Türkmenbaşynyň “rekordly” hasyl üstünligi

15 awgustda Prezident Saparmurat Nyýazow, “Keýs Nýu Holland” amerikan kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasyny bilen üpjün etme barada kontrakta gol çekeninde, Türkmenistan bu ýyly ýokary hasyllylyk bilen gutaranyny, yagny 3.5 million tonn galla ýyganyny

Türkmenbaşynyň “rekordly” hasyl üstünligi

15 awgustda Prezident Saparmurat Nyýazow, “Keýs Nýu Holland” amerikan kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasyny bilen üpjün etme barada kontrakta gol çekeninde, Türkmenistan bu ýyly ýokary hasyllylyk bilen gutaranyny, yagny 3.5 million tonn galla ýyganyny

Monday, 11 December, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Bunuň ýaly döwlet zakazyny ýerine ýetirip bilmejegini bilýän welaýat häkimiýetler kemligi belli etmezlik üçin çözüm tapdylar. Olar fermerlere ýimit salgydyny saldylar.



Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Yassydep” daýhan birleşigini öz uçastogynda ösdürilen bugdaýyny hökümet hasabyna geçirmegine mejbur etdiler.



Bir daýhan birleşiginiň ýaşaýjysynyň aýtmagy ýaly, her maşgala hökümet urylaryna 100 kile bugdaý tabşyrmaly boldy.



Etrap häkimliginde işleýän anonim çeşmeden gelen habara görä, bunuň ýaly salgyt daýhan birleşigiň bütin ilatyna salyndy. Buny hakykatda tabşyrylan bugdaý bilen resmi maglumatda bellenen sanlar arasyndaky tapawydy belli etmezlik üçin edipdirler.



Onuň daşyndan, bugdaý ýygnamaklyk maglumatyna obalylaryň uçastoklarynda ösdürilen bugdaýynyň çen bilen sany berildi.



Serdarabat etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň arendatorynyň aýtmagyna görä, öz hajatlary üçin ösdürilen bugdaýdan diňe 200 kilogram ýygylýar, we täze salgyda görä ýarysyny döwlete bermeli boldylar.



Onun aýdysyna görä, döwmeden soň sol mukdardan diňe 140 kilogram un çykýar. Diýmek bäş-alty adamdan ybarat bolan maşgala gysda gaty kyn düşer.



Üstesine-de, bu salgyt fermerlerden olar daýhan birleşigiň uzak möhletli kireýine alynan meýdanynda ýygylan bugdaýy tabşyran soň hem aldylar. Öz üçastogynda bolsa olar köplenc agsam boşan wagty işleýärdiler.



Prezident belläp geçen rekord hasyly bolsa näme üçindir ilata berilýän un normasyna täsir etmedi – şäherde bir ele 4 kilogram, obada bolsa – 8 kilogram.



Analitikleriň pikri boýunça, her ýylky galla hasylyň möcberiniň artdyrmasy we galla önümçiligini oba hojalygynyň alyp baryjy pudagy etmekligi – bu Prezidentiň galla özbasdaklygyny gazanmak üçin geçirýän syýasatynyň bir bölegi.



Prezidentiň aýdyşyna görä, uzak möhletli ösüş syýasatyna görä, 2020 ýyla çenli ösdürilýän bugdaýyň möçberi 200% çenli köpeler. Bu plan agronomik senagaty heniz bu günki möçberi ýerine ýetirip bilmedigine garamazdan goýulany örän täsin. Bu mesele üçin jogapkär edaralar bolsa hemişe bugdaý oşdirip bolýan täze uçastok tapmak bilen meşgullanyarlar. Aşgabadyň Berzeňi şäherçesiniň 500 ýäsaýjysy bunuň ýaly syýasatyň gurbany boldy.



Ynha eýýäm iki aý şol şäherçede 90-jy ýyllaryň başynda bu ýerleri Türkmenbaşydan sowgat alan döredijilik soýuzlarynyn işgärleriň jaýlary ýykylyp aýrylýar. Bagçy jemgyýetiniň wekilleriniň aýdyşy ýaly, bu ýylyň Iýul aýynda kabul edilen karar boýunça bu uçastoklar Goranmaçylyk Ministligine bugdaý ösdürmäge beriler.



Berzeňi şäherçesiniň ýaşaýjylaryna bolsa hiç hili maddy kompensatsiýa berilmez. Bu ucastoklaryň ýerine olara diňe Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly şäherçesinde ýer beriler.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists