Türkmen daýhanlary ýeleriň duzlşmagyndan ejir çekýärler

Türkmen daýhanlary ýeleriň duzlşmagyndan ejir çekýärler

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow täze oba hojalyk ýylyny hasyllylygy has ýokarlandyrmaga çagyryş bilen açdy, ýöne Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary daýhanlara toprakda duz möçberiniň artmagy ýaly problemalary ýeňip geçmegiň agyr boljagyny aýdýarlar.

30-njy apreldäki ministrler kabinetiniň ýygnagynda prezident “geljeki hasylyň mukdaryna we hiline göniden-göni täsir edýän agro-tehniki çäreleri wagtynda geçirmegi” talap etdi.

Türkmenistanda ekiş tamamlanyp barýar we häkimiýetler 2010-njy ýyl üçin bir million tonnadan gowrak pagta we azyndan üç million tonna galla ýygnamagy maksat edindiler. Synçylar bu maksatlara ýetiljegine ynamsyz seredýärler.

Paýtagt Aşgabatdaky bir analitigiň pikirine görä, Berdimuhammedowyň bellikleri onuň topragyň ýokary duzlaşma derejesinden hem-de ýurduň irrigasiýa kanallarynyň erbet ýagdaýyndan habarlydygyny aňladýar.

“Prezident eýýäm üçünji gezek şu ýakynda bu barada ýatladýar, emma üýtgeýän zat ýok” diýip ol aýtdy.

Aşgabatdaky bir maglumat çeşmesi Suw Hojalyk Ministrligi tarapyndan toplanan, ýöne köpçülige aýan edilmeýän maglumata görä ähli sürümli ýerleriň üçden bir bölegine golaýynyň erbet ýagdaýdadygyny habar berýär.

Çäklendirilen suw resurslary we ösümlikleriň ýalňyş saýlanyşy bilen birlikde, topragyň duzlaşmasy her ýyl ekinleriň pes netije bermegine getirýär. Haçan-da hasyl möwsümi gelende, daýhanlaryň uly aladalaryna seretmezden planyň dolunmajakdygy anyk bolýar.

Bir daýhanyň aýdyşy ýaly, “Toprak erbetleşdi, şonuň üçin olaryň planda goýýan hasylyny bermäge ýagdaýy ýok.”

Türkmenistan tarapyndan 2004-nji ýylda Regional Daşky Sreda Iş Plany üçin tabşyrylan hasabatdan görnüşine görä sürümli ýerleriň 65%-i ýokary duzlylygy özünde saklaýar. Eger pesiräk duzlulyk derejeli ýerlerem goşulsa, onda bu 80%-e golaý bolar.

Ol hasabatyň awtorlarynyň biri öz adynyň aýan edilmezligini sorady we duzlylygyň her ýylda azyndan 300 000 tonna pagta hasylyny kemeldýändigini aýtdy.

“Ýurduň oba hojalygyna we ykdysadyýetine ýetirilýän zyýan, topragyň duzlaşmasyny has ünsli öwrenmäge zerurlyk bardygyny görkezýär” diýip ol aýtdy.

Duzuň ýokary derejesi birnäçe ýyllaryň dowamynda saklansa ol topragyň hiline düzedip bolmajak zyýany ýetirer we soňlugyça ony ulanyşdan çykarar.

Türkmenistanyň duzlaşma problemasynyň gürrüňi XX asyryň ortalarynda, Merkezi Aziýanyň iki esasy derýasy bolan Amyderýa we Syrderýa bolan talabyň artmagy suw derejesiniň kemelmegine we irrigasiýada ýetmezçilige getirip başlanda, edilip başlandy. Bu problema suw dolandyryş desgalaryny degerli derejede bejermek başa barmandan soň we olar ulanyşdan çykandan soň has-da agyrlaşdy.

Berdimuhammedow döwründe häkimiýetler drenaž suwlaryny Altyn Asyr atly suw howdanyna toplamak we gaýtadan ulanmak üçin kyn maksatly täze proýekti işe goýberdiler. Uly çykdajyly suw howdan proýektiniň birinji etaby geçen iýulda tamamlandy.

Daşky sreda we beýleki ugurlaryň ekspertleri plany tankytladylar. Olaryň pikiriçe bu demirgazyk-gündogar Türkmenistanyň çöllük ýerlerini suwa basdyrar we daşky sreda zyýan ýetirer. Bir ýerli daşky sreda alymynyň aýdyşy ýaly, Altyn Asyr proýektine bölünip berlen ummasyz serişdeleri bar bolan irigasiýa setini dikeltmek üçin ulanmak has akylly iş bolardy.

Ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatyndan bolan oba hojalyk eksperti kanallaryň soňky 30 ýylda bir gezek hem arassalanmandygyny aýtdy. Netijede, onuň aýdyşy ýaly, “Suw kanallarda indi akanok, şonuň üçinem daş-töwerekdaki ýerler duzlaşýar.”

Oba Hojalyk Ministrliginiň ekspertiniň aýtmagyna görä, ýeriň duzlaşmasy we degredasiýasy ýel we suw tarapyndan ýetirilýän erroziýa sebäpli has-da erbetleşýär. Şonuň bilen birlikde, bu problemany çözmäge hiç-hili yzygider synanyşyk edilenok, hem-de toprak hiline gözegçilik edýän döwlet programmasy hem ýok.

“Bu faktorlaryň ählisi ýakyn geljekde Türkmenistanyň oba hojalyk önümçilik potensialynyň peselmegine getirer” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists