Rus lideri Türkmenistana geler

Rus lideri Türkmenistana geler

Thursday, 17 December, 2009
Rus prezidenti Dimitriý Medwedew Türkmenistana 22-nji dekabrda geler. Resmi taýdan, ol Aşgabatdaky täze türkmen-rus mekdebiniň açylyşyna gelýär, ýöne Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) çeşmeleriniň aýtmagyna görä onuň indiki ýyl üçin tebigy gaz satyn almak tertibini gepleşmegi gaty mümkin.



Rus gaz kompaniýasy Gazprom global islegiň we bahalaryň peselmegine esaslanyp, türkmen gazyny satyn almagyny aprelde düýpli kemeltdi. Türkmen wekilleriniň aýtmagyna görä gaz geçirişiň pese gaçmagy Merkezi Aziýa-Merkez gaz turbasynda hökümet üçin çykdajyly bolan awariýanyň bolmagyna getirdi.



Haçan-da bejergi işleri tamamlananda, 2025-nji ýyla çenli onuň ýylda 50 milliard kub metr töweregi gaz almagyny göz öňünde tutýan ylalaşygyň bardygyna seretmezden, Gazprom 2009-njy ýyl üçin ylalaşanyndan az mukdarda gaz almagyny dowam etdirdi.



Russiýa metbugatynyň aýtmagyna görä, 2010-njy ýylyň ýanwar-mart döwrü üçin gaz ylalaşygy Medwedew sentýabrda Aşgabada geleninde we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow noýabryň soňunda Moskwa baranynda baglaşylan bolmaly.



Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä, haçan Medwedewe duşanynda Berdimuhammedowyň täze ylalaşyk hödürlemegi mümkin, sebäbi Türkmenistan entegem Russiýanyň aljak gazynyň möçberi barada aladalanýar.



“Gazprom türkmen gazynyň Russiýadan aýlanyp geçmezligine güwä geçmäge gyzyklansa-da, onuň häzirki pozisiýasy öňki ýaly möçberde gaz almaga ýol berenok” diýip Bolgariýada ýerleşen ykdysady analitik Annadurdy Hajyýew aýtdy. “Ýöne Kreml nähilem bolsa bir ylalaşyga gelmeli bolar; eger öz täsirini saklamak islese onuň başga çäresi ýok.”





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists