Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Ilçiler Türkmenistany dünýä açarlar

By News Briefing Central Asia

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda täze diplomatiki we söwda wekilhanalaryny açmak arkaly öz halkara imijini gowulandyrmak planlaryny düzýänler, bu Merkezi Aziýa döwletiniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, bu ýurduň entegem aýratyn ýapyk döwlet bolup galýandygyny ýatdan çykarýan bolmaly.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow dekabryň soňunda ilçihanalaryň we söwda wekilhanalarynyň sanyny artdyrmak barada buýruk berdi. Olarda işlejek medeniýet boýunça attaşelere ýurduň regional, energiýa we turbaprowod proýektlerindäki roluny açyp görkezmek, hem-de ýurdy günorta-gündogar Aziýa we Latyn Amerika ýurtlary bilen ýakynlaşdyrmak tabşyryldy.

Bu ugurdan ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary Işler ministrligi diplomatiki işleri beýan edýän kwartallyk žurnaly çap edip başlar.

2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň tiz wagtdan, Berdimuhammedow özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň izolýasiýa syýasatlaryndan daşlaşmagyň we daşky dünýä üçin açykrak bolmagyň zerurdygyna düşündi.

Ýöne Türkmenistanyň ýaşaýjylary özleri üçin köp zadyň üýtgemändigini aýdýarlar.

Paýtagt Aşgabatdaky bir adwokatyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň yglan eden açyk-gapylar syýasatyna seretmezden olar daşary ýurtlylar üçin has berk wiza düzgünleri girizmek we turistleri ýurduň içinde erkin hereket etmekden saklamak arkaly ýurdy öňkidenem beter izolirlediler.

Adwokat öňki türkmen graždanlaryna ýurduň Moskwadaky ilçihanasy tarapyndan wiza berilmändigini mysal getirdi.

"Hiç-kimdeTürkmenistana gelmek islegi döremez ýaly, wiza prosedurasyny edip boldugyça kynlaşdyrmak barada biziň ilçihanlarymyza görkezme berlen ýaly bolup görünýär" diýip ol aýtdy.

Daşary Işler ministrliginiň Aşgabatdaky işgäri bu diplomatiki kampaniýanyň üstünlik getirjekdigine şübhelenýändigini aýtdy.

"Ilçihanalara medeniýet boýunça attaşeleri bellemek dünýäniň biziň ýurdumyz barada köpüräk maglumat alyp biljegini aňlatmaýar" diýip ol aýtdy.

Döwlet habarlar gullugy TDH bilen işleýän žurnalist ýurdy açyp görkezmegiň bir usulynyň daşary ýurtly telekanallaryň we habarlar gulluklarynyň žurnalistlerine ýurtda işlemäge ýol bermekdigini aýtdy. "Onsoň olar biz barada ýazarlar" diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.