Jemgyýetçilik guramalary resmi hasaba almak islemeýärler

Görnüşi ýaly, Türkmen häkimiýetleri jemgyýetçilik guramalara gözegçilik üçin iň aňsat usuly peýdalanmagy karar eden ýaly. Ýagny, olar dürli bahana bilen şeyle toparlary resmi taýdan hasaba almak islemeýärler.

Jemgyýetçilik guramalary resmi hasaba almak islemeýärler

Görnüşi ýaly, Türkmen häkimiýetleri jemgyýetçilik guramalara gözegçilik üçin iň aňsat usuly peýdalanmagy karar eden ýaly. Ýagny, olar dürli bahana bilen şeyle toparlary resmi taýdan hasaba almak islemeýärler.

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Monday, 18 December, 2006
Milli senetkärler” atly birleşigiň wekili öz guramasynyň registrasiya edilmediginiň sebäbine düşünmeýär. “Biziň toparymyz syýasatdan daşda. Ol milli senedi gorap saklamagy we däp bolan medeniýeti ösdürmegi maksat edýär”, diýip onuň aýdandygyny uruş we parahatçylyk maglumatlar Instituty ýazdy.



Ekologiýa boýunça Lebapdaky jemgyýetçilik birleşiginiň adynyň tutulmagyny islemedik başlygy öz guramasynyň resmi hasaba asla alynmajakdygyna düşünýändigini aýtdy. “Biz eýýäm, dokumentlerimizi iki gezek tabşyrdyk. Soňky sapar bize 1 milliyon 500 müň manatlyk başky puly tölemegi teklip etdiler. Hatda, kanun boyunça şol tölegi guramany resmi hasaba almak baradaky karar çykandan soňra etmeli.



Soňky gezek Adalat ministrligiň kabulhanasynda bir sagatlap garaşdym. Onsoň sekretar gyz ýörite bölümiň müdiriniň ýerinde ýokdygyny yglan etdi” diýip ol sözüni dowam etdi. “Adalat ministrliginiň işgärleri guramamyzy resmi hasaba almagy bilgeşlinden yza çekdirýän bolmaly. Sebäbi, olara hökümete degişli däl toparlary resmi hasaba almazlyk barada görkezme berilen bolmaga çemeli. Olaryň bolsa, muny açyk başarmaýan bolmagy mümkin” diýip Lebapdaky ekologiýa boýunça birleşigiň adynyň tutulmagyny islemedik başlygy aýtdy .



Ylaýtada, adam hukuklary meselesi bilen meşgullanýan jemgyýetçilik guramalara köp azar berýärler. Bulara “Arkadag” atly topar hem girýär. Onuň agzasy birnäçe gezek işlerini kanunlaşdyrmaga çalyşandyklaryny janygyp gürrüň berdi.



“Bize ahyrky gezek yuridiki adresimiz barada kagyzyň ýokdygy aýdylanda, göz görtele ýalan sözlediler. Sebäbi, şeyle kagyz dokumentleriň arasynda bardy. Soňra başky tölegi etmänsiňiz diýlende ‘Arkadagyň’ agzalary ministrlige gatnamagyny kesdiler. Sebäbi, guramamyzyň resmi hasaba alynmajakdygy anyk boldy” diýip toparyň agzasy habar berdi.



Resmi däl guramalary täzeden registrasiýa etdirmek hem yeňil däl. Ylaýtada, bu 2003-nji ýylda “Jemgyýetçilik guramalar” barada kanun kabul edilenden soňra hasam kynlaşdy.



Ýerli analitikleriň pikirine görä, munuň maksady öňki kanuny güýçsiz etmekden ybarat. Sebäbi, onda jemgyýetçilik guramalary resmi hasaba aldyrmak talap edilmeýar.



1997-nji ýylda Türkmenistanda ABŞyň “Kaunterpart Konsortium” atly guramasy işläp başlady we özlerine yüzlenýän toparlaryň hasabyny ýöredip ugrady. Ol resmi däl toparlaryň 400-e golaýdygyny bildirdi. Şeyle toparlaryň örän köpelmegi we olaryň Günbatarly guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge synanyşmagy häkimiýetleriň kontrollygyny juda kynlaşdyrdy.



Netijede, şol toparlar hasaba alyndy diýip uruş we parahatçylyk maglumatlar Instituty häzir Türkmenistanda diňe 89 sany hökümete degişli däl toparlaryň resmi hasaba alynandygyny ýazdy. Olaryň arasynda yaşlaryň, zenanlaryň birleşigi we dürli haýwanlary söýýänleriň toparlary bar. Bularyň garaşsyzlarynyň sany 10-a hem yetmeýär.



Köpden bäri işleýän “Katena” atly ekologiýa topar registratsiýa edilmedi. Zurnalistleriň birleşigi henize çenli kanuny durumy almady. Onuň agzasy zerur dokumentleri ýollap bilmeýändiklerini aýtdy. Sebäbi, ustawa görä, guramaçylyk boýunça soraglar gurultaýda maslalahat edilmeli. Emma Ýazyjylar birleşigiň başlygy Kakabaý Ylýasow gurultaýa çagyrmaga rugsat bermedilär.



Ynsan hukuklaryny goramak boýunça köpsanly toparlar bolsa, edil biznes şirketi ýaly durumda işlemeli bolýarlar.



Aýratyn proýektler boýunça işlemek hem kyn. Hatda, olary durmuşa geçirmek üçin resmi däl toparlary döretmek zerur bolmasada, resmi hasaba aldyrmak hökmany.



Ýakynda “Kaunterpart Türkmenistan” atly programma boýunça bäsleşik tamamlandy we dürli regiondan 12 proýekt saýlanyp alyndy. Haçanda, olaryň aktiwistleri proýektlerini resmi hasaba almak barada arza berenlerinde, haýbat atdylar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists