Türkmen syýasy tussagy türmeden boşadyldy

Türkmen syýasy tussagy türmeden boşadyldy

Tuesday, 27 March, 2012

Türkmenistanyň häkimiýetleri milli parlamentiň öňki ýolbaşçysy Öwezgeldi Ataýewiň we onuň aýalynyň bäş ýyl türmede oturandan soň azatlyga çykarylandygyny yglan etdiler.

Bu habar Daşary Işler Ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew tarapyndan Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary baradaky duşuşygynda aýan edildi.

Ýöne entek 61 ýaşly Ataýewi azatlykda görenini habar beren adam ýok.

Türkmenistandaky çeşme Ataýewi boşatmaga taýýarlygyň geçen ýyl başlanandygyny tassyklady, ýöne muny prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň fewral aýynda gaýtadan saýlanylmagyna gabat getirmek kararyna gelnipdir.

Ataýewiň tussag edilmegi Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň 2006-njy ýylyň ahyrynda aradan çykmagyndan soň amala aşyryldy.

Konstitusiýa boýunça, Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolmalydy. Emma bada-bat diýen ýaly, Döwlet Howpsyzlyk Geňeşiniň ýygnagy we Minsitrler Kabineti ony prokuratura tarapyndan onuň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy sebäpli aradan aýyrdy. Prokuratura Ataýewiň garşysyna birnäçe günäkärlemeleri öňe sürüp, şol sanda ony wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we öz oglunyň geljeki aýalyny, onuň tiresini halamaýanlygy üçin, öz janyna kast etmäge iteklemekde aýyplady.

2006-njy ýylyň dekabrynda wezipesinden aýrylan Ataýew, 2007-nji ýylyň fewralynda, Berdimuhammedow prezident edilip bellenilenden soň türmä basyldy.

Köplenç ulanylýan kollektiw jeza beriş praktikasyna eýerilip, has netijeli bolar ýaly, Ataýewiň aýaly hem tussag edildi.

"Ataýewiň tussag edilmegi we günäkerlenmegi Berdimuhammedowyň prezident bolmagyna ýol açdy" diýip paýtagt Aşgabatly bir syýasy kommentator aýtdy. "Mejlisiň gyssagly sessiýasynyň 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda ýygnalandygyny we Berdimuhammedowy bada-bat wagtlaýyn lider edip bellänini ýatlalyň."

Adatça döwlet baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä prezidentlige kandidat bolmaga rugsat berilmeýär. Ýöne bary-ýogy birnäçe günüň içinde Howpsyzlyk Geňeşi konstitusiýanyň bu düzgüniniň aýrylyp üýtgedilmegini gurnady.

Mundan köp wagt geçmänkä, Berdimuhammedowyň häkimiýet başyna geçmegine kömek eden döwlet işgärleriniň köpüsi işden boşatmalaryň we günäkärlemeleriň yzygiderliginde syýasy sahnadan ýitip gitdiler.

"Munuň hemmesi, Ataýeweiň tussaglygynyň üstesine, köp soraglary ýüze çykarýar" diýip kommentator belledi.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris

 

Frontline Updates
Support local journalists