Öňki türkmen lideriniň altyn heýkeli aýrylýar

Öňki türkmen lideriniň altyn heýkeli aýrylýar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady awgustyň 25-inde seýrek tolgunyş gurşap aldy. Adamlar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň altyn statuýasynyň aýrylyşyna tomaşa etmäge ýygnandylar. 

Gün bilen deň aýlanýan Nyýazowyň 12 metrlik heýkeli üstünde bolan, 63 metrlik Bitaraplyk Arkasynyň aýrylmagy 2006-njy ýylda Nyýazow aradan çykanyndan soň, ony gurşap alan şahsyýet kultunyň kem-kemden ýok edilmeginde esasy wakadyr.

2007-nji ýylda prezident bolan Gurbanguly Berdimuhammedow bu arkanyň Türkmenistanyň yglan eden bitaraplyk statusy üçin guruljak täze ýadygärlik bilen çalşyrylmagyny buýurdy.

Täze gurluş Türkmenistanyň baýdagyny we gerbini, hem-de esasy türkmen tirelerini häsiýetlendirýän nagyşlary özünde saklar. Bu ýurt garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny gabatlanyp, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanar.

Arkany aýyrmak iki aýdan gowrak wagty aldy. Ýerli ýaşaýjylar altyn heýkeleiň seresaplyk bilen alnyşyny görmäge geldiler.

Seredip duranlaryň birisi statuýanyň merkezden daşda bolan bir ýerde gaýtadan goýuljagyny çaklady.

“Nyýazow taryhy şahsyýet, ony saklamaly we beýleki taryhy ýadygärliklere goşulmaga ýol bermeli” diýip ol aýtdy. “Olar muny belki Berzeňňide [Aşgabadyň etegi], Ruhnamanyň duran ýerinde goýarlar.”

Ol Niýazowyň döwlet-guruş proýekti üçin ideologiki tekst hökmünde ýazan esasy kitaby Ruhnamanyň has uly görnüşini görkezýän ýadygärligiň gürrüňini edýärdi.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti bolanyndan soň, öňki Sowet Kommunist Partiýasynyň ýerine ýetiriji işgäri Nyýazow öz daşynda şahsyýet kultyny döretdi, hem-de özüni Türkmenbaşy hökmünde tanadyp başlady we öz hormatyna ýer atlarynyň üýtgedilmegini buýruk berdi. Onuň şekilleri hemme ýerdedi, olar edil Ruhnamanyň bolşy ýaly her bir mekdepde we ederada hökman bolmalydy.

Ýurduň gaty uly gaz girdejileri Nýazowy şöhratlandyrýan, zerurlygy bolmadyk ulu gurluşyk proýektlerine gönükdirildi.

Ýurt başyna geçensoň Berdimuhammedow çäklendirilen reformalary esaslandyrdy, olar köplenç Nyýazowyň akylsyz we yzagalak syýasatlarynyň käbirlerini ýatyrmak bilen çäklendi.

Bu prosesiň bir bölegi şahsyýet kultynyň jemgyýete görünýän şekillerini ýuwaşlyk bilen öçürmegi öz içine aldy. Berdimuhammedowyň öz suratlary Nyýazowyň suratlaryny çalyşdy, ýöne entek täze lider gopbamsy statuýalara we ýer atlaryny çalyşmaga baryp ýetenok.

Aşgabatda bir döwlet gullukçysy häkimiýetleriň öňki prezidentiň yzyny ýok etmäge çynlakaý seredýändigini aýtdy.

“Aýrylan ýadygärligiň ýanynda duran uly öküzi hem olaryň aýyrmakçydygy barada gybatlar bar. Onuň üstünde kiçi çaga görnüşinde Nyýazow otyr” diýip ol aýtdy .

Arkanyň ýumrulyşyna seredip duranlaryň birisi bolan bir pensioner entegem Nyýazowa we onuň maşgala agzalaryna goýlan ýadygärlikleriň bu ýerde köpdügini belledi.

Ol: “Siz näme hemme zat ýatdan beýle aňsatlyk bilen öçürilip bilner diýip pikir edýäňizmi?” diýdi.

Betondan we altyndan bolan Bitaraplyk Arkasynyň soňuny görmäge seredip duranlaryň hemmesi şat bolmady.

Ol pensioner “Bu kime zyýan berdi?” diýip sorady. “Biz bu owadan zady indi gaýdyp görmeris.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists