Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistan: Syýasy tussagyň boşadylmagy köpçülikleýin günä geçiçlige ynam döredenok

By
Muhametguly Aýmyradowyň jezasyny çekmek boýunça wagtynyň dolmagy sebäpli boşadylmagy başga syýasy tussaglaryň günä geçiçligine amala aşyrmaz.



2009-njy ýylyň maý aýynyň 7-ne KHBS Hýuman raýts wotç (Human Rights Watch) halkara guramasynyna esaslanyp belli syýasy tussag Muhametguly Aýmyradowyň türkmen türmeden boşadylandygy barada habar berdiler.



1995-nji ýyldan başlap “terrorçylyga synanşmak üçin” aýyplanyp 14 ýyllyk tussagyny çekdi. 1994-nji ýylda Aýmyradow Özbegistanda ordersiz tussag edilip bikanun Türkmenistana iberildi. Human raýts wotç maglumatlaryna görä denew döwri türkmen häkimiýeti ony erbet saklap, aklawjy bilen hem görişmegi hem-de subutnamalar we şaýatlaryň görkezmeleri bilen tanyşmagy gadagan etdiler.



Aýmyradow jezasyny “Krasnowod türmesinde” berk gözegçilik düzgünli we şertleriň erbetligi bilen tanalýan Türkmenbaşy şäherinde ýerleşen ýerde çekdi.



1998-nji ýylyň dekabr aňynda ol gaçmak üçin synanşygy üçin aýyplanyp goşmaça 18 ýyllyk türme möhletine höküm edildi. Emma onuň tarapdarlarynyň grkezmelerine görä bu iş onuä türkmen disidentlary bilen bolan aragatnaşygy üçin emeli ýasaldy.



2001-nji ýylda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň umumy günä geçiçligi bilen onuň jezasynyň möhletiniň ýarysy aýryldy



Hukukgoraýjylar we synçylar Aýmyradowyň türmeden boşadylmagy garaşylýardi, sebäbi onuň jeza möhleti gutardy we onuň garyndaşlary fewral aýynda onuň tussagdan maý aýynda boşadaljakdygy barada habar aldylar diýip aýdýarlar.



Türkmen türmelerde syýasy esaslarda tussag edilenler ham galdylar, emma synçylar häkimiýetiň olaryň ykbaly bilen gyzyklanarlar diýip pikir edenoklar.



Aşgabatdaky synçy “häkimiýet eýýam birnäçe gezek bular ýaly tussaglara sowuksala garaýandygyny görkezdiler we ýagdaýyn özgerjekdigi barada hiç hili ynam ýok” diýip ol ynandyrýar.



Fridom haus (Freedom House) halkara guramasynyň hasaplamalaryna görä “Dünýade azatlyk” 2008-nji ýylda Türkmenistan ýer boýunça iň represiw döwletleriň biri bolup galýar.



Aşgabatdaky başga seljermeçi 2007-nji ýylyň awgust aýynda “Nyýazow düzgünin 11 sany tussagynyň boşadylmagy türkmen jemgyýetinde ynamly garaşmagy emele getirendigini ýatladýar.”



Onda nyýazow hökümetiň iki sany wise-premýer ministrlary Ýolly Gurbanow we Dörtguly Aýdogdyýew we Türkmenistanyň ozalky müftisi Nasrulah ibn Ibadullah ozal watan dönüklik edenleri üçin köp ýyllyk tussaga edilenler boşadylar.



“Ýatlan ozal syýasy tussag we başgaça pikir edýan adamlaryň günäsi geçilende biz nähili gujyrlandyk”, - diýip seljermeçi aýdýar.



Tussaglaryň boşadylmagy halkara jemgyňet tarapyndan başlanan azatlyklar diýlip ykrar edildi emma hakykatda ol amala aşmady, türmelerde entäk hem syýasy tussaglar galýar.



Mysal üçin Annagurban Amanglyçew we Sapardurdy Hajyýew türkmen hukukgoraýjylar bilen aragatnaşygy bar bolan we ňarag saklanlary üçin 7 azatlykdan mahrum edilenler, ozalky syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazow 2002-2008-nji ýyllarda başga ňerlerde ňaşap Aşgabada gelende tussag edildi.



Mundan daşary 2002-nji ýylda döwlet agdarylşygyna gatnaşmagy üçin synanşan elli sany tussagyň ykbaly belli däl.



Nýu-Ýorkda ňerleşen Human raýts wotç edarasynyň işgäri Mariýa Lisisina türkmen häkimiýetiň syýasy tussaglara günä geçmeklige razy bolmaýangyklary howsala, edýar NBCA.



“Türkmen häkimiýetiň muny amala aşyrmak üçin syýasy erkiniň ýokdygyna gynanýan. Häkimiýet bular ýaly meselän bardygyny aýan etmeli we ol işlere gaýtadan seretmegi başlamaly”, - diýip aýtdy.



Emma Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgäri ýüzlerçe tussaglary aladalary “gyzyklandyranoklar”. Sebäbi olar ozalky baştutan Nyýazowyň döwründe tutyldylar, häzirki ýurt baştutany bolsa bar jogapkärçiligi öz üstüne almaga “höwesi ýok” diýip maslahat berýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy (proekti), Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbekistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)