Etniki milli azlyklar özgerişleriň garaşmagynda

Etniki milli azlyklar özgerişleriň garaşmagynda

Monday, 14 July, 2008
erli synçylaryň kesgitlemesine görä, Türkmenistandaky etniki milli azlyklar öz hukuklaryndan düýpli çäklendirilen.



Maý aýynyň 21-ne Türkmenistana resmi sapar bilen gelen OSСE guramasynyň milli azlyklar işleri boýunça Ýokary komissary ilçi Knut Wollebek prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bilen duşuşdy we milli azlyklar barada meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.



Türkmen lidery bilen gürrüňdeşlik geçirende, Wollebek Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan ähli etniki milli azlyklarda “öz häkimiýetini öz zerurlyklary we islegleri barada maglumat bermek mümkinçilikleri” bolmalydygyny aýtdy.



1995-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen ilat ýazuwy esasynda etniki milli azlyklaryň wekilleri ýurtda ýaşaýan umumy raýatlaryň 23,4 prosentini alýarlar.



Olaryň hem deň ýarymyny özbek milletiniň wekilleri, soň rus, gazak, buluç, azerbaýjan, koreýalylar we beýleki etniki toparlar tutýar.



Ýerli raýat aktiwistlaryň bahalandyrmasyna görä, özbek diasporasy öňküsi ýaly iň köp sanly bolup dur. Şol wagtyň özünde beýleki etniki milli azlyklary migrasiýa sebäpli sanynyň “has azalandygyny” görkezýärler.



Etniki milli azlyklaryň sanynyň azalmagyna sebäp bolan öňki awtoritar lidery bolan Saparmyrat Niýazowyň yglan eden “asly oturymly däl ilaty türkmenleşdirmek” ideýasy. Bu ideýa milli azlyklara negatiw täsir etdi.



1998-99-njy ýyllarda ähli milli – medeni merkezler ýapyldy.



2000-nji ýylda Niýazowyň karary bilen mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okuwlar doly türkmen diline geçdi, az-kem sanly rus-türkmen, özbek-türkmen we gazak-türkmen okuw jaýlary ýok edildi, işe girmekde beýleki döwletleriň okuw jaýlaryny tamamlan hünärmenleriň, esasanam oturymly däl milletleriň wekilleri, diplomlary hasaba alynmady (şol diplomly hünärmenler işe kabul edilmedi). (Şol nädogry syýasaty netijesinde prezident Niýazow öz halkyny ezdi; daşary ýurt okuw jaýlaryny tamamlan türkmen hünärmenleri hem şol ugurda 10-20 ýyl işlän hem bolsa-da işden boşadylyp, henize çenli işsizleriň hatarynda durlar. Terjimeçiniň belligi.)



Az hem bolsa-da etniki azlyklaryň dilinde çap edilýän gazetler hem gadagan edildi, pasport almakda we nika girmekde olara häkimiýet tarapyndan päsgelçilik berlip başlandy.



Türkmen Konstitusiýasy “raýatlaryň... milletine garamazdan hukuk we azatlyklaryň deňligini” yglan edenine garamazdan, hakykatda bu kadalar ýerine ýetirilmeýär, bar bolan beýleki delilnamalar etniki azlyklaryň konstitusion hukuklaryny çäklendirýärler diýip, synçylar we hukuk goraýjylar aýdýarlar.



Ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatyndaky synçynyň beren gürrüňine görä, häkimiýet şol öňki diktator döwründe öwrenen syrly kemsidiji buýruklary bilen häli şindi goldanýar.



Onuň sözüne görä, şol dokumentler esasynda Türkmenistanda ýaşaýan beýleki halklaryň wekillerini hukuk goraýjy organlara we döwlet apparadyna işe kabul edilenok, degişli bilimi we baý iş tejribesi bolsa-da, ýolbaşçy wezipelere bellenmeýärler.



Ondan başga-da diasporalaryň formal däl liderleri belligi alnyp, olaryň hereketleri yzarlanýar, birleşmek üçin ýa-da bar bolan tertibe öz närazylygyny bidirjek bolsalar, derrew onuň öňüni alýarlar.



“Milli azlyklaryň wekilleriniň haýsy-da bir işeňňirligi görkezilse, ýörite gulluklar tarapyndan berk gözegçilik edilýär” – diýip, synçy aýdýar.



Bu sözleri gündogar Lebap welaýatyndaky Türkmenabat şäherinde jaýlaşykly ýaşaýan özbek milletiniň wekillerinden bir aýal tassyklady.



Onuň sözlerine görä, özüni “ikinji sort adamy” hökmünde duýýaň we “garşylygyňy ýa-da närazylygyňy bildirmekçi bolanyňda, çydamagy we dymmagy talap edýän hemme ýere ýetişýän DHG-nyň” öňünde hemişe gorkyny duýýaň.



Tatar obşinasynyň agzasy bolan Roza, etniki azlyklara bolan “konfrontasiýa” duýgusy ýagdaýy erbetleşdirýär we häkimiýet Türkmenistanda bar bolan ähli etniki birleşmeleri kanunlaşdyrmaly diýip, aýdýar.



“Bizi yzarlamagy bes etmeli, hasaba alnyp, arkaýyn işlär ýaly mümkinçilik bermeli” – diýip, Roza gynanç bilen aýdýar.



Ýagdaýy gowulandyrmak üçin häkimiýet radikal çäreleri geçirmeli diýip, hukuk goraýjylar aýdýarlar. Bu çäreler kanuny özgertmekden tä milli azlyklara bolan dözümlilik garaýyşyny terbiýeleýän milli meýilnama kabul etmegine çenli özüne alýar.



Emma çalt netijä garaşmaly däl.



“Radikal ädimlere häkimiýet özüni taýýarlasa-da, häli köp wagtlap karar kabul edýän wezipeli adamlarda berk ornaşan endigiň güýji, başarnyksyzlyk, “bir zada duçar bolaýmaly”diýen gorky ýüze çykar” – diýip, kommentatorlaryň biri aýdýar.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists