Türkmen saglygy saklaýyşyny bahalandyrmak edil “Gara çukura sereden ýaly”

Öňdebaryjy ekspertiň aýtmagyna görä hökümet ýönekeý faktlary hem aýan etmegi başaranok.

Türkmen saglygy saklaýyşyny bahalandyrmak edil “Gara çukura sereden ýaly”

Öňdebaryjy ekspertiň aýtmagyna görä hökümet ýönekeý faktlary hem aýan etmegi başaranok.

Tuesday, 4 May, 2010

Türkmenistanyň saglygy saklaýyşy boýunça Londonda ýerleşen ylmy barlagçynyň aýtmagyna görä, ulanyp bolaýjak maglumatlaryň ýetmezçiligi ýurduň daşyndakylara bu Merkezi Aziýa döwletine özgerişlikler üçin täsir etmäge ýol bermeýär. 

London Gigiena we Tropiki Medisina mekdebinden Bernd Rehel türkmen häkimiýetleriniň, haçanda olar WIÇ-iň ýaýramagy ýaly saglyk sektorynyň öňünde durýan problemalary gizlände ýa-da başgaça edip görkezende, munuň hiç kime ýagşylyk etmeýändigini aýdýar.

12-nji aprelde halkara medisina kömek guramasy “Araçäksiz lukmanlar” (Médecins Sans Frontières, MSF) “Türkmenistanyň aç-açan bolmadyk saglygy saklaýyş sistemasy” atly hasabatyny çap etdi we onda ýurduň öňündäki esasy meseleleri görkezdi. Muňa jogap hökmünde hökümet ýygnagy geçirildi we onda, döwlet habarlar gullugy TDH-nyň habar bermeginä görä, Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan bäri saglygy goraýyş “unikal we gowy gurnalan” hem-de “öz elýeterliligini we netijeliligini subut etdi” diýlip netije çykaryldy.

Inga Sikorskaýa, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Siz türkmen saglygy goraýyş sistemasy barada näme pikir edýäňiz?

Bernd Rehel: Türkmen saglygy goraýyşy hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky kynçylyklara sezewar bolýar: tuberkulýoz ýaly geçýän keselleriň ýokary derejsi, şeýle-de köpsanly çaga we ene ölümi. Emma Türkmenistandaky ýagdaý aç-açanlygyň ýokdugy sebäpli has-da kynlaşdyrylýar. Hökümet köplenç inkär ediş syýasadyny we maglumatlary üýtgetmegi amala aşyrýar.

Esasy problemalaryň birisi saglyk sistemasy we ilatyň saglygy barada ynamly maglumatlaryň düýbünden ýok bolmagy. Hökümediň statistikasy ýa düýbünden çap edilenok, ýa-da olara ynanmak mümkin däl. Bu mysal üçin ene ölümine degişli. Hasabat berilýän ene ölümi derejsi Niderlandlardakydan pes, bu bolsa Türkmenistan ýaly döwletde hiç mümkin däl zat.

Mundan başgada, türkmen hökümedi geçen ýyllarda hiç-hili WIÇ ýagdaýynyň tapylmandygyny aýdýar – bu ynanar ýaly zat däl. Hökümet statistikasy ýok ýa-da ynamsyz bolan ýerlerinde, beýleki ýurtlarda biz ýagdaýa has gowy düşünmek üçin ýerlerde barlaglar geçirip bilýäris. Emma, özbaşdak geçirilýän barlaglar hem häzir Türkmenistanda mümkin däl. Türkmenistanda ilatyň saglygyny bahalandyrmak edil gara çukura sereden ýaly.

Sikorskaýa: MSF öz hasabatynda medisina hyzmaynyň pes hiline we medisina işgärleriniň pes kwalifikasiýalydygyna ünsi çekýär. Bu medisina işgärleri üçin okuwyň hiliniň pesligi we, işgärleriň ýerini çalyşyp durmak arkaly doktorlaryň arasynda alada we ynamsyzlyk atmosferasyny döredýän, häzirki syýasy režimden gorky ýaly sebäpleriň netijesi.

Sizdäki maglumatlara görä, türkmen saglygy goraýşyndaky hakyky ýagdaý nähili?

Rehel: Mendäki maglumatlara görä, hyzmatyň hiliniň pesligi we aýratynda degişli derejede okadylan saglygy saklaýyş işgärleriniň ýetmezçiligi ýurtda gündelik saglygy goraýyş işleri üçin esasy problemalary döredýär. Nyýazowyň hökümedi bilim sektoryna, şol sanda medisina bilimine hem, ägirt uly zyýan ýetirdi. Ýokary bilimiň dowamlylygy ýene-de uzaldylanam bolsa, bilimiň hili entegem gaty uly sorag astynda durýar.

Öňki Sowet Soýuzynyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, kanuny däl, stol astyndan berilýän tölegler giň ýaýran. Ol tölegler saglyk işgärleriniň pes aýlyklarynyň üstüni ýetirýär, ýöne gerekmejek bejergini bermäge we netijede hyzmadyň hiliniň pes bolmagyna hem itergi berýär.

Sikorskaýa: MSF hasabatynda bellenilişi ýaly, infeksion keselleriň, sifilisiň we WIÇ-iň faktlarynyň üsti ýapylmagy ilatyň saglygyna nähili täsir edýär? Muny nädip esaslandyryp bolar?

Rehel: Infeksion keselleriň üstüniň ýapylmagyny hiç zat bilen esaslandyryp bolmaz. Bu diňe zyýan getirýär, pasientlere degişli bejergini almaga ýol bermeýär, hem-de ilaty has uly töwekgelçiliklere alyp barýar. Muny Hytaýyň hökümediniň SARS (atipiki pnewmoniýa) wirusyny gizlin saklamagy bilen deňeşdirip bolar. Ondan soň ol (wirus) tutuş dünýä boýunça kopsanly adam kesellän birnäçe ýerleriň döremegine alyp bardy.

Sikorskaýa: Siziň pikiriňizçe türkmen häkimiýetleri saglygy saklaýyş sistemasynda aç-açanlyga nä derejede taýyn? Olar bu ugurda näme etmeli?

Rehel: Biz indi birnäçe wagtdan bäri ýurduň saglyk ýagdaýyny we saglyk sustemasyny garaşsyz bahalandyrmagy geçirmek üçin basyş edýäris, ýöne bu synanyşyklaryň ählisiniň öňi ýapyldy. Halkara jemgyýeti saglygy saklaýyşda aç-açanlygy talap etmek üçin köp iş etmeli. Ýurduň saglyk sistemasy barada esasy maglumatlary bilmezden ony gowulandyrmak mümkin däl.

Bernd Rehel London Gigiena we Tropiki Medisina mekdebiniň jemgyýetçilik saglygy boýunça mugallymy, hem-de Saglyk Sistemalary we Syýasatlary boýunça Ýewropa Obserwatoriýasynyň ylmy barlagçysy. Ol “Türkmenistanda Nyýazowdan soň saglygy saklaýyş” kitabynyň awtorlarynyň biri, hem-de onuň sosiologiýa boýunça bakalawr derejsi, jyns we etniki bilimler boýunça magistr derejsi, rus we gündogar ýewropa okuwlaryndan doktorlyk derejsi bar. 

Inga Sikorskaýa IWPR-yň Türkmenistan we Özbegistan üçin baş redaktory.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists