Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Pensiýa – salgyt inspektsiýa arkaly

Türkmenabat şäheriniň ýerli häkimiýetleri pensionerlere gereksiz kärhanaçylyk barada şertnama gol çektirip hem-de patent aldyryp şeýle kiçi biznes pudagynyň problemalaryny çözmäge synanyşýarlar.
By IWPR
Türkmenabad şäheriniň birnäçe ýaşaýjylaryň aýdyp berişi ýaly, olar pensiýalaryny almanac gidenlerinde olaryň tamasynyň tersine olary kärhanaçy etdiler. Ýyllar dowamynda işläp, gazanan dynça çykamagy islän Ýekaterina Uwarowa, Kakabaý Orazow, Dmitriý Sleptsow hem-de Maýagözel Durdyýewa düşen ýagdaýa bir topar başga pensionerler hem düşdi.



Olar beren maglumatlara görä, şäher sotsial üpjünçilik gullygy bilen salgyt inspektsiýasy aralarynda ylalaşyp hususy biznes görkezijisini götermek we hususy kärhanaçylaryň sanyny köpeltmek üçin özbolyşly täsin bir usul tapdylar.



Gapan ýaly olar meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma yalalaşygyny ulanýarlar, bu ylalaşyk bolmasa, adamlara pensiýalaryny taýarlap bermeýärler, bu bolsa 2006-njy ýylda kabul edilen pensiýa hakyndaky kararyň bozmaklygy, çünki bu karar boýunça pensiýany bu sertnamasyz taýarlap bolýar.



Meselem, siz pensiýa taýarlama kagyzlary bilen sobese gelýärsiňiz. Ilki bilen pensiýa aljak bolan adamlardan bu meýletin ätiýaçlandyrma ylalasygyny soraýarlar. Bu şertnama bolmasa, adamy salgyt inspeksiýasyna goýberýärler. Ol ýerde bolsa pensioneri hususy kärhanaçylyk işi hakynda şertnama gol çekmäge hem-de 180 müň manada, ýagny bazar kursy boýunça 9 dolara patent almaga mejbur edýärler.



Köplenç pensionerler bir näçe aýlek, minimal möhletli şertnama gol çekýärler. Diň e bundan soň , hut şol salgyt inspektsiýasynda adamlar olardan kanunsyz talap edilýän meýletin ätiýaçlandyrma sertnamasyna gol çekip bilýarler. Üstesine, bu şertnamany taýarlamak üçin ýene-de iki protsentini bank töläp geçmeli bolýarlar. Diňe şondan soň pensionerler rahat şäher sobesine gidip pensiýa taýarlanmak üçin kagyzlary tabşyryp bilýärler.



El eli ýuwýar diyen ýaly, bu yerde şäher sotsial üpjüncilik gullygy bilen salgyt inspektsiýasynyň raýdaşlygy ýüze çykýar.



Bundan başga, döwlet gulluklary pensiýa almagy kynlaşdyrmak üçin hem-de onuň mukdaryny kesmek üçin her hili ýol tapmana synanyşýrlar. Şeýle, täze karar boýunça 1998 ýyla çenli is stajyžyna eýe bolmayanlar raýatlar, ýagny erkekler üçin – 25 ýyl, aýallar üçin 20 – pensiyadan mahrum bolýarlar.



Ýada ynha başga bir ýol. Bundan beýläk, 2006-njy ýyldan başlap, adamlar sobese bir edarada 10 ýyl dyngysyz iş stažy barada sprawka bermeli. Bundan öň 5 ýyl barada, ondan hem öň 2 ýyl staž barada sprawka bermelidi. Häzirki işsizlik derejesi bilen köp adamlar üçin zähmet kitapçasynda bunuň ýaly maglumatlary saklamak mümkin däl.



Bunuň ýaly pensionerleriň hukuklaryndan kesmekler býurokratik apparatynyň betniýet maksatlary bilen edilýärler. Ýerli synçylaryň pikri boýunça, bu çäreler ýokary görkezijileri hem-de döwlet býujetini tygtyşlylygyny talap edýän Aşgabatdaky merkezi häkimiýetler bilen Prezidentiň göwnüni tapmak üçin edilýär.