Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türk raýatlarynyň Türkmenistanda gowy durmuşy

Türkmenistanyň territoriýasynda işleýän dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda biznes alyp barmakda hem de salgyt salmaklykda diňe türklere ýeňillikler berilýär. Türkmen ykdysadyýetine girdeýjeli investitsiýalar edenleri üçin, Türkmenistanyň Preziden
By
90-njy ýyllaryň ahyrynda türk firmalaryň hem-de kompaniýalarynyň wekillikleri Türkmenistanda edil kömelek ýaly ösüp başladylar. Şu wagt olar gurlusyk, farmatsewtik hem-de täzelden işläp çykarma pudaklarynda, monopoliýa edilen dokma senagatynda öndäki pozitsiýalary eýeleýärler.



Olara salgyt salmaklykda, gozgalmaýan mülki kireýine almakda hem-de kredit berilmekde aýratyn hukukly, ýeňillikli ýagdaýlar döredilýär.



Şu güne Türkmenistanda ýaşaýan daşary yurt raýatlarynyň uly bölegini türk raýatlary düzýär. Şu wagt ýurtda 30 müňe golaý türk kärhanaçy hem-de işçi her hili şertnamalar boýnça ýaşaýar.



Türkmenistanda işleýän türkler özleriniň bu ýurtdaky durmusyny hem-de alyp barýan işini adatdan daşary üstünlikli ýaly hasaplaýarlar. Bu durmuşyň hemme derejelerinde mälim bolýar. Işçi türkler bärde alýan aýlygyny Türkiýede alyp bilmezler, şonuň üçin hem olar bärde işlemäne begenýärler. Türk firmalaryň ýolbaşçylary arzan türkmen işçi güjüni ulanyp, olara iki, üç esse az töleýärler.



Türk gurluşyklaryň biriniň işgäri Kemranyň düşündirişine görä, ol öz ýurdynda iş tapyp bilmeýärdi, ýa-da, tapsa da diňe düz işçi ýaly işläp bilýardi, şonuň üçin hem ol Türkmenistana geldi.



Bu ýerde bolsa, onuň üçin Türkiýedeki aýlygyndan köp esse gowy aýlygyny almak üçin mümkinçilikler kän, hem de bu ýerde durmuş arzan. Onuň aýdyşyna görä, onuň üçin bu ýer jennet, hem-de ol kontraktynyň möhletini uzaldyp, Türkmenistanda pul gazanmak üçin ýaşamana galar.



«Türkmenistanda meniň kompaniýam landşaft dizaýny hem-de gurluşyklarda agaç ekmeklik bilen mesgullanýar. Siziň ýurduňyzda köp täze owadan binalar gurulýar, şonuň üçin hem meniň işim köp talap edilýär, kredity aňsat aldym. Kredit töleme prosentleri örän pes, salgytlary tölemeýärin diýse hem bolýar. Siziň Prezidentiňiz örän gowy!” diýip Türkiýeli karhanaçy söhbedi tamamlady.



Elbetde türk raýatlarynyň Türkmenistanda bolmagy ýurdyn durmusynyň köp çäklerine uly goşant getirdi. Bu ýerde ýurdyň ykdysadyýetine, medeniýetine hem-de bilim sistemasyna edilen uly investitsiýalaryny belläp geçmeseň bolmaz.



Şu gün Türkmenistanda 15 türkmen-türk mekdebi (gyzlar üçin ýöriteleşdirilen mekdepleri sana almadan) hem-de türkmen-türk üniversitety işleýär. Türk mekdeplerde hem-de universitetlerde berilýän bilimiň derejesi şübhelenmesiz. Bunuň ýaly mekdepleriň okuwçylary şäher hem-de yurt boýnça geçirilen olimpiadalarda birinji ýerlere eýe bolýarlar. Bundaň başga, türk mekdepleri okuwçylaryna bilimini Türkiýede dowam etmäge mümkinçilik berýärler. .



Emma, muňa garamazdan, türkler aýry tutulýarlar, öz ýakyn bileleşiklerinde. Öz hassahanalaryna gidýarler, diňe türk restoranlarynda naharlanýarlar, diňe Türkiýede öndürilip çykan ýimit önümlerini türk söwda merkezlerinde alýarlar.