Goşuna – zor bilen

Türkmenistanda goşunyň hatarlaryny doldurmak üçin, woýenkomatlar ýigitleriň saglyk ýagdaýlaryna hem garamaýarlar. Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary Institutynyna Türkmenistanda plany bitirmek üçin ýagdaýly mümkinçilikli ýigitlere hem çagyryş hatlary göýbe

Goşuna – zor bilen

Türkmenistanda goşunyň hatarlaryny doldurmak üçin, woýenkomatlar ýigitleriň saglyk ýagdaýlaryna hem garamaýarlar. Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary Institutynyna Türkmenistanda plany bitirmek üçin ýagdaýly mümkinçilikli ýigitlere hem çagyryş hatlary göýbe

Monday, 18 December, 2006
Bahar çagyrmasynda 18 ýaşyndaky oňurgasy bilen arka ýülügü kemçiligi sebäbinden inwalid kolýaskada hereket edýän Alekseý Andreýewe çagyryş geleninde, onuň garry ejesi woýenkomada jaň edip onuň ýagdaýyny düşündirmäne synanyşyptyr. Emma oňa ynanmandyrlar.



Harby gullukçylar gelip onuň ýagdaýyny öz gözi bilen görensoň hem ondan harby gulluga ýaramly däldigi barada ýörite kagyzlary talap ediptirler. Ýylda bir gezek derňäp görýän lukman ekspert komissiýasy beren kagyzy görkezensoň ony öz gününe goýupturlar.



Dursun Orazowa gürrüň edip berişi ýaly, onuň ogly Sapary dioptriýa göz keseli bar bolandyga garamazdan ony geçen ýyl Aşgabadyň bir harby bölümlerine çagyryptyrlar. Aşgabad şäheriniň göz keselleri institutynda derňew geçip, oftalmolog lukmanlaryň goýan diagnozyny görkezensoň harby wekiller Dursunyň oglyny göýbermäge mejbur boldylar.



Türkmenistan durnuksyz regionda ýerleşenine we Eýran, Owganystan hem-de Özbegistan ýaly döwletler bilen serhetdeş bolanyna garamazdan, Andreý bilen Sapar ýaly esgerler goşuna harby hereketlere gatnaşmak üçin dälde, mugt işçi güýji hökmünde gerekler.



Ýurdyň gaz bilen pagta eksporty arkaly gowy girdeji gazanyp biljegine garamazdan, soňky birnäçe ýylyň içinde sotsial hajatlaryň çykdajylaryny kesmek üçin president müňlerçe býujetnikleri işden çykardy.



Şäher woýenkomatynyň bir ofitseriniň aýtmagyna görä, Türkmenbaşynyň çykaran karary boýunça 2002-nji ýyldan başlap esgerler kadr ştatlaryň kemeldilmegine düşen hünärmenleriň wezipelerini ýerine ýetirýärler. Bu günki esgerler – hassahanalarda sanitarlar, senagat kärhanalarda hem-de edaralarda sakçylar, ýangynçylar, post gullukçylary hem-de ýol gulluklarynyň patrulçylary. Şonuň üçin hem, ofitseriň aýdyşy ýaly, goşuna çagyryş planyny ýerine ýetirmek üçin olar gulluga hemme ýigitleri çagyrmaly bolýarlar.



Häzirki wagtda çagyryş ýaşyndaky ilatyň (18 den 30 çenli) 75% goşuna çagyrylýar, bu bolsa sowet döwründe çagyrylýan 35-45% görä möhüm artdyrma. We bu tapawudyň üstüni Sapar Orazow bilen Andreý Alekseýew ýaly ýagdaýly mümkünçilikli adamlaryň kömegi bilen ýetirýärler.



Bundan başga goşundan boşatma ýeňillikler ýatyryldy. 2002-nji ýylyň harby gulluk baradaky kanuna girizilen üýtgemeler boýunça indi goşuna dolydäl maşgalalardan hem-de iki çagaly maşgalalardan ýigitler hem çagyrylýarlar.



Türkmenistanyň goşunynyň sany barada düz maglumat ýok. Emma käbir maglumatlara görä, 90-njy ýylardan başlap bu san 100.000 çenli köpeldi.



2002-nji ýylda 25.000 esger döwlet sektoryna dürli işlerine çagyryldy. Emma, woýenkomatlaryň güýç goýmaklaryna garamazdan çagyryş planyny ýerine ýetirmek gaty kyn. Aşgabat şäheriniň bir harby bölüminiň gurluşyk batalýonyna bu ýylyň ýazynda Lebap welaýatyndan diňe 60 esger geldi, emma plan boýunça iki esse köp gelmelidi. Türkmenabad şäheriniň panton böleginde 2 müň harby gullukçynyň ýerine (80-nji ýyllaryndaky) şu wagt diňe 300 esger gulluk geçýär.



Belki bularyň hemmesi oňunadyr, çünki bary bir esgerleriň müňlerçesi elinde ýaragy tutup görmeýärler. Sowet döwründe goşuna esgerler alynanda talaplaryň biri esgeriň sowatlylygydy, türkmen goşunynda bolsa bunuň ýaly standartlar ýok bolsa gerek.



Uly leýtenant Altybaý Kakabaýewiň aýdyşy ýaly, esgerleriň arasynda ene-atasyna hat ýazyp hem-de okap bilmeýänler hem bar. Azyjyk hat-sowada eýe bolan esgerleri ştaba, ýada başga bölümine alýarlar.



Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Rahmatulla Usmanow ýol control postynda ony ýol politsiýasynyň rýadowoý işgäri saklany barada gürrüň berdi. Hiç bir düzgüni bozmansoň Usmanow esgere eger ol kanunsyz hereketleri gören bolsa protokol düzmegini haýyş ediptir.



Kagyzyň başynda ýigrimi minuda golaý otyryp, esger oňa tipografiýada çap edilen bir blankynda diňe iki ýerinde guşjagazlar goýulan kagyzy beriptir. Rahmatulla näme üçin başga grafalar doldyrylmadygyny soranynda, esger soň doldurjagyny aýdyptyr. Emma, Rahmatullanyň pikri boýunça, bu esger ne ýazyp, ne de okap bilýärdi.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists