Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistan jaýlary hususylaşdyrmagy planlaşdyrýar

By News Briefing Central Asia

Türkmen hökümediniň ýaşaýyş jaýlaryny rewolsion görnüşde hususylaşdyrmagy planlaşdyrýan wagty, ekspertler öz jaýyny döwletden satyn almak hukugy bolan ýaşaýjylary goramak boýunça çäreleri döretmäge çagyrýarlar.

Iýun aýynda Türkmenistanyň parlamenti ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga ýol berjek kanuny gözden geçirmäge başlady. Bu planyň detallary entek belli däl, ýöne häkimiýetler indiki ýyldan jaýlary satmaga başlamak isleýärler.

“Bu kanunyň birnäçe täzeçe hasiýetleri özünde saklamagy gerek bolar” diýip Aşgabatly bir adwokat aýtdy. “Ýaşaýyş jaý toplumy hakykat ýüzünde eýýäm hususylaşdyrylan zat.”

Döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususy eýeçilige satmak 1992-nji ýyldan bäri saklanylan ýagdaýynda. Ol wagt prezident Nyýazow döwlet işlerinde işleýän adamlara öz jaýlaryny satyn almaga mümkinçilik berýän hususlaşdyryş (priwatizasiýa) prosesini togtatdy. 1997-nji ýylda kabul edilen hususylaşdyryş kanuny hiç wagt işlemedi, sebäbi onuň ýanyndan gerek bolan beýleki kanunlar kabul edilmedi.

Häzirki wagtda diňe Türkmen-Rus iki graždanlygy bolan adamlar, ýa-da emigrasiýa gitmek isleýänler öz jaýlaryny döwletden satyn alyp bilýärler. Russiýa goçüp gitmegi planlaşdyrýan bir öý eýesi öz ýaşaýan dört otagly kwartirasyny satyn almak üçin 1000 amerikan dollaryny töländigini we dokumentler üçin 200 dollary töländigini aýtdy.

Köp adamlarda formal taýdan ýaşaýyş ýeri baradaky dokumentleriň bolmazlygy olara jaýlary satyn almaga rugsat almagy has-da kynlaşdyrar we olary jaýdan güýç bilen göçürmäge ýol berer. Bu köplenç jaýlary şäheri giňeltmek boýunça proýektlere gabat gelýän adamlar bilen bolup geçýär. (Bu barada goşmaça habar: Türkmenistanda seýrek jemgyýetçilik protesti.)

"Bu kwartiralary konfiskasiýa etmek gaty aňsat" diýip adwokat aýtdy. "Entek adamlaryň öz ýaşaýyş ýerlerini almak üçin suda ýüz tutup, ýeňen gezegi ýok.”

Analitikleriň pikirine görä priwatizasiýa (hususylaşdyrmak) köp sanly güýç bilen göçürmelere getirip biler. Bu adamlaryň jaý dokumentleriniň ýokdugy sebäpli, ýa-da adamalryň öz jaýyny doly satyn almaga gurbunyň ýetmezligi sebäpli bolup biler.

Aýratynam uly şäherlerde öz jaýyna eýeçilik edýän adamlaryň arasynda öz jaýa bolan hukuklaryny tassyklap biljek registrasiýa prosesini tamamlamadyklar köp. Ýaşaýyş jaý edarasynyň işgäriniň aýtmagyna görä bu adamlarda häzirki ýaşaýan jaýlarynda ýaşamaga hukuklary bar. Ýöne olarda registrasiýa dokumentleriniň ýokdugy haçan-da olar jaýy hususylaşdyrjak bolanynda kynçylyklara getirer.

Daşoguz welaýatyndan bolan kommentatoryň aýtmagyna görä täze ýaşaýyş jaý kanunlary priwatizasiýa boýunça anyk proseduralary esaslandyrmaly, hem-de öňden şol jaýda ýaşaýanlar üçin aňsatlaşdyrylan prosesi üpjün etmeli.

“Bizi jaýdan çykararlar we jaýymyzy ýumurarlar diýen gorky astynda ýaşaýarys” diýip döwlet kwartirasynda 20 ýyldan bäri ýaşaýan bir ene aýtdy. “Eger-de olar bizden jaýy biziň güýjümiz ýetmejek uly pula satyn almagy talap etseler, onda biz köçede galarys.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.