Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Provinsiýada pul gytlygy

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň dokma senagat kärhanalarynyň işgärleri eýýäm üçünji aý aýlyklaryny pul bilen däl, çykarylan önümler bilen berýärler. Aýyň soňynda olara prostyn, ýassyk daşy, pagta ýorgan, ýassyk, tikinçilik hem-de trikotaž ö
By IWPR
Bunuň ýaly kärhanalar az däl, çünki pagta işläp bejerýän senagat bilen bir hatarda şäherde ýüpek dokaýjy kombinaty, ýüň egiriş fabrikasy hem-de trikotaž kombinaty işleýärler.



Fabrikalaryň biriniň işgäri, 40 ýaşyndaky Galinanyň aýdyşyna görä, olar iş smenadan soň bazara çykyp, olara aýlyk hökmünde berilen önümleri satmaga mejbur bolýarlar. Ol nah mata prostynlary köp esse arzan bahadan satýar, çünki harytlary çalt satmaly bolýar. Meselem, prostynlary Galina 35-40 müň manada satýar (bazar kursy bilen 1,5-1,8 ABŞ dollary), ýassyk daşy – 15 müň manada (0,6 ABŞ dollary). Gazanan pulyna Galina hem-de onuň işgärleri maşgalasy üçin ýimit önümlerini alýar.



Harydyň görnüşinden kim nirde işleýändigini bilip bolýar. Meselem, prostynlary, ýassyk daşyny, ýorgan-düşege degişli zatlary, hem-de giçki pižamalary trikotaž fabrikasynyň işgärleri satýarlar. Dokylmadyk materiallaryň fabrikasynyň işgärleri bolsa geýim pagtasyny, watin, pagta yorganlary, ýassyklary, milli ýer düşekçeleri- körpeçeleri satýarlar.



Satyjylaryň gürrüňlerine görä, olar harytlary ýada irden – ikinji smenadan öň, ýada günortandan soň – ikinji smena gutaran soň satmaly bolýarlar, çünki iň soňky aý lygy fewral aýynda aldylar. Soňky üç aýlyk önüm bilen berileni hasaba alsak, nagt pul bilen aýlyk iň soň fewral aýynda berileni ýüze çykýar. Işçileriň özleri aýdyşy ýaly, olar maşgalalaryny eklemek ücin bulary etmäge mejbur bolýarlar.



Bazarda bolsa, bunuň ýaly satmagy oňarmaýan satyjylary derrew bilip bolýar, çunki stanok hem-de dokma maşynyň başynda duran soň olaryň satyjylyk türgenligi ýok. Olar uçin iň möhüm zat – harytlary satmak, şonuň üçin hem olar satyn alýanlara öz bahasyna, ýangy bazar nyrhyndan arzan berýänlerini aýdyp duranlaryny eşidip bolýar.



Harytlar bolsa gowy geçmeýär. Emma, tikin fabrikanyň işgärleriňki oňdy. Olaryň çaga tikin önümleri - ýagny kostýumlar, koýnekler, şortylar, futbolkalar köp talap ediýärler, çünki çagalar ücin tiz-tiz geýim alynýar. Müşterileriň arasynda obadan söwda etmäge gelen adamlar köp, olar arzan, 20 den 100 müň manatlyk (0,9-4,5 ABŞ dollarylyk) çagalar geýimleri jany bilen alýarlar. Bu Türkiýe hem-de Hytaý dan getirilen harytlardan köp esse arzan.



Maý aýynda dokma senagat ministry Dörtguly Aýdogdyýew wezipesinden boşadylan soň hem aýlyk borçlar ýagdaýy üýtgemedi. Resmi tertibde ol öz gulluk ýagdaýyna daýanyp hynaýat edeni bilen günäkärlenildi, emma onuň tussagynyndan bir näçe gün öň aýlyk berilmedigi üçin geçirilen närazyçylyk aktsiýa onuň mertebesiniň soňyna sebäp bolan bolsa gerek.



Bu wakalardan soň ministrligiň gözegçiliginiň astynda işleýän edaralaryňda prokuratura işgärleri bilen geçirilen derňewiň netijesinde maliýe otçetlarda käbir kemsizlikler ýüze çykdy. Prokuratura işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bunuň ýaly edaralarda iki wedomost ýöreýärdi, ýagny bir dokumentler boýunça hemme zat gowydy, hem-de işçilere aýlyklary öz wagtynda berilýärdi, hakykatda bolsa olar hiç zat almaýardylar.



Dokma fabrikalaryň önümleri ilat tarapyndan talap edilýäni gaty gowy. Emma başga pudagda işleýän adamlar näme etmeli, olar hem näçe aýdyr aýlygy görmeýärler, emma olar öndürýän harytlary bazara çykaryp bolmaz. Meselem, mineral dökünleri, himikatlary, superfosfaty isläp çykarýan Türkmenabad himiýa zawodynyn işgärlerine dört aý - ýanwardan maýa çenli aýlyklary berilmedi. Gämileri, baržalary hem-de teplohodlary remont edýän işçiler hem-de ekskawator zavodynyň işçileri hut şonuň ýaly ýagdaýda.