Türkmenistan: bir partiýa gowy, ýöne iki partiýa has gowy

Türkmenistan: bir partiýa gowy, ýöne iki partiýa has gowy

Bir partiýaly döwletiň klassiki mysaly bolan Türkmenistan iki syýasy toparlylaryň hataryna goşulmak isleýär. Ýöne bu entek demokratiýa däl. Tankytçylar prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň köp partiýalylyk sistemasyny gyssagly öňe sürmegi munuň çynlakaý däldigini görkezýändigini aýdýarlar. 

Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzda 15-nji aprelde geçen Ýaşulylar Maslahatynda prezident parlamente bir partiýadan köp partiýa ýol berýän kanuny taýýarlamagy buýurdy. Ol kem-kemden köp partiýalylyga geçmäge wagt gelendigini aýtdy.

Türkmenistan Sowet Soýuzyndan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan bäri onuň diňe bir partiýasy bar, ol hem öňki Komunist partiýasyndan döredilen Demokratiki partiýa. Türkmenistanda häkimiýeti berýän partiýa däl-de prezident bolsada, ähli ýokary döwlet işgärleri ol partiýanyň biletli agzalary bolmaly.

1990-nji ýyllaryň başlarynda bar bolan beýleki partiýalar we hereketler birwagtlar ýapyldy we olar häzir daşary ýurtlarda ýerleşip işleýärler.

Berdimuhammedow ilkibaşda bir partiýadan köp toparlara ýol bermek ideýasyny fewral aýynda aýan etdi, hem-de ol wagt ol hatda oppozisiýa toparlarynada ýol berilmeginiň mümkindigini hem ýaňzatdy.

Onuň soňky çykyşynda ýöne bu barada gürrüň bolmady. Oňa derek ol, häzirki režime wepaly bolmak talabyna doly gabat gelýän, Daýhanlar partiýasy diýlip atlandyrylýan täze topary döretmegi doly goldady.

Ol şeýle-de partiýadan nämä garaşmalydygyny hem mälim etdi, ol döwletiň oba hojalyk syýasatlaryny düşündirer we ornaşdyrar.

Paýtagt Aşgabatdaky bir ýurist, entek onuň üçin zerur kanunçylyk kabul edilmänkä, täze partiýanyň näme üçin yglan edilýändigini sorady.

“Bu düýpli ýalňyş” diýip ol aýtdy. “Bu ýerde partiýa döretmek üçin konstitusion hukuklar bolsada, ony döretmek üçin ýerlikli mehanizmler ýok. Olar ilki kanuny kabul etmelidiler, soň bu inisiatiwany teklip etmelidiler.”

Ol: “Diňe oýnatgy partiýany gyssagly hem hiç taýýarlyksyz döredip bolar” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bolgariýada ýerleşýän türkmen disidenti Annadurdy Hajyýew bu garaýyş bilen razylaşdy.

“Bu gülkünç ýagdaý” diýip ol aýtdy. “Jemgyýetçilik entegem syýasatyň nähili we haýsy kanun bilen düzgünleşdiriljegini bilenok, emma döwlet eýýäm Daýhanlar partiýasy üçin kriteriýalary belleýär.”

Hajyýew şeýle hem näme üçin täze partiýanyň öz syýasatlaryny taýýarlamagyň ýerine döwlet syýasatyny öňe sürmelidigini soraýar.

Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebapdan bolan syýasy synçy Daýhanlar partiýasy Berdimuhammedowa wepadarlaryň aýratyn gözegçiligi astynda emele getiriler diýip çaklaýar.

“Hökümetden haçanam bolsa bir baýrak ýa sylag alan her bir daýhan muňa getirilip goşular” diýip ol aýtdy. “Beýle adamlardan düzülen partiýa hemişe prezidentiň ýoly bilen bolar.”

Demirgazykdaky Daşoguzdan bolan analitik özi üçin iş tertibi eýýäm taýýarlanylan gurama goşulmagyň adaty bir daýhany gyzyklandyrjagyna şübhe bildirýär.

Eger-de kimdir biri prezidenti öz sözünde tutup, hakykat ýüzünde garaşsyz, adaty agzalardan durýan partiýany döretmäge synanyşsa, munuň köp wagta gitmejegi bilen synçylar razylaşdyrlar.

“Berdimuhammedow ony dörän badyna ýok eder” diýip Daşoguzly analitik aýtdy. “Onuň ýaly partiýalar islenenok, hem-de olaryň hasaba alynmajagy 100%.”

Berdimuhammedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe türmede saklanyp gynalan, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan bolan belli mugallym we aktiwist Sazak Durdymyradow ýerli häkimiýetlere mundan dört aý öň partiýa döretmäge rugsat bermeklerini sorap hat ýazypdyr.

Häkimiýetler şu wagta çenli onuň haýyşyny ünssüz galdyrýarlar.

Adam hukuklary aktiwistleri köp partiýalaryň diňe Türkmenistan has liberal bolan ýagdaýynda ýüze çykyp biljegini aýdýarlar.

“Graždan jemgyýeti bolmadyk döwletde köp partiýalylyk sistemasyny döretmek mümkin däl” diýip Niderlandiýada ýerleşen Türkmen Graždan Demokratiki Birleşiginiň başlygy Wýaçeslaw Mamedow aýtdy.

“Olaryň ilkinji etmeli zady, jemgyýetiň aktiw agzalary bolan we häzir dünýäniň dürli künjüne ýaýran, syýasy gaçybatalgadakylary Türkmenistana gaýtaryp getirmeli.”

Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa ýaly käbir analitikler Berdimuhammedowyň köp partiýalylyk proýekti ilki bilen daşary ýurtlylara görkezmek üçin taýýarlanan diýip jedelleşýärler. Bu Türkmenistanda demokratiki reformalary görmek isleýän halkara jemgyýetine görkezmäge niýetlenen zat.

Aşgabatly telewideniýe žurnalisti munuň bilen razylaşýar we şeýle diýýär: “Berdimuhammedowyň öňünde bir dilemma dur: halkara jemgyýetçiligi tarapyndan edilýän talaplara gabat gelmeli, ýa-da özüniň reformator edilip görkezilýän şekilinden doly el üzmeli.”

Türkmen parlamentiniň işgäri prezidentiň hereketlerini gorady we şeýle diýdi: “Siz biziň ýagdaýy gowulandyrmaga çalyşýanymyzy göreňizokmy? Prezidentiň köne steriotipleri döwmäge özünde batyrlyk tapmagynyň özi eýýäm onuň muny etmäge berk ýapyşjagyny aňladýar.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists