Günbatarda Türkmenistandaky adam hukuklaryna uly gyzyklanma ýok

Günbatarda Türkmenistandaky adam hukuklaryna uly gyzyklanma ýok

Günbataryň Türkmenistan bilen aragatnaşyklary artdygyça, beýleki bähbitlere gyzmak bilen adam hukuklarynyň kemsidilmeleri ýatdan çykarylýar diýlen alada artýar.

Merkezi Aziýa döwletine bolan Günbataryň gyzyklanmasynyň ýakyndaky ýene bir subutnamasy hökmünde, general Jeýms Mattis, ABŞ-nyň merkezi Komandowaniýasynyň komandiri, 11-nji Ýanwarda Aşgabada geldi. Türkmen döwlet metbugat serişdeleri onuň prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bilen duşuşandygyny we umumy howpsyzlyk gyzyklanmalaryny maslahatlaşandygyny habar berdi.

Daşary ýurtlarda ýerleşen adam hukuklaryny goraýjylar Owganystana ýakyndygy üçin regional howpsyzlyk meselelerinde Türkmenistan bilen has ýakyndan işleşmegiň zerurlygyna düşünýändiklerini aýdýarlar. Ýöne bu başga ugurlaryň doly ýatdan çykyrylmagyny aňlatmaly däl ahyryn.

“Haçan-da mesele [günbataryň] harby ýerleşişini giňeltmek, ýa-da NATO ýükleri üçin ýerüsti ýollary açmak barada bolanda, hemme zat tiz we bökdençsiz çözülýär" diýip Aşgabatly metbugat synçysy aýtdy. “Şol bir wagtda azatlyk, aç-açanlyk we hukuklar - ösen ýurtlarda gymmatly görülýän zatlar - garaňkylykda galdyrylýar.”

Halkara gözegçilik topary Fridom Haus (Freedom House) Türkmenistany özüniň "Dünýäde Azatlyk 2011" (“Freedom in the World 2011”) spisogynda, Burma, Ekwatorial Gwineýa, Eriteriýa, Demirgazyk Koreýa we Somali ýaly graždanlyk azatlyklary we iň ýönekeý hukuklaram basgylanýan ýerler bilen birlikde iň aşaky orunlara ýakyn ýerleşdirýär.

Türkmen adam hukuklary aktiwistleriniň aýtmagyna görä, müňlerçe syýasy tussaglar türmede galdyrylýar, Gyzyl Haç Halkara Komiteti jeza çekiş edaralryna goýberilmeýär, dissidentler we garaşsyz žurnalistler repressiýa sezewar edilýär, hökümede degişli däl metbugat we graždan guramalary gadagan edilýär, söz azatlygyna ýol berilmeýär hem-de ýurduň içinde hereket we araçäkden daşary çykmak berk çäklendirilen ýagdaýda bolup durýär.

“Diňe bir galan zat Günbataryň täsiri” diýip Täjigül Begmedowa, Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Fondynyň ýolbaşçysy, aýtdy. “Türkmenistan köp halkara guramalaryň agzasy, hem-de şol agzalyklar ony halkara konwensiýalaryna boýun bolmaga borçly edýär. Günbatar şulary ulanyp Türkmenistanyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini talap edip biler.”

Aždar Gurdow, Russiýa Strategiki Barlaglar Institutynyň “Problemy Natsionalnoý Strategiýi” žurnalynyň baş redaktory, beýle umytlara şübheli seredýär.

“Jemgyýet has tradision bolan we totalitar häkimiýetler tarapyndan basyşlara çydamlylyk görkezýän ýerinde, demokratiýanyň prinsiplerine medeniýetli gatnaşyk babatynda ... uly perespektiwa, dogrusyny aýdanyňda, ýok bolan ýurdynda Amerikanlardan olaryň adam hukuklaryny goldamagyna garaşmak gerek däl,” diýip ol aýtdy. “Kelläňi diwara urmak nämä gerek? Aýlanyp gideniň we hyzmatdaşlykdan nämede bolsa bir zat gazananyň gowy.”

Nurmuhammet Hanamow, Wenada ýerleşýän emigrasiýadaky Respublikan partiýanyň ýolbaşçysy Türkmen häkimiýetleriniň şeýle şertlerde Günbatar bilen iş çalyşmaga doly razydygyny aýdýar.

“Olar Günbataryň syýasatynyň nähilidigine gowy düşündiler, bu ýerde ykdysady we geo-syýasy gyzyklanmalar demokratiki özüşlerden we adam hukuklaryndan ýokary tutulýar” diýip Hanamow aýdy.

Türkmen paýtagty Aşgabatdaky graždan jemgyýeti aktiwisti hem gaty pessimistiki bolup göründi.

“Biz indi ýadadyk” diýip ol aýtdy. “Biziň demokratiki [halkara] jemgyýeti hökümeti adam hukuklaryny gowulandyrmaga tarap iteklär diýip eden umytlarymyz dereksiz bolup çykdy.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 


 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists