Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenbaşy şäherinde taryhy ýadygärlikleriň ýerinde harabalyk

Deňiz ýakasynda ýerleşen Prezidentiň hormatyna atlandyran Türkmenbaşy şäheriniň (öňki Krasnowodsk) häkimiýetleri köne arhitektura gurluşyklaryny ýykyp aýyrmaly diýen buýrugy berdiler, şäheriň ýaşaýjylary bolsa buny medeni gymmat baha zatlaryny weýran edil
By
Häzirki wagtda häkimiýetler 19 hem-de 20 asyrlaryň arasynda gurulan öňki Krasnowodsk şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülik ýykylmasy hakynda gizlin buýryk berdiler. Üstesine-de, buýrukda bar ýaşaýyş jaýlary ýykylmaly 11 köçäniň ady getirilen. Olaryň arasynda Naberejnaýa, Çelekenskaýa, Kuýbyşewa, Sowetskaýa hem-de başga köçeler.



Hut şol köçelerde 19-njy asyrda balyklyk käri bilen meşgullanmak üçin deňziň yakynynda ýerleşen ýomud türkmenlerin hususy jaýlary bar. Hem-de Krasnowodskyň şol köne raýonynda Kawkaz regionyndan çykan milletler, ýagny – Azerbayjan, Dagestan hem-de Ermenistandan göçüp gelen adamlar ýerleşipdirler. Olaryň zürýatlary şu wagta çenli atalary guran jaýlarda ýaşap otyrlar.



Bu jaýlaryň ýykylyp aýyrylmagy iki ýyl öň başlan hem-de netijesinde köp arhitektura ýadygärlikleri harap bolan kampaniýanyň dowamydyr. Şol wagtlar rus täjir Paşaýewyň jaýy, Kawkaz hem-de Merkuriý Söwda Jemgyýetiniň myhmanhana jaýlary, täjir Epifanowyň söwda hatarlary, şäher häkiminiň jaýy, Ofiser Maslahaty, täjir Gireýewyň jaylary ýykylyp aýyrylypdyr.



Öň bütin Sowet Soýuzynda 26 Baku komissaryň mužeýi ýaly meşhur bolan Polis Dolandyryş edarasynyň binasy hem buldozeriň astynda galdy. Ýaşyrynlykda bolan Baku bolşewistleri hut şol binanyň içinde atuwdan öň soň gejesini geçirdiler. 1993-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň dagamasyndan soň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine giren Saparmurat Niýazow baku kommisarlarynyň býustlarynyň ýykylmagy barada buýruk berdi. Indi bolsa binany hem ýykdylar.



Hususy jaýalynyň ýykylmagynyň başlangyçynda bütin şäher myş-myşlar bilen ýaşaýar, çünki şu wagta çenli häkimiýetleriň wekilleri raýatlara kimleriň jaýlary hem-de haçan ýykyljagy barada, ýok edilen jaýlar üçin beriljek tölewiň mukdary barada düşündiriş bermediler. Ýaşaýjylaryň atlary hem-de ýüzlenişleri jogapsyz galýar, milli howpsyzlyk ministrliginiň işgärleri bolsa öz oýlerini goramana gorky salan aktiw raýatlary bilen eýýäm birnäçe gürrüň geçirdiler.



Etrap häkimliginiň wekili bolsa maliýe tolewleri barada soraglara jogap bermeýär, diňe jaýlaryny ýitiren ýaşaýjylar Krasnowodskdan iki ýüz kilometrde ýerleşýän Bekdaş obasyndan jaýlar bilen üpjün ediljekleri barada maglumat berdi



Bekdaş – adamsyz galan hem-de ýarym ýumrulan obadyr, bu ýerde diňe gazak hem-de rus ilatyň göçmesi sebäbinden ulanylmana ýaramsyz idegsiz galan jaýlar bar.



Hususy jaýlaryň biriniň hojaýynyň aýtmagyna görä, pul tolewe olar umyt hem etmeýärler, çünki öňler bunuň ýaly ýagdaýda adamlar hiç zatsyz galypdyrlar. Indi adamlar ýaşamana jaýsyz galmak howp astynda galdylar. Buýrugy öz gözi bilen okanlar, otaýda tölew barada maglumat bolmadygy aýtýarlar..



Ýykylyp aýran jaýlaryň ýerinde näme guruljagy barada şäher häkimlikleri maglumat bermeýärler. Emma gep-gürrünlere görä, plan boýunça jaýlaryň ýerine ofis bilen myhmanhanalar gurular.



Ady gizli galmasyny islän Krasnowodsk häkimliginiň işgäri gürrüňde taryhyň bahasyny bilýän hemde düşünýän adamlar üçin erbet täzelikleri bolandygyny belläp geçti. Indiki etapda Türkmenistanyň iň gadymy binasy – Stoletow forty hem ýykylyp aýrylar. Bu binany 1869-njy ýylda rus goşynynyň polkownigi Nikolaý Stoletow gurupdyr, şol wagtlar söwda faktoriyi hem-de Krasnowodsk şäherini gurmak üçin harby ekspeditsiýa korpusy ýaşalmaýan deňiz kenaryna gelipdir.



Häkimiyetler şu wagt Türkmenistanyň Daşary Ykdysadyýet Bankynyň bölümi ýerleşýän Dworýan Sobraniýe binasyny hem ýykmana taýarlanýarlar. 1893-nji yylda gurulan täjir Çernýäýewe degişli bolan bina hem ýykylyp aýrylar. Bu bina, Stoletow forty ýaly, 1895-nji ýylda bolan ýer titremesini hem çydapdyr. Belki wagt geçtigiçe beýik rus arhitektory Benuanyn kömegi bilen gurulan demir ýol wokzalyň binasyny hem ýykarlar.



Ýerli adamlar häkimiýetleriň hereketlerini wandalizm ýaly hasaplaýarlar. Krasnowodskda doglan hem-de ösüp ýetişen pensioner Nadežda Konstantinownanyň aýdyşyna göra, bir wagtlar bütin Sowet Soýuz ýurtlaryndan taryhcylar, alymlar hem-de ýlmy ekspeditsiýalary bu taryhy ýadygärlikleri görmäne gelýärdiler. Hakimiýetler bu binalary şonuň ýaly aňsat ýkanlaryny pensioner wagşylyk ýaly hasaplaýar.



Adyny gizli saklanmasyny islän taryh alymyň aýdyşy ýaly, Krasnowodskyň köne köçeleri ýurdyň 19-njy hem-de 20-ji asyrlarynyň taryhy mirasyny 70 protsentini goraýardylar. Indi bolsa bu miras düýbünden ýok edildi diýip alym köýünde ýanýar.