Gaz tutmalar

Aýazly ýanwar günleriniň gelmegi bilen ilat arasynda gazdan zäherlenmeler, peç tutmalary hem köpelip başlady. 2006-njy ýylyň ýanwarynda diňe Aşgabadyň özünde gaz syzmalaryndan zäherlenip 7 maşgala heläk boldy. Gaz tutmalara Eýranda ýasalan gaz peçleriniň

Gaz tutmalar

Aýazly ýanwar günleriniň gelmegi bilen ilat arasynda gazdan zäherlenmeler, peç tutmalary hem köpelip başlady. 2006-njy ýylyň ýanwarynda diňe Aşgabadyň özünde gaz syzmalaryndan zäherlenip 7 maşgala heläk boldy. Gaz tutmalara Eýranda ýasalan gaz peçleriniň

Friday, 10 March, 2006
Birnäçe gün öň goňşy kwartalda dört adamdan ybarat bir maşgala, aýaly, äri, iki sany çagalary gaz tutup öldi, diýip, Aşgabatda bir etrap durmuş hyzmaty gullugynyň işgäri Nikolaý aýdýar. Eýranyň gaz peçleriniň hili pes we olar köplenç daşyna gaz syzdyrýar, ýa-da bolmasa gaz prowodynyň basyşynyň üýtgemesine uýgun däl, şu sebäpdenem şeýle aýylganç hadysalar bolýar.



Iň elhenji, gaz basyşy köplenç gijelerine, adamlar uklap ýatyrkalar peselýär we olar göni gelen ajalyň öňünde gapyllykda galýarlar. Indi biz öýme-öý aýlanyp, ilatyň şeýle peçleri ulanmagynyň öňüni alýarys, diýip Nikolaý aýdýar.



Hususy jaýlarda we köp gatly jaýlardaky kwartiralarda gaz peçleriniň rugsatsyz oturdylyp, baş-başdaklykda merkezi gaz prowodyna baglanmagynyň sebäbi bolsa durmuş hyzmaty gulluklarynyň kadaly işlemezliginde. Şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndaky merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy hakykatda işlemeýär. Şäheriň käbir etraplarynda bolsa, ýyladyş möwsümi gelende ýyladyjylar işe-de girizilmedi. Sebäbi bir topar ýerde turbalar çüýräp, sandan çykypdyr. Netijede gazdan zäherlenmeler esasynda ýüz berýän betbagtçylykly hadysalar gürelip başlady, tutuş maşgalalar gaz tutup öldi. Häkimiýetler bu maglumatlary ýaşyryn saklanyny gowy görýär, ýöne häkimlikleriň we durmuş hyzmatlary kontoralarynyň işgärleri ähli ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, eýran peçleriniň oturdylan ýerlerine duşsalar, ol peçleri aýyrdýarlar.



Häkimligiň ýaşaýyş jaýlary bölüminiň bir işgäry bu ýagdaý dogrusynda şeýle gürrüň berdi: Häkimligiň, öý uprawleniýesiniň işgärlerinden, polisden, ýangyn inspektoryndan ybarat komissiýalar döredildi, bu komissiýalara ýörite uçastoklar berkidilen, olar ähli kwartiralara aýlanyp, rugsat edilmedik gas peji, kamin ýa şuňa meňzeş bir zat barmy diýip barlag geçirýärler. Eger şeýle zadyň üstünden barsalar, onda ol enjama birikdirilen gaz turbalaryny kesýärler. Eger ýaşaýjylar gaz peçlerini gaýtadan oturtsalar we özbaşdak gaza birikdirseler, onda komissiýa olaryň gaz peçlerini öwezini dolmazdan hatardan çykarýar. Ýaşaýjylaryň bu reýdler näme üçin geçirilýär diýip berýän soraglaryna ýangyn inspektory plan boýunça barlag diýip jogap berýär, diýip bu işgär aýdýar.



Ol dovam edýär, ilat ýyladyş sistemasynyň işlemezligi bilen bireýýäm öwrenişdi, ol indi birnäçe ýyl bäri işlemeýär. Şäheriň ýaşaýyş sektorynda ýyladyş turbalary soňky gezek baryp sowet zamanasynyň gülala-güllük çaglarynda çalşyrylypdy. Häzir ýyladyş merkezinde bejeriş geçirmek üçin ullakan maliýe çykdajylary gerek, şäher budjetinde bolsa olar göz öňünde tutulmadyk. Onsoň, başardyklaryndan, ýaşaýjylaryň özleri bir çykalga tapmaly bolýar. Kim elektrik peç edinýär, kim eýranyň gaz pejini. Munuň howplydygyna hemmeler düşünýär, ýöne olaryň başga alajy ýok diýip, ýaşaýyş-kommunal gullugynyň işgäri aýdýar.

Frontline Updates
Support local journalists