Türkmen saglygy saklaýyşynyň haýal dikelişi

Türkmen saglygy saklaýyşynyň haýal dikelişi

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Saglygy Saklaýyş ministrliginiň jaýy. Bu jaý belent bolup görünsede, saglygy saklaýyşyň hili entegem gaty pes. (Foto: IWPR)
Aşgabatdaky Türkmenistanyň Saglygy Saklaýyş ministrliginiň jaýy. Bu jaý belent bolup görünsede, saglygy saklaýyşyň hili entegem gaty pes. (Foto: IWPR)

Türkmenistan täze keselhana jaýlaryny gurmak bilen saglygy saklaýyşda uly özgerişler edenem bolsa, hassalar we doktorlar bejerginiň umumy derejesiniň entegem gaty gowy däldigini aýdýarlar. 

Iýulyň soňunda geçirilen saglygy saklaýyş reformalary baradaky konferensiýa bilen gabat geler ýaly ýaýradylan makalada Türkmen Döwlet habarlar gullugy (TDH) onlarça medisina edaralarynyň gurlandygyny ýa-da durkunyň täzelenendigini, hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendigini habar berdi.

Bu kesilleriň sanyny azaltmaga we ýaşaýyş dowamlylygyny uzaltmaga iň gowy derejede täsir etdi diýlip ol makalada aýdyldy.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwri, öňden ejiz saglagy saklaýyş sistemasynyň doly dargamagyna ýol berildi, hatda oňa dargamaga kömek edildi. Onuň 2006-njy ýylyň ahyrynda aradan çykmagy bilen, onuň yzyny dowam ediji Gurbanguly Berdimuhammedow bejergi upjünçiligini reformirlemegi we gowulandyrmagy wada berdi. Ol, diplomly stomatolog we saglygy goraýyşy dolandyryş boýunça mugallym hökmünde, muny ýerine ýetirmäge doly hukuklandyrylan adamdy.

Käbir netijeler eýýäm görnüp başlady. Soňky birnäçe ýylda täze umumy hassahanalar, onkologiýa klinikalar we gulak, burun, bokurdak merkezleri açyldy. Berdimuhammedow ýüzlerçe million amerikan dollaryny Türkmenistanyň her welaýatynda ene we çaga saglyk merkezlerini gurmaga sarp etdi, hem-de Aşgabatda uly oftalmologiýa (göz keselleri) merkezini gurmak planyny tassyklady.

Synçylaryň aýtmagyna görä, geçen ýyl “Araçäksiz lukmanlar” atly halkara saglyk topary Türkmenistandan gitmäge mejbur edilenden soň, häkimiýetler Aşgabatdaky inçekeseliň öňüni alyş merkezini, jyns keselleri hassahanasyny, gan bankyny, hem-de paýtagtdaky ýokanç keseller gospitalyny ýapdylar.

Infrastrukturanyň gowylananyna seretmezden, ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä saglygy saklaýyş üpjünçiligi pes derejedeligine galýar.

Demirgazyk Türkmenistandan bolan iki çaganyň enesi özüniň tomograf bilen üpjün edilen hassahanada başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

“Ol ýa işlänok, ýa-da ony işleder ýaly hiç-kim ýok. Şonuň üçin men gyzymyň kellesini tomografiýa etdirmek üçin ony paýtagta alyp gitdim” diýip ol aýtdy.

50 ýaşly bir adam özüniň tomografiýa netijelerini, ol ýeriniň doktorlaryndan diagnozy eşitmek üçin Russiýa ugradandygyny aýtdy.

Ol: “Şu ýerdäki doktorlar bu ýerde işleýänleriň netijeleri okap ýa düşündirip bilmeýändigini aýtdylar” diýdi.

Aşgabatda bir lukman keselleriň, çaga we ene ölüminiň, hem-de öz janyna kast edişleriň öňüni almak üçin alada edilmeýändigine nägilelik bildirdi.

Şol şäherden bolan, Bagty atly tejribeli medik, lukmanlaryň könelişen metodlary ulanmagynyň adamlary çetleşdirýändigini aýtdy. Muny etmäge serişdesi bolan biznesmenler, dyzynyň peýini operasiýa etdirmek üçin Ýewropa syýahat edýärler, sebäbi olar operasiýadan soň tiziräk ýerinden galýarlar. Türkmenistanda bolsa bir hepdeläp düşekde ýatmaly bolýarlar.

Bilim ekspertleri medisina işgärleri üçin okuwlaryň hiliniň pes bolup galýandygyny, hem-de kwalifikasiýaly spesialistler üçin hünärini artdyrmaga ýa-da tejribe alyş programmalary bilen daşary ýurda gitmäge mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýarlar.

“Medisina okuw jaýlaryna, edil beýleki institutlara bolşy ýaly, tanyşlyk parasy bilen alýarlar” diýip Mary welaýatynda pensiýa çykan bir bilim işgäri aýtdy. “Olaryň berýän parasy beýleki hünärleriňkä seredende birnäçe esse ýokary, hemem studentler okuwyň dowamynda-da para bilen okamagy dowam edýärler.”

“Bu ýagdaýda biz gowy hünärmenleri nädip taýýarlaly?”

Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowa medisina okuwy gowulaşar we bu hünär hakyky zehine esaslanar diýip umyt edýär.

“Şu ýyl, ýokary işgärleriň çagalarynyň azyragy yokary okuw jaýlaryna girmäge synanyşar diýen umyt bar” diýip Begmedowa aýtdy. “Bu ýerde döwlet işgärleriniň çagalary ýerli okuw jaýlaryna däl-de, daşary ýurda okamaga gitmeli diýen bir ýazylmadyk görkezme bar.”

Berdimuhammedowdan öň hem, saglygy saklaýyş strategiýasynyň mugt üpjünçilikden tölegli hyzmatlara geçmegi göz öňünde tutulýardy. Hazirki wagtda bu sistema geçiş döwründe, hem-de tankytçylaryň aýtmagyna görä tölegli hyzmatlar has gymmat we şeýle-de hassalaryň doktorlara bejergi üçin resmi däl “tölegi” bermegi hem dowam edýär.

Eger hassanyň hiç-hili medisina ätiýaçlandyrmasy bolmasa, hassahana kabul etmek 75 dollara deň. Onkologiýa hassahanasynda bir günlük bejergi 25 dollar. Ätiýaçlandyrma bilen bu tölegler 10% arzanladylmaga degişli. Ulanylan dermanlar üçin aýratyn tölemeli.

“Men barlagda diňe gan we peşew analizi üçin dört dollara golaý tölemeli boldum” diýip Lebap welaýatyndan bolan bir obaly aýtdy. “Meniň goňşym tebip, ol 20 sent üçin mäňa ähli keselimi aýdar hem-em dermanam taýýarlap berer.”

Bir pensioner özüniň hassahana barmagy gowy görmeýänini aýtdy, sebäbi onuň doktorlary özüne seretmäge “gyzyklandyrar” ýaly pul bermäge ýagdaýy ýok.

“Doktor palata gelýär we bilgeşliden özüne pul bermedik hassalara seretmän geçýär. Pul berenlere bolsa gowy üns berýär” diýip ol aýtdy. “Bir gije men özümi erbet duýdum, şonda doktor maňa dermanhana gidip dermany özümiň alyp gelmedigimi, onda dermanyň ýokdugyny aýtdy.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists