Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmen-Owgan gatnaşyklary esasan söwda esaslanan

By News Briefing Central Asia

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda boljak ýetip gelýän duşuşygyň syýasy hyzmatdaşlyk esasynda däl-de, ykdysady arkadaşlyk esasynda gurlan gatnaşyklary şöhlelendirýändigini synçylar aýdýarlar. 

Söwda, ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki hökümet komissiýasy Kabulda 30-31-nji awgustda ýygnanar.

Owganystan bilen uzyn serhedi bolan Türkmenistan, öň gündogardaky goňşusyndaky edaralary güýçlendirmek we onuň dikeldilişine kömek etmek barada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän duşuşyklary özünde geçirmegi teklip edipdi.

Bolgariýada ýerleşýän türkmen analitigi Annadurdy Hajyýew Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Owganystandaky yslam radikalizmi we konfliktler barada aladalanýandygyny, ýöne olaryň bu faktorlara täsir etmäge ýolunyň köp däldigini aýdýar.

“Häzirki wagtda islendik ýagdaýda Türkmenistanda bu situasiýa täsir eder ýaly syýasy, ykdysady we harby güýç ýok” diýip ol aýtdy. “Şonuň üçin Aşgabadyň roly diňe söwda gatnaşyklaryna direýär – elektrik, nebit önümleri we dökünler bilen üpjün etmek, Owganystana barýan ýüklere tranzidi hödürlemek, hem-de onuň önümlerini eksport etmek.”

 Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.