Hytaý Türkmenistan bilen täze energiýa ylalaşygyny isleýär

Hytaý Türkmenistan bilen täze energiýa ylalaşygyny isleýär

Hytaýyň daşary işler ministrligi türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Pekine 22-25 noýabr aralygynda sapar edeninde täze energiýa ylalaşyklaryna gol çekilmegine garaşýandygyny aýdýar.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň ekspertleriniň aýtmagyna görä, gün tertibindäki esasy meseleler türkmen tebigy gazy üçin Hytaýyň tölemek isleýän bahasy we bu ýurtlaryň arasyndaky turbaprowoddan akýan gazyň möçberini artdyrmak mümkinçiligi bolar. Gaz geçiriji 2009-njy ýylyň ahyryndan bäri işleýär.

Gaz geçiriji özünüň göz öňünde tutulan kuwwatlylygynyň az böleginde işleýär, şonuň üçin, Türkmenistan özüniň ägirt uly ýerasty rezerwlerini elýeterli edip bilse, onuň göwrümini giňeltmäge ýer bär. Emma baha mesele bolup biler, sebäbi türkmen resmileri her 1000 kub metre häzirki tölenýän 150-160 dollardan ýokarrak bahany isleýärler.

Hytaýyň energiýa islegi her ýyl artýar, hem-de ýerüsti turbaprowodyň geçirilmegi bilen, Merkezi Aziýa arzanrak we ýeňilräk çeşme bolup durýar. Özbegistan hem şu ýoluň üsti bilen Hytaýa gaz berýär.

Russiýa bu talabyň käbir bölegini 2015-nji ýyla planlaşdyrylan täze Sibir turbaprowody bilen ýapmagy umyt edýär. Ýene-de, nyrh mesele bolup biler, sebäbi Russiýa beýleki müşderilerine her 1000 m3 gazy 400 ABŞ dollaryndan satýar. Hatda Türkmenistan azyryk ýokarrak baha sorasada, oňa Russiýanyň soraýan bahasyndan arzanrak nyrhy goýmak zerur bolar.

Annadurdy Hajjyýew, Bolgariýadaky türkmen ykdysady analitigi, Pekiniň türkmen gazy üçin töleýän bahasyny pes derejede saklamak isleýändigini aýdýar. Sebäbi ol bu nyrhy soň Moskwa bilen gepleşikler geçirende esas hökmünde ulanyp biler. Şeýlelikde prezident Berdimuhammedowyň Hytaýda gaty dartgynly baha ylalaşygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Economy
Frontline Updates
Support local journalists