi:

"Ýer ýetmezçiligi biziň jeza beriş edaralarymyzyň saklamalysyndan 250 prosent köp tussagy saklamagyna getirýär. Bu keseliň ýaýramagyna getirýär. Şonuň üçin, ýurt üçin öz türme-lager gurluşuklaryny täzelemek prioritetleriň biri bolmaly".

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Rule of law
Frontline Updates
Support local journalists