Germaniýadan Orta Aziýada söz azatlygy barada alada etmek haýyş edilýär

Germaniýadan Orta Aziýada söz azatlygy barada alada etmek haýyş edilýär

Monday, 7 July, 2008
Halkara ,,Serhetsiz habarçylar” jurnalistler guramasy Germaniýanyň Türkmenistan hem Özbegistan bilen gatnaşyklarynyň pugtalanýan döwründe nemis häkimiýetlerini bu ýurtlardaky söz azatlygynyň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.



Türkmen hem özbek mediýa synçylarynyň bellemegine görä, egerde Aşgabatda hem Daşkentde informasýon meýdanyng birneme liberallaşmagyna razy bolaýanlaryndada bu ädimler köplenç ýagdaýda hakyky söz azatlygynyň diňe ýasama görnüşi bolar, ýerli jurnalistika bolsa bu üýtgeşmelere professional taýdan taýarlyksyz bolup biler.



,,Serhetsiz habarçylar” ýerli jurnalistleriň hukuklary hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň iş şertleri barada nemis häkimiýetlerine beren maslahatlaryny Germaniýanyň resmi delegasiýasynyň Türkmenistana hem Özbegistana gitmeginiň öňisyrasynda ýaýradypdylar. Bu delegasiýa Germaniýanyň ykdysadyýet hem tehnologiýa ministri Mihaýel Glosyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana hem Özbegistana 24-27-ji fewralda barypdy.



,,Serhetsiz habarçylar” guramasynyň 2007-ji ýylky reýtinginde söz azatlygynyň derejesi boýunça Türkmenistan 167-ji orunda, Özbegistan bolsa 160-jy orunda.



Germaniýa 2007-ji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Birligine başlyklyk etdi we ýewropa birleşmesiniň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegi ugrunda jan etdi we geçen ýylyň iýunynda Ýewropa Birliginiň bu region bilen geçirmeli işleriniň strategiýasynyň kabul edilmegini gazandy.



Bu strategiýa Ýewropa Birligini energetika taýdan özüne çekiji awtoritar rejimler bilen arany sazlamaga dyrjaşýar diýip ýerli hem halkara hak goraýjy guramalar tarapyndan tankyt paýyny aldy.



NBCA-nyň Aşgabatdaky mediýa synçylarynyň gözgaraýşyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda liberal reformalary geçirmäge ýöne bir göz üçin taýar bolan bolýar, hakykatda bolsa mass-mediýanyň ýagdaýynda ýekemen ýolbaşçy Saparmyrat Niýazow 2006-jy ýylyň aýagynda öleli bäri hiç bir hili üýtgän zat ýok.



Ýurtdaky hemme habar beriş serişdeleri döwlete degişli we häkimiýetleriň senzura kontrolynyň astynda saklanýar, soňky gezek prezidentiň ýerli jurnalistleriň kär biliş derejesiniň pesdigini tankyt etmegi bolsa uzak ýyllaryň dowamynda başga pikirliligiň bogulyp gelmeginiň hemde her bir informassiýanyň gizlin saklanmak rejiminiň beren netijesini görkezýär – diýip, synçy aýdýar.



«Нейтральный Туркменистан» hökümet gazýadynyň işgärlerinden biriniň pikirine görä, bular ýaly ýagdaýda, hususy metbugata rugsat bermezden, howandary hut ýurduň prezidentiniň özi bolan döwlet habar beriş serişdeleri üýtgedip gurulmaga ukypsyz.



“Başda özara bäsleşik döretmek zerur, ondan soň kanunçylygy kämilleşdirmek hem ýaş kadyrlary ýetişdirmek işlerine başlamaly” – diýip, NBCA-nyň söhbetdeşi aýdýar.



Türkmen döwlet telewideniýesiniň 4-ji kanalynyň işgäri prezidentiň namysyny hem mertebesini goramak baradaky gaty berk kanuna aýratyn ünsi çekýär – bu kanuna görä, häkimiýete garşy gönükdirilen her bir tankyt kanuny bozmak hökmünde görülip bilinýär.



Şular ýalyrak ýagday Özbegistandada emele geldi. Bu ýurtda bar bolan az sanlyja hususy habar beriş serişdelerem edil döwlet habar edaralary ýaly berk kontrol astynda saklanýar.



Daşkentli media synçylarynyň biriniň pikirine görä, egerde Özbegistan Ýewropa ýakynlaşyp başlaaýan ýagdaýyndada metbugat azatlygy meselesinde diňe göz üçin gowşadylşyga garaşmak mümkin.



“Häkimiýetler göz üçin liberallaşan kişi bolup, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, Ynternete hem haýsyda bolsa bir aktual informassiýa el yetirip bilýän adamlaryň ählisiniň arkasyndan edilýän kontroly hem gözegçiligi başardygyça güýçlendirmäge çalşar” – diýip, ol güman edýär.



Umuman alanyňda, iki ýurduňam media aktiwistleriniň çakyna görä, erkin jurnalistleriň üstünden uzak ýyllaryň dowamynda edilen basyşyň netijesinde ýerli jurnalistika, egerde tankyda, analize hem alternatiw gözgaraýyşlara çydamlylyk yglan ediläýendede, häkimiýetleriň bu inisiatiwasyny alyp götermäge ukypsyz.



Özbegistanly bir synçynyň sözlerine görä, 2005-2006-jy ýyllarda geçirilen arassalaýyşdan soň özbek habar beriş serişdelerinde, öňküden artygrak söz azatlygy bolayan şertindede, “erkin metbugatyň professional ussatlyk derejesinde işläp biläýjek” jurnalist galmady diýen ýaly.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)



Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists