Türkmenistan BMG-nyň Adam Hukuklary gullugyna hemme zat gülala-güllük diýip hasabat berýär

Türkmenistan BMG-nyň Adam Hukuklary gullugyna hemme zat gülala-güllük diýip hasabat berýär

Only rubble is left of the house where the Guliyevs and three other refugee families used to live in Ganja. (Photo: Ulvi Telmansoy)
Only rubble is left of the house where the Guliyevs and three other refugee families used to live in Ganja. (Photo: Ulvi Telmansoy)

Türkmenistanyň hökümedi özüniň adam hukuklary baradaky edýän işlerini Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Komitetiniň öňünde aklady, hem-de žurnalistler islän zady barada ýazyp bilýärler we hemmelerde syýasy durmuşa gatnaşmak azatlygy bar diýip nygtady.

Türkmenistandaky kommentatorlar hökümediň berýän gürrüňiniň toslamadygyny we bu Merkezi Aziýa döwletiniň edil öňki ýaly repressiw bolup galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen resmi wekilleri BMG komitetiniň 15-16-njy martdaky ýygnagynda öz ýurtlarynda adam gynamagyň ýokdygyny we sudýalaryň (kazylaryň) doly garaşsyzdygyny aýtdylar.

Ýazdursun Gurbannazarowa, ýurduň Demokratiýa we Adam Hukuklary baradaky Milli Institutynyň ýolbaşçysy, mediýanyň islendik temany habar berip bilýandigini aýtdy. Daşary Işler Ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bolsa adamlaryň kem-kemden özleriniň syýasata gatnaşmak azatlygyna öwrenişýändiklerini habar berdi.

BMG komiteti hökümediň öz "uzyn we howsala salýan adam hukuklary ýasgysyny" gowulandyrmaga täze yhlasynyň bardygyny belledi, emma entegem ýurduň halkara standartlara gabat gelerden gaty uzakdadygyny aýtdy.

Özüniň soňky global hasabatynda, Nýu-Ýorkda ýerleşýän 'Human Rights Watch' (Hýuman Raýts Wotç) guramasy ýene-de bir gezek Türkmenistany dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň toparynda goýdy, hem-de döwletiň ähli çap edilýän we elektroniki mediany kontrollykda saklaýandygyny we oppozisiýa internet sahypalyryny bloklaýandygyny mälim etdi.

Döwlet gazeti bolan Neýtralny Turkmenistanda işleýän bir žurnalist IWPR-e beren gürrüňinde gazetleriň döwlet syrlary baradaky komitetden başlap redaktorlaryň özlerine çenli birnäçe guramany öz içine alýan görnüşdäki senzura bilen işlemeli bolýandygyny aýtdy.

“Biziň ähli ýazýan we habar berýän zadymyz prezidentiň edarasynyň talaplaryna laýyk bolmaly” diýip žurnalist aýtdy.

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyz Adwokatlarynyň Assosiasiýasynyň maglumatyna görä, ýurduň 18 000 töweregi ilaty daşary ýurda çykmasyz edilip gara spisoga goşulanlar.

Bu spisok prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geçenden bäri iki esse diýen ýaly uzaldyldy, hem-de häzir žurnalistleri, syýasy tussaglary, dissidentleriň garyndaşlaryny, daşary ýurda syýahat edenleriň hemmesini we gizlin gulluklaryň şübhe bildirýänleriniň barysyny öz içine alýar.

Aşgabadyň 50 ýaşly ýaşaýjysy Bekmyrat öz oglunyň nädip hiç bir esassyz Britaniýa okuwa gitmekden saklanandygyny gürrüň berdi. Resmi işgärler studenti, hiç-hili sebäp düşündirmezden, Aşgabat aeroportynda reýsed alyp galypdyrlar.

“Haçan-da biz Döwlet Migrasiýa Gullugyna, Baş Prokuratura we Milli Howpsyzlyk Ministrligine ýüz tutanymyzda, olaryň hiç birisem onuň näme üçin ýurtdan çykarylman saklanylýanyna ýerlikli düşündiriş berip bilmedi” diýip ol aýtdy.

Bekmyrat tä oglunyň wizasynyň möhleti ötýänçä döwlet guramalaryna netijesiz bolsada ýüz tutmagyny dowam edipdir.

Parižde ýerleşýän Äraçäksiz Reportýorlar (Reporters Without Borders) hukuk guramasy Türkmenistany “internediň duşmany" diýip atlandyrýar we Burma, Siriýa we Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda goýýar.

Internetworldstats.com gullugynyň habar bermegine görä Türkmenistanyň bäş million töweregi ilatynyň diňe 2.2%-ine internet elýeterli bolup, şeýle çäklendirilen ulanyş gizlin gulluklara internet akymyny (traffigini) berk gözegçilikde saklamaga ýol berýär.

Selbi, 24 ýaşly Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, özüniň Twitter, Facebook we LiveJournal ýaly sosial setlere girip bilmeýändigini aýtdy.

“Haçan-da men ol sahypalary açmaga synanyşanymda, meneiň gadagan edilen saýtlara girmäge synanyşmagymyň gizlin gulluklar tarapyndan yzarlanylýany we olaryň meni dissident diýip hasaba almagynyň doly mümkindigi belli boldy” diýip ol aýtdy.

Býudjet edaralarynyň işgärleri we studentler köplenç uly göwrümli resmi çärelere gatnaşmaga, hem-de Berdimuhammedowyň ýurdyň içinde edýän saparlarynda ony garşylamaga borçly edilýär.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Refugees
Frontline Updates
Support local journalists