Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistan Owganystan boýunça ABŞ bilen köpüräk hyzmatdaşlyga ymtylýar

By News Briefing Central Asia

Resmi maglumatlara görä Türkmen-Amerikan gepleşikleriniň soňky tapgyry iki-taraplaýyn söwda we energiýa meseleleri barada bolanam bolsa, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) analitikleri Owganystan barada hyzmatdaşlygyň hem gürrüňiniň edilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Owganystandaky NATO goşunlaryna ýangyç üpjün etmek we ýurtdaky awia-bazalarda Amerikan samolýotlarynyň gonmagyna ýol bermek barada ylalaşyklary taýýarlamagy ymtylýan bolmagy mümkin diýip olar aýdýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça orunbasary Robert Bleýk prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bilen 16-njy fewralda duşuşan öz ýurdunyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykdan soň Bleýk Türkmenistanyň Owganystana edýän goldawyndan Waşingtonyň “gaty razydygyny” aýtdy. Bu goldaw elektrik togyny bermegi, mekdepleri we hassahanalary bejermegi, hem-de türkmen gazyny Günorta Aziýa alyp gitjek turbaprowody öňe sürmegi öz içine alýar.

Paýtagt Aşgabatdaky kommentatoryň aýtmagyna görä, Türkmenistan ABŞ-a täsir etmäge gyzyklanma bildirýärdi, we netijede bu eýýäm şu ýyl ýurda gelýan ABŞ-nyň üçünji ýokary derejeli topary bolup durýar.

“Berdimuhammedow ABŞ-a dürli teklipler edýär ýa-da olar barada ýatladýar. Ol bu ugurda [regional] monopoliýany elde saklamak isleýär” diýip ol aýtdy.

EurasiaNet internet sahypasy ABŞ-nyň transport samolýotlarynyň 2002-nji ýyldan bäri Aşgabat aeroportyndan ýangyç guýup geçýändigini, hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Amerikan goşunlary üçin ýangyç üpjün edýändigini habar berýär.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä Türkmenistan ýangyç üpjün ediji hökmünde we öz aeroportlary agyr samolýotlar üçin ýerlikli bolany üçin ABŞ üçin wajyplyk gazanýar.

Annadurdy Hajyýew, Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysady analitigi, Aşgabat üçinem Waşington üçinem gatnaşyklary gowulandyrmagyň öz sebäpleriniň bardygyny aýdýar.

Türkmen ýolbaşçylarynyň özüniň Moskwa bilen gatnaşyklarynda ABŞ-ny agramly tarap hökmünde ulanmaga umyt edýän bolmagy mümkin. Şeýle-de bu gatnaşyklar geljeki prezident saýlawlaryna boljak kritikany azaltmaga kömek eder.

“Her tarap öz gezeginde beýleki tarapdan mümkin bolan maksimumy almaga synanyşýar” diýip ol aýtdy. “Berdimuhammedow eýýäm Günbataryň saýlawlarda ýuwaş bolmagy, ýa-da geçirimlilik etmegi barada alada edýär. Öz gezeginde Günbatar hem, özüniň ýük we ýangyç erkin tranzit ediler ýaly we bazalary döretmek ýaly şertlerini aýan eder.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.