Merkezi Aziýa: Suw ylalaşygy mümkin

Merkezi Aziýa: Suw ylalaşygy mümkin

Tuesday, 21 October, 2008
NBCA-yň synçylary güýçlendirilýän suw meseleleri resmi Taşkenti gonşy döwletler bilen suw resurslaryny özara bähbitli ulanmakda ylalaşyga gitmäge mejbur eder diýip hasap edýärler.



10-njy oktýabrda Bişkekde geçirilen ewroaziýa ykdysady bileleşigiň sammitynda merkezi-aziýa döwletleriň baştutanlary Gyrgyzstana geljeki ýylyň birinji çäreginde özbek tebigy gazynyň we gazak kämüriniň üznüksüz iberilmegi hakynda ylalaşdylar.



“Merkezi aziýa döwlet baştutanlaryň bu karary Gyrgyzstanyň (esasy suw resurslaryň iberijisi) suw howdanlarynyň suw derejesini saklanmagyna gönükdirilen ” bu Özbegistanyň we Gazagystanyň wegetasiýa möwsüminde suwarymly suwda zerurlyklaryny üpjün etmegi üçin gerek- diýip gyrgyz tarapyn metbugat üçin ýaýradan habarynda aýdylýär.



Merkezi Aziýanyň suw resurslarynyň 80 % belent dagly Gyrgystan we Täjigistan respublikalaryň çäginde emele gelýär, olar hem suw akymlaryň sazlanyşygy we suw howudanlaryň saklanşyny üpjün etmek boýunça çykdaýjylary.



Akymyň aşagynda ýerleşen Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan hem suw resurslaryň alyjylary.



Sentýabr aýynyň ortalarynda Özbegistandan başga ähli döwletler suwyň özara bähbitly ulanmagy we çykdaýjylaryň zerur paýlanyşygy bilen ylalaşdylar.Emma gutarnykly Ylalaşyk resmi Taşkentiň bu resminamany köp ýyllap gol çekmekden ýagny suw resuslaryň trans serhet häsiýetlidigi üçin çekmekden ýäz döndüreni sebäpli kabul edilmedi



NBCA tarapyndan soralan teswirleýjiler bişketdaky merkezi-aziýa döwletleriň duşuşygyndan soňra özbek tarapynyň garaýşynyň ümşamaklygyna ynam bar diýip aýdýarlar.



Emigrasiýadaky özbek syýasatçy Taşpulat Ýuldaşew Merkezi Aziýa yurt baştutanlary prezident Islam Karimowysuw barada ylalaşyga gol çekmege we ýerine ýetirmege mejbur ederler, bolmasa geljeki ýylyň güýzüne Özbegistan erbet ýagdaýda galmagy mänkin diýip hasap edýär.



“Eger ol (Karimow) ylalaşmasa Gyrgyzstan we Täjigistan tomus öz suw howdanlarynda suw üýşirip başlarlar we özbek meýdanlaryny suwarmaga goýbermeseler ähli hasyl ýogalar,” – diýip ol çak edýär.



NBCA-yň bilermenleri suwarmak üçin suwyň ýoklugy suwa azlyk we guraklyk bilen baglylykda Özbegistanyň ykdysadyýetine oba hojalygyna ýetiren zyýanyň hasabynda ýaramaz täsir eder diýip belleýärler.



Mysal üçin 2007-nji ýylda suw ýetmezçiligi sebäpli ýurdyň on üç welaýatynda şali ekmek gadagan edildi, ony ýetişdirmek üçin kän çig gerek. Netijede az hasyl alyndy, 2008-nji ýylda şaliň daşyna satylmagy gadagan edildi we bugdaýyn eldegirmesiz döwlet goryny döretmek boýunça çäreler kabul edildi.



Dünýä bazarlaryna satylýan önümi bolan pagta hem suw etmezçiligi täsir edýär.



Taşkentden ykdysady synçy Özbegistanyň ilatynyň köpelmegi we klimat şertleriň üýtgemegi goşmaça suw resurslarda zerurlygy artdyrýär we ýakyn ýyllarda ýagdaýyn beterlemegini çaklaýär.



Onuň bilen hem NBCA tarapyndan soralan teswirleýjiler ylalaşýär. Olar emele gelen ýagdaý resmi Taşkenti ylalaşyga gitmäge we Merkezi Aziýa başga döwletleri bilen deň çykdaýjylary çekmäge borçlandyrylarlar.



Eduard Poletaýew Almatanyň Ewroaziýa dünýasi jurnalyň baş redaktory “Özbegistan öz goňşularyna ambisiýalaryny görkezer, ýone suwyň onuň üsti bilen geçip gidýändigi bilen ylalaşmaly bolar, onuň esasy çeşmeleri döwletiň daşynda ýerleşýär,” - diýip kesgitleýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists