Türkmen adwokatlarynyň kyn işi

Ýakynda Türkmenistanda ýuridik fakultetiniň talyplarynyň arasynda geçirilen soramanyň netijesinde talyplarýň arasynda okuwy gutaran soň öz professional ugrunda işlejek talyp az bolandygy ýüze çykdy, bu bolsa ýurdyň adwokat sistemasynda ýagdaýlar erbetleşe

Türkmen adwokatlarynyň kyn işi

Ýakynda Türkmenistanda ýuridik fakultetiniň talyplarynyň arasynda geçirilen soramanyň netijesinde talyplarýň arasynda okuwy gutaran soň öz professional ugrunda işlejek talyp az bolandygy ýüze çykdy, bu bolsa ýurdyň adwokat sistemasynda ýagdaýlar erbetleşe

Tuesday, 31 October, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Talyplaryň soramasy sorananlardan diňe 2 protsenti adwokat bolup işlesi gelendigini görkezdi. Bu hünär Türkmenistanda abraýa eýe bolmadygyny başga hünärler bilen deň eşdirip görende ýüze çykan gowy deň eşdirme sanlar gowy. Sorananlaryň arasynda milli howpsyzlyk işi abraýa eýe bolany bellenildi, bu işde soranalaryň 40% gyzyklanýar, 30% sud sistemasynda işlesi gelýär, 20% prokuratura organlarynda we 8% Içeri işler ministrliginiň organarynda gyzyklanýar.



Ýerli synçylaryň pikri boýunça bunuň bir esasy sebäbi advokat işine negatiw garaýyş President Saparmurat Niýazowyň öžünden gelip çykýar. Prezidentiň pikrine görä advokatlar diňe jemgyýete ýaşamana, administratiw organlara bolsa rahat işlemäne päsgel berýärler.



Ỳerli analitiklaryň pikri boýunça, belki Prezidentiň bu hünäre beýle garaýyşynyň sebäbi adwokatlar işi mynasybetli çalt-çalt türmelere gatnaýarlar hem-de otaýdaky ýagdaýlary gowy bilýärler. Olar türmelere kimler düşenlerini hem-de otaýda olara näme bolandygyny gowy bilýärler. Bu adamlaryň arasynda birsyhly geçilrilýän “arassalamalaryň” gurbanlary, ýagny parahorlyk hem-de berlen ygtyýardan kanunsyz peýdanlanma bilen günäkärlenen ýokary wezipeli wekilleriň sud işleriň netijesinde türma basylan bir topar adam bar.



Kanun boýynça adwokat kollegiýasy özbaşdak organ bolanyna garamazdan, ol bütinleý ýustitsiýa ministrliginiň gözegçiliginiň astynda. Ministrligiň ýörite bölümi kollegiýanyň başlygynyň saýlawyndan, ýuridiki maslahat müdirini bellenmesinden başlap jenaýat hem-de graždan işleriniň gözeçiligine çenli bütin sistemany kontrol edýär.



Administrariw organlary adwokatlaryň türmelere gitmelerine päsgel berýärler. Häzirki wagtda olar türmelere müşterileriň ýanyna aň sat gidip bilmeýärler.



Adwokatlar bilen derňew astyndakylar hukuklaryndan yzgytsyz kesilýärler. Meselem, adwokat öz aklanyjysy bilen aýratyn şaýatsyz gepleşmegi gadagan, emma jenaýat-protsessual kodeksinde bu hukuk berkidilen. Adwokatyň aklanyjysy bilen duşuşygyna türme işgäri hem hökman gatnaşýar. Elbetde, bu jenaýat kanunynyň bozmaklygy, emma bunuň ýaly edaralarynyň müdirleri Içeri işleri Ministrliginiň buýruklaryna boýun egdigini aýdýarlar.



Adwokatlaryň başga işlerine hem goşulma meseleleri bolýar. Kä wagtlar deslapky derňew bilen sud organlary gepe–söze gulak salmaýan adwokatlary isden aýyrýarlar. Prokuratura derňewçileri, Içeri Işleri Ministrligi, sudçylar hem-de aýratyn-da milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri adwokatlardan günäkarleri aklmaklyklary däl, organlar bilen işlemekligini talap edýärler.



Üstesine-de, erjel adwokatlary ýok etmek üçin her hili usullar bar. Iň köp duşulýal usul-aklanyjyny adwokatyň hyzmatyndan boýun gaçyrmana razy etmek. Aklanyja adwokat erbet bolandygyny, elinden hiç bir zat gelmeýändigini aýdýarlar, hem-de derňewçiniň özi işi gowy alyp barjagy barada söz berýärler. Eger ynandyrmalar peýda etmese howplar hem-de tussag möhletini uzaltyljak barada gorkyzmalar ulanylýarlar.



Türkmenistanda adwokat bolup işlemek diňe kyn däl, hatda howply. Bu howplyk administratiw organlaryndan hem-de milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerinden gelip çykýar, aýratyn-da adwokat öz aklanyjysyna degişli hukukdan kesilmekleri ýüze çykarsa.



Şeýle Balkanabat şäheriniň ýuridik maslahatynyň adwokaty suda çekildi, onuň sumkasyna geroinli paketi atyp ony tussag astyndaky adama kanunsyz narkotiki jisim geçirmeklik niýeti bilen günakärlediler. Onyň tek eden zady, ol türme administratsiýasynyň kanyny bozmalary barada gozgalaň turuzyp, bu kanunsyzlyklar barda sudda aýtdy. Indi ol etmedik günäleri üçin jez möhletini doldurýar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists