Jübi telefonlaryň eyeleri, telefonlarynyň diňlenmeginden howatirlanýarlar

Jübi telefonlaryň eyeleri, telefonlarynyň diňlenmeginden howatirlanýarlar

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda mobil baglanyşygyny giňeltmäge çalyşýan mahaly, jübi telefonlarynyň eýeleri, öz telefonlarynyň ýörite gulluklar tarapyndan diňlenmeginden alada galýarlar.



13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedov, Russiýadyň “Mobilnyýe TeleSistemy” investicion kompaniýasynyň prezidenti Leonid Melamed bilen duşuşan halatynda, MTS-iň yolbaşçysy telekomunikaciya pudagyndaky iň täze gazananlary Türkmenistanda özleşdirmäge taýýardygyny, olaryň hataryna ýokary tizlikäki internetiň hem ulanyjylara elýeterli edilmeginiň girýändigini hem mälim edipdir.



Russiýadyň sermaýa goýumlary 150 million amerikan dollaryna barabar bolar, bu bolsa MTS-e öz muşderileriniň sanyny bir1 million adama çenli artdyrmaga mümkünçilik döreder.



Resmi maglumatlara görä, häzirki döwürde Türkmenistanda 530 müň adamda jübi telefony bar. Olaryň 80% ti MTS-iň gullugyndan peýdalanýarlar. Galan 20% ti bolsa Altyn Asyr (TM Cell) milli operatorynyň gullugyndan peýdalanýar. Bu iki operator hem GSM ölçegindäki gullugy öz müşderilerine hödürleýärler.



MTS-iň gullugy “Altyn Asyryňkydan” gymmat bolup durýar. Ýöne “Altyn Asyrda” öz müşderilerine “romiň”, ýagny jübi telefony daşary ýurtlarda hem işlär ýaly ýörite gullugy ýok. Onsoň hem “Altyn Asyrdan” nomer almak uçin bir ýyla golaý wagt gerek.



NBCA-yň synçylarynyň aýtmaklaryna göra, Turkmenistanda jübi telefonlary bahasynyň gymmatlygy hem-de telefon baglanyşygynyň hiliniň gaty ýokary daldigi sebäpden, köp adamlara henize çenli elýeterli däl.



Emma Turkmenistanda mobil telefonlarynyň eýelerini bu meseleler däl-de, telefon arkaly edilÿän gürrüňleriň diňlenilip bilinjekdigii alada goýýar.



“Jübi telefonynda hemme zat barada gürrüň edip, SMS ibermek, ýumşagrak aýdylanynda, paýhassyzlygy aňladyp biler” - diýip, ýerli synçylaryň biri aýdypdyr.



“Başgaça pikir edýän jurnalistleriň hem graždan aktivistleriň, şeýle-de, daşary yurtlara gatnap ýören, daşary ýurtlarda ýakyn garyndaşlary bolan adamlaryň telefonlary diňlenýän bolmagy gaty ähitmal” - diýip, beýleki synçylar belleýärler.



Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň biri, telefon bilen gürleşen halatynda, türkmen hakimiýetlerini tankytlandygyny, netijede baglanyşygyň üzülendigini habar berdi.



“Men gyzyma Russiýada jaň edip, uçaryň biletleriň bahasynyň ur-tut gymmatlandygyndan zeýrenen halatymda, baglanyşyk birden üzüldi-de, telefon wagtlaýynça baglandy.”



Ýurduň güýç ulanyjy gurluşlaryndan bir çeşme bolsa, telefon boýunça syýasy temalar barada gürrüň etmeli däldigini, sebäbi häzirki tehnologiýalar boýunça, jübi telefony arkaly gürleşilmedik halatynda hem telefonyň diňleýji enjam hökmünde ulanylyp bolunýandygyny mälim etdi.



Aşgabatly yerli synçy hem şeýle howatyrlanmalara esasyň bardygyny aýdýar.



“Nyýazowyň döwründe millionlarça dollara satyn alynan diňleýji enjamlaryny häzirki häkimiýetler zyňjak bolmaýarlar” diýip, ol aýdýar.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists