Türkmenistan ýaraglanýar

Türkmenistan ýaraglanýar

Özi ýöreýän toplar 2009-njy ýylda paratdan geçýär. (Photo © IWPR)
Özi ýöreýän toplar 2009-njy ýylda paratdan geçýär. (Photo © IWPR)

1991-nji ýylda garaşsyzlyk alanyndan soň özüni bitarap döwlet hökmünde görkezmäge çalyşýan Türkmenistanyň hökümedi ýurduň özüni gorap bilmek ukyby barada gitdigiçe aladalanýana meňzeýär. Olaryň Türkmenistan Eýrana we Owganystana ýakyn bolmak bilen, durnuksyz goňşularyň ýakynynda ýerleşýär diýip aladalanýan bolmagy mümkin. 

Resmi taýdan ýaragly güýçleriň Baş Serkerdebaşysy bolup durýan prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2-nji iýulda Döwlet Howpsyzlyk Geňeşiniň ýygnagyny geçirdi.

Ýygnak Akdepe harby bazasynda geçdi we prezident ol ýerde käbir täze satyn alnan harby enjamlara hem seretdi.

Ol SU-25 we MiG-29 harby samolýotlary üçin simulýatorlary synap gördi, hem-de Türkmenistanyň uzyn serhedine gözegçilik edýän serhet goşunlary üçin niýetlenen pilotsyz samolýotlary, wertolýotlary, ulaglary we beýleki enjamlary gözden geçirdi. Tehnologiýanyň beýleki bir çetinde, oňa münülýän atlar üçin ýataklary hem görkezdiler.

Berdimuhammedow ýurt başyna geçeninden birnäçe aý soň, 2007-nji ýylyň iýunynda harby güýçleri modernizasiýalaşdyrmaga başlady.

Harby goşunlar ondan öň Sowet modeline esaslanandy, hem-de olar uly hüjümleri amala aşyrmak üçin niýetlenen awiasiýany, tanklary we artilleriýany özünde saklaýardy. Bu model özüni bitarap diýip yglan eden Türkmenistan ýaly kiçijek ýurt üçin gaty bir gabat gelenokdy.

Bitarap diýlip yglan etmegiň we regional howpsuzlyk birleşiklerinden daşda durmagyň netijesinde, Berdimuhammedow hökümet başyna geçýänçä görnükli derejede ýarag satyn alyş geçirilmedi. Şeýlelikde, bar bolan harby enjamlar has könelişdi.

“Serdarabatdaky (Mary welaýaty) bronotehnika bölüminiň diňe ondan bir tanky otlanyp we özi hereket edip bildi” diýip ýurtdaky harby gözegçi aýtdy , hem-de häkimiýetleriň häzirki zaman ýaraglary almaga ymtylyşyna dogry zat hökmünde baha berdi.

2010-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistan goşuny we floty gowulandyrmagyň bäş ýyllyk programmasyny kabul etdi.

Port şäher Türkmenbaşyda ýerleşýän Kaspi deňzindäki türkmen floty, ýer bilen gurşalan bu suw kölüniň daşyndaky ähli döwletleriň içinde iň ejizidi.

Flotda Ukrainada, Russiýada we ABŞ-da ýasalan patrul gämileri, kenara gözegçilik etmek üçin käbir katerler, hem-de goňşy eýrandan kärendesine alnan torpedo gämisi (esmines) bar.

“Häzirki zaman ýagdaýlary gaýtadan ýaraglanmagyň zerurdygyny görkezýär” diýip paýtagt Aşgabatdaky kommentator aýdýar. “Gyrgyzstandaky, Owganystandaky we Eýrandaky dartgynlylygyň potensial zonalaryna ýakynlyk, Özbegistan bilen çözülmedik meseleler (serhet babatynda), hem-de Kaspiniň Azerbeýjan bilen dawaly bölekleri, bularyň ählisi häkimiýetleriň näme üçin goşuny güýçlendirýänini düşnükli edýär.”

Beýleki synçylar täze enjamlaryň gürrüňsiz gerekligi bilen razylaşsalarda, häkimiýetleriň harby işgärleriň saýlanyşyny we taýýarlanyşyny hem üýtgetmelidiklerini aýdýarlar.

Ýerli metbugat synçysy ýerli Harby Akademiýanyň mugallymynyň özlerinde okuwy tamamlanlaryň “85%-niň” harby we howpsyzlyk gulluklarynyň işgärleriniň garyndaşlarydygyny, hem-de okuwa girmek üçin tanyşlyk we käwagtlar para ulanýandyklaryny gürrüň berendigini aýtdy.

“Olaryň hijisem öz ýurdy üçin ýa onuň prezidenti üçin öz janyny gurban etmez” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists