Özbegistan we Türkmenistan Owganystan bilen ýakyn gatnaşyk etmäge ägälik bilen çemeleşýärler

Özbegistan we Türkmenistan Owganystan bilen ýakyn gatnaşyk etmäge ägälik bilen çemeleşýärler

Досым Сатпаев, директор Группы оценки рисков в Казахстане. (Фото: Д. Сатпаев)
Досым Сатпаев, директор Группы оценки рисков в Казахстане. (Фото: Д. Сатпаев)

Regional ekspert Dosym Satpaýewiň pikirine görä, geljek ýyllarda halkara güýçleriň Owganystandan çykarylmagy bilen Özbegistana we Türkmenistana Owganystan bilen göni gatnaşyklary alyp barmak zerur bolar. Ýöne bu Merkezi Aziýa döwletleriniň ikisem, ol ýerdäki durnuksyz ýagdaý sebäpli, Owganystan bilen gatnaşyklaryny belli bir çäklerden çykarman saklamaga çalyşarlar.

IWPR Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän töwekgelçilige baha beriş toparynyň direktrory Satpaýewden Owganystanyň goňşylary hökmünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň üýtgeýän rollary barada gürrüň bermegi haýyş etdi.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Türkmenistan we Özbegistan Owganystan bilen söwda we transport baglanyşyklaryny gurmak isleýärlermi?

Dosym Satpaýew: Özbegistan eýýäm transport proýektleriniň üstünde işleýär, aýratynam köpsanly özbekleriň ýaşaýan ýeri bolan demirgazyk Owganystanda. Edil öň ýaragly toparlaryň ýolbaşçysy bolan Abdul Raşid Dostumy goldaýyşy ýaly, Taşkent Owganystanda özüne soýuzdaşlary gözleýär. Munuň esasy aladasy howpsyzlyk – Owganystandaky ýagdaýyň ýaýramak howpuny edip bildigiçe kemeltmek.

Türkmenistan üçin Owganystanda bar bolan esasy gyzyklanma ony tebigy gazy tranzit etmek üçin mümkin ýol hökmünde ulanmak. Owgan territoriýasynyň üsti bilen sub-kontinente geçip biljek troboprowod planlary mundan on ýyldanam öň başlanypdy.

Täjigistan bilen Gyrgyzstan, bulardan tapawutlylykda, Gyrgyz we Täjik elektrik toguny Owganystana we Pakistana geçirýän CASA-1000 ýaly regional infrastruktura proýektlerine has köpüräk gatnaşýarlar.

Belkide Özbegistan Öwganystan bilen transport we söwda ylalaşyklaryna formal taýdan gol çekişendir, ýöne olara entek çyn ýürekden ýapyşylanok. Bu esasanam Owganystanda hiç kimiň howpsyzlygy kepil geçip bilmeýändigi üçindir. Owgan infrastrukturasyna bolan türkmen goldawy hem edil şonuň ýaly ynamsyz bolar – amala aşsa onda oňat, amal aşmasa-da hiç zyýany ýok.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Noýabryň başynda Stambulda geçirilen konferensiýada gürrüňi edilen “Taze Ýüpek Ýoly Programmasy” transportda, kommunikasiýada, ykdysadyýetde we medeniýetde has gowurak regional integrasiýany göz öňünde tutýär. Emma ykdysady taýdan izolirlenen döwletler bolan Türkmenistan bilen Özbegistan üçin munuň özüne çekiji tarapy barmy?

Satpaýew: Merkezi Aziýanyň içinde baglanyşyklardan bölünişikler köp, şonuň üçin Owganystan bilen integrasiýa barada gürrüň ederden entek has irräk. Bu prioritet däl, hem-de Türkmenistanam, Özbegistanam muňa gyzyklanma bildirenok... Gynansagam Merkezi Aziýa regiony bäsdeş toparlara bölünen we bu ýerde hiç-hili birikdiriji idea ýok.

Eger ykdysady integrasiýa döwletleriň has pragmatiki assosiasiýasyny aňladýan bolsa, hatda şolam iş ýüzünde mümkin däl. Biz diňe Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlyk barada gürrüň edip bileris, hatda olam diňe belli bir ugurlarda. Sebäbi ýurduň ykdasadyýetiniň köp bölegi narkotik söwdasy we beýleki bikanun işler bilen bagly.

Özbegistan üçin Russiýa we Gazagystan bilen ykdysady integrasiýany gurnamak ýeňilräk, Türkmenistan bolsa Türkiýe bilen has ýakyn ykdysady baglanyşyklara tarap ugur aldy.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: NATO goşunlary Owganystandan çykarylandan soň, Türkmenistan we Özbegistan ýaly goňşy döwletler ulyrak roly oýnamaga mejbur bolarlar. Bol olaryň öz içindäki syýasy sistemalaryna nähili täsir eder?

Satpaýew: Birleşen Ştatlar söweş goşunlaryny çykarmak üçin söňky çäk hökmünde 2014-nji ýyly belledi. Ýöne meniň pikirimçe bu Yrakdaky ýaly bolar, ol ýerde ABŞ söweş misiýasynyň tamamlanandygyna seretmezden öz harby bölümlerini saklaýar. Prezident Hamid Karzaýyň ýa-da onuň ýerini eýeläp biljek başga bir adamyň amerikan goldawy bolmasa häkimiýeti saklap bilmejekdigine hemmeler düşünýär. Üstesinede, eger [Taliban] ekstrimistler häkimiýete geçse bu hiç-kim üçin peýdaly bolmaz.

Men goşunlaryň çykarylmagynyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň geo-syýasy roluny artdyrjakdygyna ynanýaryn. Emma men munuň içerki syýasata göni täsir etmegine garaşamok.

Amerikan täsiri özbek we türkmen taraplarynyň içerki syýasatlaryny käbir täsiri ýetirdi, emma bu esasy faktor däl. Eger ýadyňyzda bolsa, Özbegistanda 2001-2005-nji ýyllar aralygynda ABŞ harby aeroportynyň ýerleşmegi içerki ýagdaýa hiç-hili täsir etmedi. Taşkent we Aşgabat Waşington bilen näçe ýakyn arkadaşlyk etsede, olar muny ýeterlik uzaklykda saklarlar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Law reform
Frontline Updates
Support local journalists