Goşuna alynýan eli diplomly ýigitleriň gulluk möhleti gysgaldyldy

Goşuna alynýan eli diplomly ýigitleriň gulluk möhleti gysgaldyldy

Thursday, 22 March, 2012
Türkmenistan hökümedi ýokary bilimli ýigitleri goşun gullugyna höweslendirmekden ötri olaryň gulluk möhletini bir ýarym ýyldan bir ýyla getirdi.



Emma synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, gulluk şertleri gowulandyrylmasa, bir ýyl artyk gulluk eden esgerlering eden-etdiligi (“dedowşina”) aradan aýrylmasa, ýöne bir gulluk möhletini gysgaldanyň bilen diplomly ýigitleriň goşunda gulluk etmek höwesi artmasa gerek.



Gulluk möhletini gysgaltmak baradaky düzedişleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goşun gullugy baradaky kanuna 3-ji martda Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisinde girizdi. Bu düzedişler 1-ji aprelden başlap güýje girdi.



Prezident ýokary okuw jaýlaryny tamamlan adamlaryň gulluk möhletini gysgaldanam bolsa, galan ýigitleriň gulluk möhledini öňki iki ýyllygyna goýdy.



Prezident ýenede bu Merkezi Azyýa döwletiniň üýtgän hajatlaryna laýyk bir täze harby ýörelgäni-doktrinany işläp düzmegi Goranmak ministrligine tabşyrdy.



Edil häzirki wagtda terrorçylyk hüjümleri ýaly bir zatlar bolaýmasa Türkmenistanyň üstüne abanyp duran bir harby howp ýok.



Bu srategiýa harby gullukçylaryň sanyny azaltmagy, goşuny häzirkizaman ýaraglary bilen ýaraglandyrmagy, esgerleriň hem ofiserleriň durmuş şertlerini gowulandyrmagy göz öňünde tutýar.



Türkmen goşunynda gulluk etmek işi on sekiz ýaşdan otuz ýaşa çenli adamlar üçin hökmany; özüňde isleg bolsa, gullugy on ýedi ýaşdan başlasaňam bolýar.



Emma Türkmenistanda goşun gullugyna gitmeli ýigitleriň ençemesi goşun gullugyndan para berip sypýarlar, köpüsi bolsa daşary ýurtlara okuwa gidip, gullukdan sowulýarlar.



NBCA-nyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki bir habar çeşmesi prezidentiň harby gulluk möhletini hem gullukçylaryň sanyny azaltmak baradaky kararyny makullaýar.



“Bäş milýon ilatly hem baky bitarap durumly döwlete bular ýaly goşun nämesine gerek? Gowy türgenleşdirilen hem şay esbaby ýaragy döwrebapdan tutulan otuz-kyrk müň esgerli goşunymyz bolsa bize ýeterlik. Onsaňam beýle uly goşun büjjede agram salýar” – diýip ol aýdýar.



Häzir türkmen goşunynda 100 müňdenem ýokary harby gullukçy bar.



Daşary ýurtlara okuw diýip çykan türkmen ýaşlarynyň etmeli gulluklaryny degişli wagtynda hökman ýerine ýetirmekleri üçin döwlet berk gözegçilik edýär.



Emma hut şu sebäbe göräde daşary ýurtlarda okuwlaryny bitiren talyplaryng köpüsi ýurda dolanmak islemeýärler.



Türkmen goşunynyň zapasa çykan bir ofiseri NBCA beren interwusynda gulluk möhletini gysgaltmak bilen prezident daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly ýaşlary ýurda dolap getirmegi niýet edynýär” – diýip çak etdi.



Ol muny: “Ýaş ýigitler Türkmenistanda gulluk etmejek bolup ýurda gaýdyp gelmeýärler, sebäbi, birinjiden, gulluk şertleri ýaramaz, ikinjiden, “dedowşina” garawsyz gülläp ösýär” – diýip düşündirýär.



“Biziň oglanlarymyz daşary ýurtlarda diplom alýarlar, iş tapynýarlar we o ýerde ömürlik galýarlar. Olar goşunda biderek wagtyny hem saglygyny ýitirip näme etsin” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.



Prezidentiň täze karary barada NBCA tarapyndan pikirleri soralan ýaşlarda iki hili gözgaraýyş bar ekeni.



Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň ikinji kursunda okaýan maryly bir talyp ýurtdan gowuşan bu habara gaty begenipdir.



“Men öň okuwymy gutaranymdan soň Türkmenistana gaýdyp barmakçy däldim. Emma bu täze habar meni oýlandyrdy. Yndi yzyma dolanyp baryp, gullugymy bitirsem gerek” – diýip, ol aýtdy.



NBCA-nyň beýleki bir söhbetdeşi gaty şübheli bir garaýyşda we Türkmenistana dolanyp barmak islemeýär.



Ol: “Bir ýylam, birýarymam, iki ýylam gulluk etjek däl. Meniň bir goňşymy harby bölümde öňden gulluk edip gelýän esgerler urup öldürdiler. Men onuň ykbalyny gaýtalamak islämok, onsaňam meni enem-atamam ibermez, satyn alar” – diýýär.



Ol ýenede Türkmenistandada edil Gyrgyzystandaky ýaly goşunda gulluk etmek islemeseň resmi taýdan pul töläp gullukdan galyp bolar ýaly edip bolardy diýip, sözüniň üstüne goşdy.



“Şeýle edilse, ýurduň ýigitlerem sag boljak, büjjetede goşmaça pul geljek” – diýip, ol sözüni jemledi.



Harby gullukçylaryň arasynda ynsan haklarynyň bozulmagy barada yzygiderli monitoring edýän Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa okuwlaryny tamamlan ýaşlary harby gulluga höweslendirmek üçin ýöne bir gulluk möhletini gysgaldanyňdan has ulurak işleriň edilmelidigini aýdýar.



Goşun “düýpli reformalara” mätäç diýen Begmedowa öňi bilen “dedowşinany” (bir ýyl artyk gulluk eden esgerleriň eden-etdiligini) köki-damary bilen köwläp aýyrmakdan başlamalydygyny aýdýar.



Begmedowa ýenede halkara bitaraplyk durumyna eye Türkmenistan ýuwaş-ýuwaşdan kontrakt-şertnamaly harby gulluga geçmeli diýip hasap edýär.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regionyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists