Görnükli türkmen aktiwisti gaýtadan tussag edildi

Görnükli türkmen aktiwisti gaýtadan tussag edildi

Friday, 27 November, 2009
Belli ekolog Andreý Zatokanyň tussag edilmegi garaşsyz sesleri ýok etmek syýasatynyň Türkmenistanda peselmän dowam edýändigini aňladýar.



Ekolog we graždan jemgyýeti aktiwisti Zatoka demirgazyk Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň bazarynda zat satyn alyp ýörkä 20-nji oktýabrda tussag edildi. Ol özüne hüjüm eden adamdan daşlaşmaga çalyşypdyr, ol adam soňra polisiýanyň aýtmagyna görä öň üç gezek sud edilen belli neşekeş eken.



“Andreý özüni ol adamdan daşda saklamaga çalyşypdyr, hem-de munuň gurnalandygyna düşünensoň, gaçyp polisiýany çagyrypdyr” diýip Moskwada ýerleşýän Merkezi Aziýada Adam Hukuklarynyň Monitoringi Programmasynyň ýolbaşçysy Witaliý Ponomarýow aýtdy. “Ýöne ýakynda nobatçylyk edýän iki polisiýa işgäri Zatokanyň özüni saklapdyrlar.”



Daşary ýurtdan işledilýän adam hukuklary boýunça türkmen internet sahypasy “Hrono-tm” (Chrono-tm) görä, Zatoka derňew üçin wagtlaýyn tussaglykda saklanypdyr we oňa 15 sutkany jemgyýetçilik tertibini bozany üçin tussaglykda geçirmeli boljakdygy aýdylypdyr. Soňlugyça onuň garşysyna adam bedenine şikes ýetirenligi üçin jenaýat işi gozgalypdyr.



Taýýarlanylan mediki hasabatlar oňa hüjüm edeniň beýnisiniň sarsandygyny we eliniň döwülendigini görkezipdir, hem-de bu hekaýaty tassyklamak üçin üç sany şaýat hem tapylypdyr.



Bu maglumat çap edilende Zatoka entäk kanuny esasda günäkärlenenokdy.



Synçylar we adam hukuklary aktiwistleri Zatoka edilen hüjüm, howpsyzlyk gulluklary tarapyndan gurnalan duzagyň ähli alamatlaryny görkezýändigine ynanýarlar.



Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa seýle diýdi: “Bu tussag edilmäniň tötänlikdigine ynanmak kyn. By gaty gaýgyly ýagday”.



Birnäçe ýyl mundan öň, Zatoka Daşoguzda “ýaşyl” proýektler boýunça işleýän we ýerli liderleri meýletin işlere çekýän daşky sredany goramak klubynyň başlygydy.



2003-nji ýylda, kluba onuň işlemegine ýol berýän registrasiýa berilmedi we ýapylmaga mejbur edildi.



2006-njy ýylda, Zatoka jemgyýetçilik tertibini bozmakda günäkärlenip, oňa 4 ýyl türme tussaglygy berildi. Edil häzirki waka bilen bolşy ýaly, synçylar ol wakada häkimiýetler tarapyndan ony ýoldan aýyrmak üçin gurnalan diýip hasapladylar.



Zatoka 2007-nji ýylyň ýanwarynda, Prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň boşadyldy. Ýöne onuň hereketleri çäklendirmelere sezewar edildi, oňa ýaşaýan ýerini üýtgetmek we polisisýanyň rugsadyny almazdan ýurtdan çykmak gadagan edildi.



Aşgabatly metbugat gözegçisiniň pikirine görä Zatokanyň tussag edilmegi häkimiýetleriň ol daşary ýurtlardaky adam hukuklary aktiwistleri bilen habarlaşýandyr we işleşýändir diýen şubhesi esasynda amala aşyran hereketidir.



“Andreý daşary ýurda syýahat etmekden mahrum edilen, hem-de hakykat ýüzünde öý tussaglygynda bolsada, häkimiýetler ol [Wenadaky] Türkmen Adam Hukuklary Inisiatiwasy bilen hyzmatdaşlyk edýändir diýip piker etdiler, sebäbi onuň yaşaýan ýerinden bolan dosty şol guramada işleýär. Häkimiýetler režimiň opponentleri bilen kontakt alyp barsa islendik adama gaharlanýarlar, hem-de “olary ýapmaga” çalyşýarlar” diýip synçy aýtdy.



Onuň bu ýerde agzalan dosty Farid Tuhbatulin bolup, ol häzir Türkmen Adam Hukuklary Inisiatiwasyny alyp barýar we Türkmenistandan gitmezinden öň Daşoguzyň daşky sredany goramak klubyna ýolbaşçylyk edipdi.



Häzirki Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda aradan çykan Saparmyrat Nyýazowyň ýerine geçende ýüze çykan liberalizasiýa umytlary häzir dargap gitdi, hem-de hökümet garaşsyz žurnalistleri, adam hukuklary goraýjylary we beýleki graždan jemgyýeti aktiwistlerini basyş astynda saklamagyny dowam edýär.



2007-nji ýylda häkimiýetler “Azatlyk” (RFE/RFL) radiosynyň žurnalisti Sazak Durdymyradowy, täze hökümediň üýtgeşmeler etmek wadalaryna ynanyp Türkmenistana dolanyp gelen dissident Gulgeldi Annanyýazowy, hem-de günbatar port şäheri Türkmenbaşydaky graždan jemgyýeti aktiwisti Waleriý Paly tussag etdiler.



Waşingtonda ýerleşen “Fridom Haus” (Freedom House) gozegçi guramasy özüniň 2009-njy ýyl üçin hasabatynda Türkmenistany dünýäniň iň erbet režimleriniň we adam hukuklary boýunça iň pes ýurtlaryň arasynda gorkezdi.



Görnükli şahs Zatokanyň gaýtadan tussag edilmegi baradaky habar edil Türkmenistandaky ýaly goňşy Özbegistanyň aktiwistlerine hem agyr degdi. Olar iki ýurtda dissidentleriň garşysyna çärelerde açyk parallelleri görýärler.



“Totalitar jemgyýetlerde, indiwidual we graždan pozisiýasy bolan, adatylardan saýlanýan adam zyýankeş hasaplanylýar” diyip Özbegistanly žurnalist Sergeý Naumow aýtdy. “Şu sebäpli, men bu tussaglygyň tötänlikdigine ynanamok. Haçan-da olar birini tussag edenlerinde, bu ol adamy döwmek üçin, ony boýun egdirmek üçin hem-de gepletmek üçin.”



Naumow bu wakany 2009-njy ýylyň aprelinde tussag edilen, demirgazyk Özbegistanly biolog Makset Kosbergenowyň hadysasy bilen deňeşdirdi. Ol bu iki ýagdaýda-da “şol bir nagyşy” görýär.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists