Suw yetmezçiligi seýrek gozgalaňa getirdi

Suw yetmezçiligi seýrek gozgalaňa getirdi

Monday, 16 November, 2009
Türkmenistanda demonstrasiýalar bolmagy mümkin däl diýen ýäly, ýöne gyzgyn tomusda hemişelik suw ýetmezçilik meselesi Kaspi deňziniň port şäheri Türkmenbaşyda adamlary köçelere şu aýda iki gezek çykardy.



17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowa suw üpjünçilik sistemasyndaky problemalar barada habar berýän telegrammany ibermekden poçta işgärleri ýüz dönderenden soň, 100-e golaý adam merkezi poçta edarasynyň ýanynda protest gurnadylar.



Telegrammany ibermek islän adamlaryň topary, öz talaplaryny aýdan wagtlary poçtanyň jaýyndan daşary çykaryldy we soňra poçta doly ýapyldy. Bir şaýadyň aýtmagyna görä “adamlar daşarda gykylyk edip, poçtanyň gapylaryny urdylar, ýöne bu hiç zada peýda etmedi”.



22-nji iýulda, aýallaryň topary şäher häkiminiň iş ýerinde piket gurnadylar we içilýän suwuň üpjünçiligi üçin bir zatlar edilmegini talap etdiler.



“Häkim Oraz Ataýew jaýyň içine ylgap girdi, polisiýanyň topary bolsa suw ýetmezçiligi sebäpli gaty gaharlanan aýallary dargatdy” diýip beýleki bir şaýat aýtdy.



Öň Krasnawodsk ady bilen belli bolan Türkmenbaşy, hem-de günbatar Türkmenistanyň beýleki bölekleri, ýiti suw ýetmezçiliginden ejir çekýär.



Bu region ýurduň gündogaryndaky uzak Amyderýadan baş alyp gaýdýan Garagum kanalynyň suwy bilen üpjün edilýär. Ýöne kanalyň akabasynda getiringiler üýşýär we onuň suw dolandyryş sistemasy gaty ejiz.



Günüň dowamynda kölegede temperature Selsiýada 40 gradusa ýetýän wagty, suw kranlarynyň guramagy ýaşaýjylaryň durmuşyny hasda kynlaşdyrýar.



“Suw ortaça her 10-12 günde diňe bir gezek, onda-da diňe 1-2 sagatlyk gelýär” diýip Türkmenbaşy şäheriniň ýerleşýän welaýaty Balkandan bolan synçy aýtdy. “Gaplanan suw ýok, hem-de çagalar baglarynda we keselhanalarda ýagdaý katastrofiki derejede”.



Käwagt suwy sisternaly maşynlar bilen paýlaýarlar, ýöne bu hiç wagt ýeterlik däl.



Energiýa ekspertleriniň aýtmagyna görä şähere jaýlarda we senagatda ulanmak üçin her sagatda 80 000 kub metr suw zerur. Ýöne hakykat ýüzünde onuň alýany 15 000 we 20 000 kub metr aralygynda, a käbir günlerde bolsa hiç-hili suw ýok.



Türkmenbaşy şäherini ünsden düşürilen we ýoldan uzak ýer hasaplamak mümkin däl – bu hökümediň söýgüli ‘abraý’ proýekti bolan, döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä düýpli inwestisiýalr alan, Awaza biznes we turizm kurortynyň ýerleşýän ýeri.



Bu sabyr käsesi dolup barýan ýaşaýjylara hiç-hili göwünlik berenok.



“Eger häkimiýetler gssagly hereket etmese ýagdaý has-da kynlaşyp biler” diýip Niderlandiýada ýerleşen Türkmenistanyň Graždan Demokratiki Birleşiginiň başlygy, asly Türkmenbaşydan bolan, Wýaçeslaw Mamedow aýtdy. “Howanyň gyzgyn wagty suwuň ýetmezçiligi gumanitar betbagtçylyga deňelip bilner.”



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists