Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmen mediýasynyň ösmegi entegem howaýy gürrüň

By News Briefing Central Asia

Türkmenistandaky žurnalistler ýurduň berk kontrollykda saklanylýan metbugat we tele-radio ulgamynyň entek görnükli derejede üýtgedilerden uzakdadygyny belläp, planlaşdyrylýan mediany ösdüriş proýektine ägäli umyt bilen seredýärler.

Resmi ýolbaşçylaryň Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän mediany ösdüriş proýektiniň wekilleri bilen gepleşik geçirendigi barada TDH döwlet habarlar gullygynyň habar bermegi olarda käbir gyzyklanma döretdi. Bu habar proýektiň BBC Dünýä Gullugy Fondy (BBC World Service Trust) tarapyndan dolandyrylýandygyny aýtman geçdi.

Türkmenistandaky analitikler ýurduň garaşsyzlygynyň ýigrimi ýylynda medianyň hiç-hili öňe gidişlik gazanmandygyny aýdýarlar. Metbugat we tele-radio kanallar döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär we kontrollyk edilýär, olaryň işine seredýän berk senzura saklanyp galýar, hem-de dürli tele, radio we metbugat çeşmeleriniň berýän habarlary biri-birine meňzeş bolup durýär. Hatda iň ýönekeý temalar boýunça habarlar hem ilki bilen ýolbaşçylar bilen ylalaşylýar we soňra senzuradan geçirilýär.

Köp habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň edýän işlerine we gazanan üstünliklerine, ýa-da Türkmenistanyň nähili güllap-ösýänine degişli bolup durýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda häkimiýetler, hususy we kommersiýa esasynda dolandyrylýan diýip atlandyrylan, “Rysgal” atly gazete rugsat berdiler. Emma bu gazet döwlet bilen ýakyndan işleşýän telekeçiler birleşigi tarapyndan döredileni üçin, onuň söz erkinliginiň nusgasy bolaýmak mümkinçiligi gaty pesdi. (Goşmaça maglumat üçin: Türkmenistanyň birinji hususy gazeti ynamy ödemedi .)

Berdimuhammedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow žurnalistçilik fakultetlerini ýapypdy we bu ugurdan okuw programmalaryny gadagan edipdi, bu zatlar žurnalizmiň umumy standartlaryny hasda pese gaçyrdy.

Berdimuhammedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geçeninden soň ol käbir üýtgeşmeler etdi we okuw jaýlarynda žurnalistika bölümleri açyldy. Şeýle-de ol köp gezek media materiallarynyň hiliniň pesdigini belledi.

Bir ýerli žurnalistiň bellemegine görä, soňky bir-iki ýylyň dowamynda saglygy goraýyş, WIÇ/SPID, neşekeşlik we öýdäki rehimsizlik ýaly meseleleri nähili beýan etmelidigi barada žurnalistler üçin okuw seminarlary geçirilipdir. Ol şeýle-de BBC Dünýä Gullugy Fondynyň (BBC World Service Trust) planlary barada hem habarly ekeni.

Beýleki žuralistleriň köpüsi okuw-türgenleşik mümkinçiliklerinden habarsyz bolup çykdy. Olar barada eşiden radio habarçysy şeýle diýdi: “Bu çäreler her bir gelesi gelen üçin açyk däl. Olara köplenç döwlet gazetleriniň dolandyryjy işgärleri gatnaşýar. Günbatardan gelen mugallymlara aýtmaly däl zady aýtmaz ýaly olara hem öňünden leksiýa berilýär.”

Muňa seretmezden, beýle türgenleşik kurslaryna köpler höwes bilen gatnaşarlar.

“Biziň žurnalistlere halkara standartlary barada käbir düşünje hökman gerek” diýip paýtagt Aşgabatda bir žurnalyň redaktory aýtdy. “Olaryň köpüsi Sowet döwründe žurnalistçiligi okanlar we başgaça pikir etmäni entek öwrenenoklar.”

Ýerli adwokatlaryň birisi media babatynda täze kanunyň zerurdygyny öňe sürdi. Häzirki hereket edýän kanun Türkmenistanyň Sowet Soýuzynyň düzüminde iň soňky aýlarynda, 1991-nji ýylda kabul edilipdi we ol indi gaty könelişdi.

Onuň aýtmagyna görä täze kanunçylyk žurnalistleriň hukuklaryny belläp biler we media serişdelerine hususy eýeçiligi esaslandyryp biler. “Bu diňe kagyz ýüzünde galyp biler, ýöne näme bolsada bu kanun hökmünde ýazylan bolar.”

Wýaçeslaw Mamedow, Niderlandlarda ýerleşýän, emigrantlaryň topary bolan Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy, häkimiýetleriň haçandyr bir wagt media bolan basyşyny kemeltjegine şübheli seredýär.

“Onda hemmeler islän zadyny ýazyp başlar, bu bolsa Berdimuhammedowyň häkimiýetini gowşadar” diýip ol aýtdy. “Tutuş sistemalaýyn demokratiki reformalarsyz mediany ösdürmek mümkin zat däl – reformalara tarap hem häkimiýetleriň gidesi gelenok.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.