Nebitçileriň gozgalany
Nebitçileriň gozgalany
Garşylyk IIM we MHM harbylaşdyrylan bölümçelri tarapyndan ýatyryldy, netijede 62 adam tussag edildi.
NBCA çeşmesi Balkan welaýatynyň günbatarynda şuna menzeş garşylyklaryň “Kaspiýyň şelfynda we “Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyklarynda işleýän ähli daşary ýurt kompaniýalarda ” bolandygyny tassyklady.
Olar amerikan dollarynyň täze çalşyş bahasy milli manada denäninde aýlyklaryň pesse düşmegine getirmegi bilen baglylykda zähmet haklarynyň galdyrylmagyny talap etdiler.
Daşary yurt kompaniýalaryň ýerli işçiler bilen baglaşylan zähmet şertnamalarynda aýlykalryň milli manatda berilýän gündäki kurs bilen berilmelidigine garamazdan kompaniýalaryň aglabasy pullary ABŞ-nyň dollary görnüşinde berýär diler.
“Bu iki tarap üçin hem amatly, sebäbi biz pullary gara bazarda mydama çalşýärys,” - diýip işçileriň biri gürrün berýär.
Ozal ýurtda iki baha bardy, resmi 6250 manat 1 ABŞ-nyň dollary üçin we bazar Döwlet bankynyň bahasyndan 4-5 esse köp.
Maýyň 1-nden başlap pulyň denominasiýasyny geçirilmegine ýagny banknotlardan üç artrykmaç nolyň aýyrmaklygy üçin türkmen hökümeti 1 amerikan dollary üçin 14250 manat möçberde bir bahany bellediler.
Ozal daşary ýurt kompaniýalarda işçiler mysal üçin 200 dollar zähmet hakyny alyp oňy bazar bahasy ýagny 23000-24000 manatdan çalşyp olaryň puly 4,6-4,8 million manat bolup olaryň maşgalalaryna ýeterlik bolýärdy.
Täze bir bahasynyň girizmegi bilen olara berilýän dollarlary çalşanlarynda ikki esse aýlyklary pesselýär.
“Aşgabatdaky ilçihanalaryň ýanyndaky restoranyň aşpäzi şikaýat edýar: aýda 300 dollar alyp oňy gara bazarda çalşyp meň gowy ýaşap hyzmat ediş tehnikany satyn alyp, garry ejeme kömekleşip hem-de çagamy Kaspiýdaky tomus lagerine iberip bilýärdim emma häzir bolsa bu maňa indi el eterli däl”.
NBCA synçylary hökümet geçirilýän reformalar barada jar edip daşary yurt kompaniýalaryň ykdysady tarapynda düzgün emele getirmediler hem-de emele gelen ýagdaýlaryň ýümçatmaklygy üçin çäre görmändikleri sebäpli sosial partlama emele geldi.
Türkmenistanda aýlyk haklary bermegiň gizlin görnüşi haçanda ol bir walutada görkezilip. hakykatda bolsa başga görnüşde berilmegi ginden ýaýrady diýip teswirjiler görkezýärler.
NBCA Aşgabatdaky bilermeni “bu büjeti dolmaga ýaramaz täsir edýär, döwlet zähmet haklaryna salynýän salgytlary her aý doly alyp bilenok ” – diýär.
Ykdysatçy “Hökümet manady emeli berkitmegi bilen bir tarapdan beýliki tarapdan bolsa öz kanunlaryny firmalara daşary yurt pullary bermäge rugsat edip bozýär.” Eger-de yglan edilen reformalar hakyky bolsa onda hökümet daşary yurt dolandyrýän subýektler bilen baglaşylan şertnamalaryň
Bolgariýadaky türkmen ykdysady synçysy Annadurdy Hajiýew aýdýär – ösen döwletlerdäki ýaly hususy kompaniýalar işgärleriň önündäki öz borçnmalaryny gaýtadan seredip aratatawudy indeksleşdirilmalydy. Emma daşary yurt kompaniýalar hereket edýän kanunyň bozulmagy ýagny Türkmenistanyň çäginde eketäk tölegiň görnüşi manat bolandygy sebäpli etmediler.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)