Fransiýan türkmen adam hukuklaryna ünsi çekmek haýyş edilýär

Fransiýan türkmen adam hukuklaryna ünsi çekmek haýyş edilýär

Sunday, 7 February, 2010
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň Pariže üç günlik sapara başlamagy bilen, adam hukuklaryny goraýjylar fransuz hökümedine bu Merkezi Aziýa döwletiniň adam hukuklary ýagdaýyna has berk çemeleşmegi ýatlatdylar.



Berdimuhammedowyň 1-nji fewralda başlaýan saparynyň dowamynda, ol döwlet we parlament wekilleri bilen duşuşar, hem-de biznes foruma gatnaşar.



Onuň saparyndan öň, türkmen we halkara adam hukuklary aktiwistleri Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz bölüminiň başlygynyň orunbasary Erik Millet, we adam hukuklary bölüminiň başlygynyň orunbasary Oliwier Guerot bilen duşuşdylar.



“Biz fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozini özüniň prezident Berdimuhammedow bilen duşuşygy dowamynda adam hukuklary meselesini galdyrmagy, hem-de oňa adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmagy we adam hukuklary aktiwistleri bilen dialoga başlamagy tabşyrmaga çagyrdyk” diýip, ýygnaga gatnaşan, Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa aýtdy.



Habary hemmelere eşitdirmek üçin, Adam Hukuklary ligasynyň (Human Rights League), Adam Hukuklary Gözegçisiniň (Human Rights Watch), Adam Hukuklary Halkara Federasiýasynyň (International Federation of Human Rights (FIDH)), Araçäksiz Reportýorlaryň (Reporters without Borders) we Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Fondynyň wekilleri fransuz žurnalistleri üçin metbugat konferensiýasyny gurnadylar.



2007-nji ýylda awtoritar Saparmyrat Nyýazowy çalyşmak bilen, Berdimuhammedow liberalizasiýanyň mümkin bolaýmagyna ünsi çekdi we özüniň “döwlet adam üçindir” diýen şygara tarapdardygyny yglan etdi. Ol 11 sany ynsap tussagyny amnistiýa etdi we Milli Adam Hukuklary programmasyna başlady.



Emma, adam hukuklary ýagdaýynda hiç-hili görnükli üýtgeşme bolmady: köp syýasy tussaglar türmedeligine galýarlar, dissidentler entegem yzarlanmaga degişli, hereket etmek azatlygy duýpli çäklendirilen, ýurtda hiç-hili garaşsyz metbugat çeşmesi ýok, ähli metbugat häkimiýet tarapyndan berk barlanylýar we kontrollykda saklanylýar, hem-de döwlete degişli däl garaşsyz guramalar resmi taýdan hasaba alnanok.



Begmedowanyň belleýişi ýaly, BMG-nyň 9 sany ýörite hasabatçylaryna Türkmenistana girmäge wiza berilmedi.



Analitikler fransuz-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygy, aýratynam Buig kompaniýasynyň Türkmenistandaky uly gurluşyk proýektlerindäki roly, adam hukuklaryny gün tertibinden aýrar öýdüp sübhelenýärler.



“Öz ýalňyşlaryny düzetmek üçin, türkmen hökümedine syýasy erk gerek, biz muňa düşünýäris,” diýip Begmedowa aýtdy, “Biz fransuz diplomatlarynyň Berdimuhammedowyň wadalaryna ýakyndan seretmegini we oňa wadalaryny ýerine ýetirmäge kömek etmegi teklip etdik. Ýerli işgärleriň başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen studentler, adwokatlar, doktorlar we žurnalistler üçin okuw alyş-çalyş programmalaryny gowulandyrmak muňa mysal bolup biler."



Beýleki adam hukuklaryny goraýjylarÝewropa Birleşiginiň agzalarynyň Türkmenistandaky adam hukuklary babatyndaky pozisiýalaryny has ejiz hasaplap tankytladylar.



ÝB diplomatlarynyň hereket etmegi talap edip biljek ugurlarynyň biride, agza ýurtlaryň adam hukuklary boýunça öz borçlaryny nähili ýerine ýetirişine hasabat berýän, ÝHHG-nyň (OSCE) ýyllyk Adam Ölçegi konferensiýasyny Aşgabadyň yzygiderli inkär etmegi bolup durýar.



"Fransiýada häzir muny gowulandyrmaga gaty gowu mümkinçilik bar" diýip FIDH-nyň prezidenti Souhaýr Belhassen aýtdy.



Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Demokratiki Graždan Soýuzyna başlyklyk edýän Wýaçeslaw Mamedowyň aýtmagyna görä türkmen liderini repressiýalary bes etmäge we düýpli üýtgeşmeleri bellemäge getirmekde günbataryň diplomatiki täsiri uly.



“Bu maksada halkara jemgyýetinden giňişleýin goldawsyz ýetilip bilinmez” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists