Narkologik dispanserlarynda narkotiklaryň satylyşy

Türkmenistanda narkologik dispanserlarda lukmanlar keselleri bejermek ýerine olara narkotiki jisimleri satýarlar.

Narkologik dispanserlarynda narkotiklaryň satylyşy

Türkmenistanda narkologik dispanserlarda lukmanlar keselleri bejermek ýerine olara narkotiki jisimleri satýarlar.

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Wednesday, 26 July, 2006
Demirgazyk şäheri Daşoguzyň ýaşaýjysy Jahan Mammetnazarowanyň aýdyşyna görä, onuň kiçi ogly Nazar şonuň ýaly narkologik dispanserlaryň lukmanlarynyň arasynda ýaýran tejribeniň gurbany bolupdyr.



Jahanyň düşündirişine görä, onuň ogly ene-atasy pul berip ýatyran dispanserynda lukmanlar ony tölegine narkotik bilen üpjün edenlerini boýun aldy.



Jahanyň aýdyşy ýaly, ogly bulary ol birinji gezek kömek etmedigi üçin, ony ikinji gezek narkologiýa ýatyrjak wagtynda aýdyp berdi. Nazar ilki bilen köp garşylyk görkezipdir, ahyrynda bunuň pul bilen wagtyň biderek sarp edilmegi barada aýdypdyr. Ol bu pulyň ýarysyny maňa beriň, men özüm hem olar berýän dermanlary alyp bilerin diýýipdir.



Şol dispanseryň bir lukmany Maýsa Nuryýewanyň aýtmagyna görä, ol bu dispanseriň lukmanlarynyň arasynda keselleri olara gerek bolan awy bilen üpjün edýän lukmanlary bolandygy barada hemişe bilýärdi. Maýsanyň aýdysy ýaly bu örän girdejeli söwdadyr. Hassahanadan daşary çykyp bilmeýän narkomanlar dozany palata eltip berme şerti bilen lukmanlardan satyn almana örän şat.



Lukmanlaryň bunuň ýaly işlerinden zyýan çeken Jahan gahary gelenini aýdýar. Ol özüni güýçsüz duýdugyny, indi hiç bir ýerden kömek garasmaýanyny aýdýar, bunuň ýaly zatlara päsgel bermek ýerine lukmanlar özleri bu iş bilen meşgullanýarlar.



Mammetnazarow maşgalasy ýaly maşgala Türkmenistanda az däl, bu ýurt narkomaniýa derejesi boýunça regionda liderdyr. Mary şäheriniň ýaşaýjysy Oraz Aşirowyň aýdyşyna görä, narkomançylyk türkmenler üçin bir bela boldy. Her maşgalada iň gowy ýagdaýda bir narkoman bar.



Türkmenistanyň hökümeti narkomançylyk bilen söweşmek üçin kesgitli çäreler görmäne synanyşýar. Narkomançylyk hem de narkotiklaryň kanunsyz dolanyşyna bilen söweşýän Döwlet Komissiýasy döredildi. Narkomançylyk hem-de narkotiki jisimleri ýaýratyjylary bilen söweşmek üçin Döwlet Programmasy işläp taýarlandy. Prezident Saparmurat Nyýazow Narkomançylyk bilen söweşmek hem-de narkotik bilen psihotrop jisimlerden mätäç bolan adamlara kömek etmek Milli planyna gol çekti.



Emma, hökümet narkomançylyga garşy söweş kampaniýasyny yglan etmesine garamazdan, bu programmany ýerine ýetirmek jogapkärligini üstüne alan saglyk goraýyş sistemasynyň bu günki ýagdaýy bolsa meseleli.



2005 ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň saglyk goraýyş sistemasy hozrasçeda gecilirdi. Diýmek, indi lukmanlar bilen orta saglyk personaly özlerini özleri üpjün etmeli bolýarlar, ýagny özleri aýlyk üçin maddy mümkinçiliklerini tapmaly bolýarlar.



Soňky wagtlar işe gireniňde gowy wezipe üçin para bermeli. Adamlaryň işlesi gelýar, şonuň üçin olar bunuň ýaly kanuna garşy hereketleri etmeli bolýarlar. Paralaryň mukdary kiçi däl, şonuň üçin köp lukmanlary wezipelerine bäşlan soň, garzyna alan pularyny işläp tapmaly bolýarlar.



Netijede lukmanlar bunuň ýaly kanunsyz işler, ýagny keselleri bejermek ýerine olara narkotiklary satmak bilen meşgullanýarlar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists