Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Garagalpak söwdagärleri

Özbegistanyň Garagalpak Awtonom oblasty bilen Türkmenistanyň serhetleşýän bir künjegi soňky wagtlar bikanun söwdalaryň ojagyna öwrüldi. Bu gürrüňi edilýän ýer ýerli ilaty Hytaý hem-de Pars aýlagynyň ýurtlary bilen birikdirýän özboluşly bir hyzmatdaşlyk zo
By IWPR
Garagalpagystan bilen Türkmenistanyň serhedindäki gözýetimden alyslara uzalyp gidýän bu ýarym çöllük territoriýa bir gum-guklyk ýer. Bu territoriýany günbatar bilen gündogaryň arasyndaky söwda ýolunyň çatrygy hökmünde göz öňüňe-de getirmek mümkin däl. Ỳöne şeýle–de bolsa, ol belli bir nukdaýnazardan hut şeýle çatryk bolup hyzmat edýär. DVD magnitofonlar ýa-da arzan kurtkalar ýaly harytlar gadymy Ỳüpek Ỳolunyň ruhuna laýyk gelmese-de, günbataryn we Hytaýyň harytlary hut şu territoriýanyň üstünden geçýär.



Türkmenistanly söwdegärler iki ýurdyň serhedindäki bikanun geçelgeler arkaly Özbegistanyň territoriýasyna geçip, esasan telewizor, ýökary hilli apparaturalar, kompýuter, ýeňil maşynlaryň şaýlary ýaly harytlary satýarlar. Bu gürrüňi edilýän harytlar esasan Dubaýdan ýa-da Eýrandan getirilýär. Öz gezeginde özbek we garagalpak söwdegärleri Hytaýdan uzak ýol aşyp gelen egin-eşikleriň dürli görnüşlerini, ýa-da arzan gap-gaçlar ýaly harytlary öz müşderilerine hödürleýärler.



Daşkentden bu serhet raýonyna gelen bir söwdagär ozallar özüniň Dubaýdan elektrik enjamlaryny getirip söwda bilen meşgullanandygyny, ýöne serhediň gümrük gullugyndan haryt geçirmekliginiň özüne gymmat düşendigi sebäpli özüniň ol söwdasyndan el çekendigini aýtdy. Daşkentli söwdegäriň sözlerine görä, indi ol öz dost-ýarlarynyň maslahatyna eýerip, özi üçin zerur bolan harytlary Garagalpagystandan we Horezm oblastyndan alýan eken. Garagalpagystana we Horezm oblastyna bolsa bu harytlar Türkmenistan tarapyndan getirilýär. Synçylaryn pikirine görä, serhet ýaka raýonlarda edilýän söwdalar ýerli ilatyň girdejisiniň saldamly bölegini ybarat edýär. Garagalpagystanyň Gypçak obasynyň bir ýaşaýjysy öz obasyndaky her on adamdan ortaça altysynyň hut şular ýaly alyp-satarlyk arkaly gazanç edýändigini tassyklady.



Elbetde, bikanun söwda işleri bilen mesgullanýanlar üçin hemişe tussag edilmek howpy bar. Ỳöne beýle is bilen indi uzak wagt bäri mesgullanyp gelýän Daşoguz welaýatyndan bir söwdagäriň aýtmagyna görä, gümrük gullugynyň işgärleri öz almaly paýlaryny alansoňlar, bikanun harytlaryň serhetden geçirilmegine göz ýummak bilen bolýarlar. Dine gümrük gullugynyň işgärleri çalşyrylan ýagdaýynda söwdagärlerde belli bir kynçylyklar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda, bikanun harytlaryň konfiskasiýa edilýän ýa-da hat-da käte söwdagärleriň tussag edilýän halatlary-da bolýar.



Soňky wagtlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri iki ýurduň arasyndaky serhet liniýalaryny berkitmek hem-de ony ýörite haýatlar arkaly bölmek boýunça iş alyp barýarlar. Indi adamlaryň bikanun ýollar arkaly serhetden geçmekleriniň öňüni almak maksady bilen, serhet liniýalaryna tikenekli simden beýik päsgelçilikler gurulýar. Serhet liniýalarynyň berkidilmegi, esasan hem serhede ýörite haýatlaryň çekilmegi serhediň iki tarapyndan ýaşaýan ilatyň durmuşyny has-da kynlaşdyrar diýilip garaşylýar. Mesele diňe bir serhet ýakasynda edilýän söwdada hem däl. Bu ýerlerde öz dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary goňşy ýurtlarda ýaşaýan adamlar hem kän.