Merkezi Aziýa: Gidrodesgalara synagyna edilýan talaplar sebidiň aragatnaşyklaryny gowlandyrmaz

Merkezi Aziýa: Gidrodesgalara synagyna edilýan talaplar sebidiň aragatnaşyklaryny gowlandyrmaz

Wednesday, 11 March, 2009
NBCA-nyň synçylarynyň arasynda gidrodesgalaryň taslamalaryna talaplary berkitmek barada Özbek başlangyjy boýunça maslahat geirildi



Özbegistanyň habarlar agenstwosy Press-UzInfo Türkmenistanyň we Özbegistanyň baştutanlarynyň BMG esasynda serhet derýalaryň halkara barlaglaryny geçirmek hakynda başlangaçlaryna dünýaniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň seslenmeleri barada mart aýynyň 3-ne makalasyny çap etdi.



Iki prezidentyň beýany fewral aýynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Taşkentde resmi saparda bolan wagtynda gonşy döwletleriň Gyrgyzstanyň we Tajigistanyň öz çäklerinde täze gidroelektrostansiýalary gurmak barada hereketiniň ýygylanmagynyň täsirinde aýdyldy.



Russiýa maýagoýumlary esasynda Gyrgystanda Kambarata GED we Täjigistanda Rogun GED gurulmagy uly möçberde suwlary üýşirmege we elektrik energiýasynyň öndürilmegini artdyrar.



Ozal hem president Islam Karimow taslamalary önünden öwrenmäge çagyrdy, we olarda täze GES gurlanda suw akymyň üýtgemegini hem-de täze desgalaryň sebitiň ekologiýasyna etjek täsiri meselesini goýdy.



Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäkleri derýalaryň akymyndan aşakda ýerleşýarler we suw etmezçiligini çekýarler bu bolsa öz gezeginde ikidöwletiň ykdysadyýetiniň pagta daşyna satmaga bagly bolansoň gidrodesgalary gurulsa suwarymlu pasylda suw etmezçiligi bolar dişip şubha döredýar.



Özbegistanyň içindäki bilermenler dürli pikirleri aýdýarlar, emma ählisi merkezi – aziýa döwletleriň arasyndaky gidroenergiýa meseleleriniň ýitelmegi hakynda meselede birleşýarler.



Käbir seljermeçiler Karimowyň halkara barlaglary geçirmek boýunça talabyny bu meselede halkara hukugyň kadalaryna esaslanmak we sebit meselelerine halkara guramalary çekmek boýunça ädimi diýip hasaplaýarlar.



Taşkentdaky godroenergetika boýunça hünärmen Özbegistanyň talabyny “dogry we öz-özünden çykýan” diýip hasaplaýar, sebäbi häzirki wagtda Merkezi Aziýa suw kuwatlarynyň ýiti ýetmeçiligini ýagdaýynda, Amyderýa we Syrderýa esasy derýalaryň suw üpjünçiligi köp ýyllyk kadalarynda 70% geçenok.



Bular ýaly ýagdaýda diňe suwarymly däl eýsem agyz suwynyň hem mözberleriniň azalmagynyň howpy bar.



“BMG-nyň konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda serhet derýalaryň şol sanda hem gidroenergiýa desgalaryň gurluşygy beýleki döwletleriň ekologiýasyna zyýan etirmeli däl we gonşy döwletleriň ilatlarynyň bähbitlerini kemsitmeli däl ”- diýip hünärmen aýtdy.

Syýasatçylar Türkmenistanyň resmi Taşkentiň GES gurmak meselelerini berkitmek barada pikirini goldamasy sebitiň içindäki döwletleriň aragatnaşyklaryny ýitelmegi mümkin dip hasap edýarler.



Bolgariýadaky türkmen ykdysady seljermeçisi Annadurdy Hajiýew bu mesele boýunça üçünj “tarapy çekmek” “zerurlygy” bar diýip pikir edýar, özbek häkimiýetiniň teklibi boýunça bu BMG bolmaly.



“Hemmelere Merkezi Aziýanyň ýerlerini suwarmak boýunça in pes serişdeleri gonşy döwletlere täsir etmeginiň esasy bolup durandygy mälim we bu meselede dawany aradan aýyrmak üçin jedele halkara gurluşlar gatnaşmaly” – diýip ol aýdýar.



Bolmasa sebitiň ýurtlary özara ylalaşyp bilmezler.



Emma emigrasiýadaky özbek syýasatçysy Taşpulat Ýuldaşew Gyrgystanda we Täjigistanda gidroenergiýa taslamalary geçen asyryň 80-nji ýyllarynda sowet häkimiýeti döwrinde taýýarlanyldylar, we şol sebäpli goňşy döwletleriň godrodesgalarynyň howpsuzlygyny we ykyplylygyny özbaşdak kesgitlemekleriniň gummanlygy ýokary diýip ol görkezýar.



“Olar (taslamalar) gerek bolan ähli barlaglary geçdiler, ýone Özbegistan aýratyn talaplary beýan etmegi dowam etdirýar bu bolsa gonşylara syasy basyş etmek üçin hyýal bolaýmasa.”



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Central Asia
Support our journalists