Russiýanyň galla satmagy saklamagy Türkmenistana täsir edip biler
Russiýanyň galla satmagy saklamagy Türkmenistana täsir edip biler
Tokaýlyk meýdanlardaky ýangynyň ekinlere ýetiren zyýany sebäpli Moskwanyň galla eksportyny saklamak baradaky karary, olardan bugdaýy uly möçberde satyn alýan Türkmenistanda ýetmezçilikleri döredip biler.
Russiýanyň primýer ministri Wladimir Putin awgustyň 5-inde galla satuwyny dolulygyna gadagan etdi we munuň ýylyň soňuna çenli öz güýjünde galjakdygyny aýtdy. Tomsyň gurak howasy we giň ýaýran ýangynlar ol ýerde gyşky ekinleri zaýalan geçen gyşdaky güýçli aýazlaryň üstüne goşuldy.
Türkmen hökümedi şu ýyl içerki sarp edişe ýeterlik boljak 1,4 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny tekrarlaýar.
Munuň tersine, ABŞ-nyň Oba Hojalayk Departamenti Türkmenistanyň ýyllyk talaby 2,5 million tonna töweregi diýip görkezýär.
Türkmenistan hakykatda näçe galla öndürsede, yzagalak oba hojalyk metodlary we gurak klimat bu gallanyň köp böleginiň diňe mal iými üçin ýaramlydygyny aňladýar. Ýurt özüne gerek unuň ýarysyndan gowragyny Russiýadan we Gazagystandan import edýär diýlip çaklanylýar. Bu gowurak hilli un erkin satuwda elýeterli, ýöne köpler üçin gaty gymmat bolup durýar.
Türkmen häkimiýetleri subsidirlenen uny kartoçka sistemasy boýunça satmany dowam edýär. Şu ýazda berilýän unuň aýlyk möçberi her adama 6 kilograma deňdi. Ýöne Türkmengallaönümlerinde işleýän işgär “berilýän unuň möçberi öň bar bolan dört kilogram ölçegine getiriler” diýip çaklaýar.
Synçylaryň aýtmagyna görä, entek hiç-kim oda-köze düşmesede, käbir adamlar erkin bazarda gymmadyrak baha alnan uny toplap başladylar.
Günorta-gündogar Türkmenistandaky Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 55 ýaşly Annaberdi aga Putiniň çykyşyny Russiýanyň telekanalyndan görüpdir we “diňe ätiýaçlyk üçin” bäş halta galla satyn alyp goýupdyr.
“Men her-ki ýagdaý üçin gallany toplap gaýýaryn” diýip ol düşündirdi.
Annaberdi aga 90-njy ýyllardaky un ýetmezçiligini ýatlatdy. Ol döwürde şäher ýerlerinde her adama berilýan unuň möçberi 3 ýa 4 kilograma çenli, oba ýerlerinde bary-ýogy 2 kilograma çenli kemeldilipdi. Ol çöregiň entegem elýeterli ýeri bolan Aşgabada gidip çörek getirýän eken.
Demirgazyk Türkmenistandaky Daşoguzdaky söhbetdeşimiz ol ýerde-de adamlaryň entek dükanlarda bar bolan, daşardan getirilen uny satyn alyp we toplap başlanyny aýtdy.
“Eger Gazagystanam Russiýanyň göreldesine eýerip galla eksportyny gadagan etse, bize bilimizi berk guşamak gerek bolar” diýip ol aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.