Rus lideri Türkmenistan bilen gaz meselesini maslahatlaşar

Rus lideri Türkmenistan bilen gaz meselesini maslahatlaşar

Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana oktýabr aýynyň 22-23-inde boljak wizitiniň dowamynda bu ýurtdan geljekde tebigy gazy satyn almak meselelerine üns berler diýlip garaşylýar.

Moskwa öňden gelýän iň uly türkmen gazyny satyn alyjy bolup durýar. Ýöne ol öz import derejesini 2009-njy ýylda peseltdi. Indi bolsa ol kontraktda göz öňünde tutulan mukdaryň diňe üçden bir bölegi bolan 10 milliard kub metr gazy satyn alar diýlip garaşylýar.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň energiýa ekspertleriniň aýtmagyna görä Medwedewiň Moskwanyň satyn alýan möçberini artdyrmagy teklip etmegine garaşylamaýar. Türkmenistan munuň artdyrylmagyny isleýär, emma bu häzirki wagtda Russiýa üçin ykdysady taýdan ýerlikli däl.

Şol bir wagtda, Russiýa türkmen gazynyň başga ýollar bilen, mysal üçin Türkiýäniň üsti bilen geçjek teklip edilýän Nabukko turbaprowodynyň üsti bilen, Ýewropa ýetirmek planlarynyň öňüni almak isleýär. Bu turbaprowoda ýetmek üçin gazy ilki bilen Kaspi deňzinden geçirmek gerek bolar. Türkmen wekilleri ýakynda bu problemany çözjek usul bolan, suwuklandyrylan gazy Azerbeýjana ýetirmegiň mümkinçiliklerini maslahat etdiler.

Türkmen paýtagty Aşgabatdaky energiýa sektorynyň kommentatorynyň aýtmagyna görä “Russiýadan aýlanyp geçýän, gaýtadan işlenilmedik gazy transport etmek pikirleriniň nä derejedi hakykata ýakyndygyny Medwedew häzir anyklamak isleýär”.

Öz wizitiniň dowamynda Medwedewiň ylalaşyklara gol çekmegine garaşylanok.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Frontline Updates
Support local journalists