Merkezi Aziýa: Nobatdaky sammit suw meseleleri jogapsyz goýdy.

Merkezi Aziýa: Nobatdaky sammit suw meseleleri jogapsyz goýdy.

Tuesday, 2 June, 2009
Merkezi –aziýa döwletlerini suw meselede bir pikire geljekdigi barada tamalar amala aşady.



28-nji aprelde Almata gazak şäherinde Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň (AHHG) döredijileriniň – döwlet baştutanlaryň samity geçdi onda merkeziaziýa döwletleriň bäşisiniň baştutanlary gatnaşdylar, Kazagystan, Gyrgyzstan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan.



KHBS maglumatlaryna görä samite gatnaşanlar Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň işi bilen bagly “wajyp meseleleri”maslahatlaşsylar we gürründeşligiň netijeleri boýunça bilelikde beýan kabul etdiler.



Merkeziaziýa Internet-çaphanalar forumyň netijesi barada resminamanyň taslamana “suw meselesie degişli meseleleri girizilip we soňra degişli bentleriň çyzylandygyna” garamazdan suw bilen bagly meseleler samitde ginden maslahatlaşylmady diýip habar berdiler.



NBCA-nyň synçylary muny bäş merkeziaziýa döwletleriň pikirleriniň ylalaşylmadygy we çykalga tapmak üçin galan agyrlyklary bilen baglaýarlar.



Sebitiň döwletleriniň arasynda suw serişdelerini ulanmak boýunça birnäçe düşünşmezligi bar, we suw serişdeleriň 80 % Gyrgyzstanyň we Täjigistanyň çäklerindäki derýalaryň ýokerlarynda emele gelýar.



Nebite we gaza baý bolan Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan akymdan aşakda bolyp suw ýetmezçiligini çekýarler, esasam suwarymly pasyl.



Gyş pasly Gyrgyzstanyň we Täjigistanyň suw howdanlarynda suw ýatiýaçlygy toplanýar, ondan bir bölegi elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar ham-de beýlekisi bolsa sebitiň ähli döwletleriniň oba hojalyk ýerlerini tomus pasly suwarmak üçin ulanylýar.



Emma dawalar her ýyl emele gelýarler.



Döwletleriň arasyndaky dawa resmi Taşkent gonşy döwletleriň meýilleri bilen näyrza bolyp BMG garamagyndan gidrodesgalary gurmak boýunça taslamalara talaplary berkitmek we halkara bilermenligi geçirmek boýunça teklip bilen çykyş edenden soňra beterledi. (2009-njy ýylyň aprel aýynyň 27-ndäki RСA № 574 suw meselelerde Özbegistan Gazagystanyň goldawyny aljak bolýar diýip serediň.)



Özbek häkimiýeti täze gidrodesgalaryň suw etmezçiligine getirer we ol bolsa ýurdyň ykdysadyýetine erbet täsir eder we ýurdyň ykdysadyýeti pagtanyň satylmagyna bagly hem-de oba hojalyk ösümliler köp möçberde çiglyga mätäç diýip howplanýarlar.



Apreliň başynda Butün dünýa bankynyň özbek häkimiýetiniň teklibini goldandygy mälim boldy. Mundan daşary başlangyçlary Aşgabat we Astana goldady.



NBCA seljermeçileri merkeziaziýa döwletleriň baştutanlary Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň samitinde wajyp bolan suw meselesi boýunça çözgüt kabul ederler diýip garaşdylar emma bu bolmady.



Merkeziaziýa ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary olaryň hiçisiniň eňilliklere ýol bermejekdigini görkezdi.



Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “suw-energetika deňagramlygyny ütgetmek boýunça ylalaşylmadyk çäreleriň kabul etmekligine ýol berilmeli däl” diýdi, özbek baştutany Islam Karimow goňşularyň gidrodesgalar barada taslamalaryny “pikirsiz iş” diýip aýtdy, we gyrgyz prezidenti Kurbanbek Bakiýew “Gyrgyzstan tarapyndan amala öz ykdysadyýeti üçin uly ýitgileriň çekip suw toplamak boýunça hyzmatlary amala aşrýandygy üçin” pul bilen öwezini doldyrmagyň zerurdygy barada aýtdy.



NBCA synçylarynyň biri “geçen samit merkeziaziýa sebitiniň ýurtlarynyň baştutanlarynyň arasynda hyzmatdyşlygy amala aşyrmak üçin ynamyň we islegiň ýokdygyny görkezdi” diýip aýtdy.



Bu hakykat suw-energetika meselesiniň esasy agyrlygy we bu bahym çözilmez.



Almatadaky syýasatçy Aýdos Sarimow NBCA “Bu meseläni takmynam ýene on ýyldan soňra haçanda häkimiýete pes bäsdeşiklege dälde kooperasiýa gönükdirilen täzelikçi syýasatçylar gelende çözüp bolar” diýip aýtdy.



Onun pikirine göra merkeziaziýa elitasynyň arasynda “birleşmek boýunça gyzyklanma” ýok, bu bolsa sebitiň suw syýasatyny sazlaşykly çözmek üçin gerek.



Taşkentden garaşsyz ykdysadyýetçi Kamran Aliýew hem sebitiň suw meselesini çözmek üçin köp wagt, syýasy erk, çykdaýjylary we zerurlyklary deň çekmek islegi gerek bolar diýip pikir edýar.



Gazagystandaky ykdysadyýetçi Sergeý Smirnow , Merkezi Aziýanyň gidrodesgalarynyň ylgamy sowet döwürinde sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazar alyp döredildi, şol sebäp bilen döwletler “bir ýuzük bilen bagly” hem-de baştutanlara irde ýa giç gürründeşlik stoluň daşynda oturmaly borlar dişip ýatladýar.



“Diňe bir çykalga-ylalaşmak” diýip Smirnow belleýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy (proekti) , Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbekistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists